Salam www.talyplar.com-yň mähriban agzalary, ýagny dostlarym, agalarym, jigilerim, uýalarym, ekelerim!
Agşamyňyz haýyrly bolsun, Giç ýagşy.
Indi tema geçsek, Agzalar näme üçin saýtda uruş dawa edýäňizler? Özüňiziň agza bolanyňyza häli 2-3gün bolup gelýär! @yekejam atly agza hakynda biderek pikirleri orta atypsyňyzlar, milletparazlyk edipsiňizler....
Dostlarym, geliň indi mundan beýläk agzybirje bolup, 5welaýat 5dogan bolup gireli! Hemmämiz hem adam çagasy, saýtymyzy beýleki saýtlardan aktiw ýagdaýa getireli. Tüweleme, soňky wagtlar aktiw agzalar köpeli, ýöne şu wagt iň aktiw bolup gyzykly mowzuklar açyp durany "Realist" atly agza! Berekella dost:)
Agzalar hiç wagt biri-biriňizden öýkeli, kineli bolup ýörüşmäň! Meni hem birwagtlar Internet söýgüsiniň üstünde 2-3sany agzanyň aýdan paýyş sözleri ýadymdan çykanok, ýöne nätjek alaç ýok, edip biljek işim ýok. Şonuň üçin agzalar biri-birimiziň göwnümize degmän, agzybir bolup, dostana gatnaşykda bolaly. Dogrumy aýtsam men, şu saýta 4ýyldan bäri girýärin, ýöne şu 4ýylyň içinde özüme öz etrabymdan 4sany ýakyn dost tapdym, iň oňat görýän dostumyň biri hem @Atash_Zergar! Özi agza bolmasada ýazýan mowzuklarymyzy sypdyrman okaýar.....
Aýdara zat kän, esasy agzybir bolaly!

#Perhat Sabirovv
16.12.2020ý 1:22

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir