»®« Telefon bilen ýaşamaga şeýlebir öwrenişipdirin welin, ýöräp barýarkam "pikirler-de" ýazamda ýykylyp bir ýerimi agyrtmakdan dälde, harp ýalñyş göýbermekden gorkýan. 
»®« Howa gyzgyn, balyklar hem derleýändir diýip, akwarýuma buz ýaly kola guýdum. Göräýdä bulary. Begenjinden ýaña hemmesi arkan ýüzüp başlady.
»®« Jalaý gözler bilen gapdalymdaky stolda kokteýl içip oturan gyza seredip durkam: «Nämä seretýäñ, haýwan?» - diýende, göz ýetirdim men Shah Rukh Khana dälde, Ýalmoguzhana meñzeýän ekenim. 
»®« Tok sönende «bä, diñe biziñki söndimi-kä» - diýip, daşaryk çykyp seretýän adamdan zyýan gelmes. 
»®« Eneme oýun edip: «Ene! Sen dagy ýaşa entäk, alem.su saýtyna girmelä. Deñ-duşlaryñam bar» - diýsem, «Dotsluk ugrat, kabul edeýin. Nigim "Crazy girl"» - diýdi. Men häzirem şokda. :shok: 
»®« - Jora, sakgyjyñ barmy? 
- Bar, ýöne saña ýok. 
- Mugallym, Maýa sakgyç çeýneýär. 
»®«  Erkekler, bir gyz «üşedim» - diýende: gujaklaýanlar, kastýumyny berýänler we «menem» - diýip, jogap berýän kemallary hasaba alsak, üç topara bünýär. 
»®«  Öýde ýeke wagtyñyz aşhanadan tykyrdy sesini eşideñizde "öw", "alýow" ýa-da şuña meñzeş ses çykarýanlar, sesiñize bir jogap gelse, käbir ýakymsyz yslaryñ peÿda boljagny bilýän.
»®« Giren gabynyñ şekilini alýan madda suwuk madda diýilýär. Ýöne, bul esasda alsak arak suwuk madda däldir, Sebäbi arak adama täzeden şekil berýän. 
»®« Telefon belgiñi "kontaktdan" pozdym, Birden ýalñyşyp jañ edeñde ekranda adyñy okap, tolgunmakdan ýaña ýüregim ÿarylmasyn diýip. 
Bolmasa maña näme unutdym elbetde. 
»®« Awtobusda, filmlerdäki ýaly duýguly sahnalary janlandyrmak isläp kellämi aýna ýasladym... 
minutda altymyş gezek kellämi aýnana urdym. 
»®«  Pulyny töläp kursa gatnardyr, Mugallym gelmese "urraaa" - diýip begenerdik. Baýmydyk, kemalylmydyk? bizä düşünmän galdyk. 
terjime: @Allaberdi T.Ç 
çeşme:  sevilensozler.com
»®« II
- 
                Perhat Sabirovv
                5 years ago
                
- 1-nji okap öz bolşum göz öňüme gelip gitdi. Minnetdar Allaberdi dost!
- 
                Jupiter_Fire
                5 years ago
                
- Baş üstüne okanyñyz üçin minnetdar
- 
                MrOKaS
                5 years ago
                
- +++
soho 5 years ago- гаты говы +++++