Mugallym ol günki dersde okuwçylardan “Häzirki döwürde dünýäde ýedi täsinligiň näme bolup biljekdigi” baradaky pikirlerini ýazmagy talap etdi. Kagyz we galamlar çykaryldy, pikirler ýekän-ýekän kagyzda öz beýanyny tapmaga başlady, synpyň agramly böleginiň taýýarlan sanawynyň şu şekildedigi belli boldy. 1. Müsüriň beýik piramidalary 2. Täçmahal 3. Beýik Kanýon 4. Panama kanaty 5. Empraýr Steýt binasy 6. Keramatly Peter bazilkasy 7. Hytaý diwary Emma mugallym okuwçylaryň kagyzyny ýygnaýarka, yzky partalaryň birinde oturan bir gyzjagazyň heniz hem kagyzyny bermändigini gördi. Ýanyna baryp mähirli ýagdaýda: “Ýumuş bilen baglanşykly kynçylygyň barmy?” diýip, sorady. Gyzjagaz: “Hawa, bar. Şeýle ajaýyp we täsin zat kän welin, arasynda haýsylaryny saýlajagymy bilemok!” diýip, jogap berdi. Mugallym bu okuwçysyna: “Hany, aýt bakaly, seniň sanawyňda nämeler bar, belki biz hem saňa kömek ederis!” diýip goltgy berdi. Gyzjagaz synpda ümsümlik aralaşandan soňra okamaga başlady: “Meniň pikirimçe, dünýäniň ýedi ajaýyplylygy şular: 1. Görmek 2. Eşitmek 3. Ellemek 4. Datmak 5. Duýmak 6. Ýylgyrmak we 7. Söýmek…”Otagda dym-dyrslyk höküm sürdi.. Kiçijik gyzjagaz örän möhüm durmuş sapagyny beripdir: Şertli garaýyşlarymyz sebäpli, ýönekeý, adaty hasaplaýan we şonuň üçin-de gözden salýan zatlarymyz hakykatda hiç bir zat bilen deňäp bolmajak derejede täsindir.

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir