Duşuşyk gurnapdyk 9 Martda. Duşuşykda käbir kararlary alypdyk. Şolardan iň wajyplaryndan biri hem türkmen dilindäki sahypalardan, aýratynam, www.tmolympiad.org, www.talyplar.com, www.gozyetim.com, www.gybat.net, www.yslam.info ýaly sahypalardan oňat ýazgydyr makala, degişmedir goşgylaryň alynyp, redaktirlenip gazetlerde çap edilmegi hem-de redaktirlenmän, edil bolşy ýaly edip, aýratyn kitapjyk çykartmak barada alynan karar bolmaly. Bu iki ýagdaý, başarylyp bilnen ýagdaýynda, elbetde, türkmen dilindäki sahypalaryň hilini beýgeltjegi ikuçsyzdyr. Ilki bn “bu sahypalaryň atlaryny gazetlerde türkmen halkyna tanatmaly, soň bolsa içindäki ýazgylar bn hyzmat bermeli” diýen karara gelinipdi. Bu babatda Nesil gazediniň redaktory kakamyrat Rejepow we ýazyjy we şahyr bolan Hydyr-Ylýas agalar bn görüşilipdi. Ýakynda, enşallah, netijesini görüp bileris. Munyň üçin biz sahypalarda bar bolan oňat ýazgylary teklip etmeli we kabul edilen ýagdaýynda ýa özümiz, ýa-da gazet redaksiýasy şol ýazgydyr goşgylary redaktirläp çap etmeli. Kitapjyk barada bolsa: Sahypalardaky ähli ýazgylardan bölümler döretmeli diýen karara gelipdik, ynha, şeýle: 1-Kitapjyk 40 sahypadan ybarat bolup biler; 2-Başlangyç üçin alty bölümden ybarat bolmaly: a-Makalalar; b-Hekaýalar; ç-Goşgylar; d-Degişmeler; e-Söhbetdeşlikler; f-Garyşyk(?!) Indi şu bölümler boyunça-da ýazgylar arasynda iň oňatlaryny saýlamaly aýratyn blogdyr mowzuklar bn. Garaz, men şu ýerde boldy edeýin. Indi siziň teklipleriňize garaşýan! Haýsy ýazgydyr goşgylar we ş.m. gazetde çap etdirilmeli, haýsylary ilkinji çykjak kitapjykda ýer almaly?! Aýdyp oturyň! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir