Metin Günaýyň baştutanlygynda özbekçe hem türkçe Mendirman Jelaleddin (özbekçe: Mendirman Jaloliddin) türkçe bolsa ''Sähralygyň Arslany Jelaleddin'' (Bozkır Arslanı Celaleddin) ady bilen Türkiýanyň Atv kanalynda 21.05.2021-nji ýylda ekeranlaşdyrylan köpbölümli kinofilmi kän bir tomaşaçylaryň gyzygyny gazandyrmadymyka diýýärin. Kinony özbeksiz, türkleriň özleri düşüren bolsa has gowy bolardy. Sebäbi kinofilmde özbek medeniýeti janlandyrylýar we ol döwürde intek özbek diýilýän zadyň pyntygam dünýä inenokdy. Türk medeniýetinde bolsa gowy bolsa-da bolardy welin artistleri hem ol diýen göwnüňi suw içirenok.
Jelaleddiniň heleýi dagy Jelaleddiniň ejesi ýaly bolup görünýär. Ullakan ýüzli, eginlek, daýaw zenan bar garşyňda... Ýöne kinoda bir halan zadym Jelaleddiniň ejesi Aýçiçek hatyny türkmen aýalynyň keşbine gaty meňzetdim. Muhammet şa hem özbek tahýaly, zatly... Ondan kinony düşürmedik bolsalar gowy bolardy...
Beý diýsemem diýýän welin ýokdan gowy ýöne şol kino... :)
Dagam çykaryp bilmedik kinoňy türkler bilen özbekler çykararda.
Bizem bir gün taryhymyza eýe çyksakdyk!
Sähralygyň Arslany Jelaleddin (''Bozkır Arslanı Celaleddin'') kinosy hakynda
-
Jeksparro
3 years ago
- @Pegas, şo ýerinde menem ikirjiňlendim... Bolýar düzetjek häzir... Düzedişiňe sag bol!
-
Pegas
3 years ago
- "Sähranyň" diýseň вообще gowy boljak eken. Sögäýme ýöne, "Uzynyň akly giç gelýär" 😁
-
Jeksparro
3 years ago
- 😂😂@Pegas,
-
Гость
3 years ago
- Biziňkiler düşürse komediýa öwrüläýmese(özümä soňky çykarlan türkmen kinolary görsem gülkim tutup başlaýa)
-
Pegas
3 years ago
- @Гость, hemem Jelaleddiniň rolunda Azat Dönmez ýa-da Hemra Rejep, Horezmşahyň rolunda Akyş Sapar, Türkan Hatynyň rolunda Jemal Sapar, Jelaleddiniň söýgülisiniň rolunda-da Gülälek Gulmyradowa ýaly biri oýnar.
-
Гость
3 years ago
- Pegas :))
-
Jeksparro
3 years ago
- @Гость, ýöne biziň terbiýeçilikli, maşgala arasyndaky gatnaşyklara degişli kinolary gaty manyly eken. Özem hakyky real zatlar düşürilipdir şonda. Men-ä käbirlerini haladym...
-
LadaKalina.
3 years ago
- garly kaka haysy roly bererlerka?)
-
soho
3 years ago
- aktyorçylyk sungatyny añrybash alyp çykan (yurege dushen) turkmen aydymçylarynyñ oynamadyk "Durmush kyssalary" atly turkmen filmi erbet hem bolmandyr...
-
Гость
3 years ago
- Jek,menä gowy kinosyna gabat gelmedim.
-
LadaKalina.
3 years ago
- "sana eje diymerin" ine kino
-
zumerchi
3 years ago
- turkmenler basharmasa ozbekler eye chykmaly bolyar'da! ay bolya name diyjek...
-
Jeksparro
3 years ago
- @zumerchi, şodaraý, näme etjek, öldürjekmi ýa çapjakmy sen aýt? 😁
-
zumerchi
3 years ago
- 😁😁
-
*Hemedany
3 years ago
- Elime cipsi yanymada kola alyp tomasha etjek.
-
Manikarnika
3 years ago
- Kinony men halamadym. Yone Jelaleddini soydumda 😍😍😍
Pegas 3 years ago- "Sähralygyň" diýseň bolýar, @Jeksparro)) Sähra - at, sähraýy - sypat.