Haçanky täzelik weli bu hakda hiç kim hiç hili tema açman geçdi! Her kim öz pikirini aýdaýsyn şu hakda peýdalary bilen zyýanlaryny! Men bolsa özümiňkini aýdaýyn. Gymmatlany gowy bolmady minuslary köp meň pikirimçe. Öz ýurdumyzda önüp, ýetip duran zady gymmatlatmak gerek daldi. 1aýyňa 120 litr. mugt berilýä olam nämä ýetýä aňyry gitse 5 günüňe ýeter. Eýýäm düýnden başlap oçyr diýýäler zaprawkalar urş ölüşik TM-lar bilýändir. A beýleki ýurtlarda benziniň bahasy näçekä?! Bizdäki şu wagtky baha bien deňmikä?? Köp harytlar maşynly getirilýä indi olaram gymmatlar, zatlaram gymmatlar. Bolýa aýlygy galdyrdy ýöne aýlyk bilen deň derejede zadam galýada onsoň kän bir üýtgeşme bolanogam gaýtam biraz kynlaşýa diýäýmeseň. Benzin arzan wagty daşary ýurtlar alyp gidýädi. Näme üçin şolaryň öňüni alman bütün halkyň ýagdaýyna kynlaşdyrýa. Umuman menä şu düşünşime görä gowy däl. Belkide häzir belli bir norma barmansoň kynyrajyk görünýändir soň kynam bolmaz. Belki ýalňyşýandyrn kimdir biri gowy tarapyny görýän bolsa aýtsa belki meň boş kelläm bir zatlara düşünerdi!!

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir