Jokowiç «Masters» ýaryşlarynda karýerasyndaky 400-nji ýeňşini gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç «Masters» ýaryşlaryndaky karýerasynda 400-nji ýeňşini gazandy. Serbiýaly tennisçiniň öňünde Nadalyň rekordynyň yzyndan ýetmek üçin 6 ýeňiş galdy.
Ol nobatdaky ýeňşini Indian-Wellsde geçirilen ATP 1000 ýaryşynyň ikinji tapgyrynda awstraliýaly Aleksandar Wukiç bilen oýunda gazandy.
«Mastersdäki»...

Dowamy »

313 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Jokowiç 8 ýyl dünýäniň birinji raketkasy boldy, Nadal – 2 esse az

Dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç karýerasynda 416-njy hepdäni ATP-niň reýtinginiň birinji ornunda başlaýar. Bu dogry sekiz ýyla deňdir (ýylda 52 hepdeden 416 hepde). Bu barada championat.com habar berýär.
Bu görkeziji boýunça ikinji orny eýeleýän şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer ATP-niň reýtinginiň birinji ornu...

Dowamy »

332 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Garri Keýn Bundesligadaky ilkinji möwsüminde dört het-trik eden ilkinji oýunçy boldy

«Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn Bundesligadaky ilkinji möwsüminde dört het-trik eden ilkinji oýunçy boldy. Bu barada Mirror habar berýär.
9-njy martda Germaniýanyň Bundesligasynyň 25-nji tapgyrynyň oýny geçirildi, onda «Bawariýa» bilen «Maýns» duşuşdy. Ýer eýeleri 8:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandylar. Mýunheniň toparynyň düzüminde angli...

Dowamy »

291 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Mançester Ýunýtaediň» iň netijeli oýunçysy Runi «Rowaýata öwrülen futbolçy» baýragyny alar

«Mançester Ýunaýtediň» taryhynda iň köp gol girizen futbolçy Ueýn Runi «Rowaýata öwrülen futbolçy» baýragy bilen sylaglanar. Bu barada baýragyň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen habarda mälim edilýär.
Guramanyň resmi web sahypasynda aýdylyşy ýaly, Runi 7-nji oktýabrda geçiriljek dabaranyň dowamynda abraýly sanawa resmi taýdan goşular....

Dowamy »

295 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Obameýang Ýewropa ligasynyň we UEFA Kubogynyň umumy taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy

Fransiýanyň «Marsel» toparynyň gabonly futbolçysy Pýer-Emerik Obameýang Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrlarynyň we ondan öňki UEFA Kubogynyň umumy taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy.
Hüjümçi Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň Ispaniýanyň «Wilýarreal» toparyna garşy birinji duşuşygynyň 42-nji minutynda penatli urgusyny dürs ýerine ýetirdi w...

Dowamy »

309 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Bellatorda Usman Nurmagomedowyň Şabliý bilen titul söweşi resmi taýdan yglan edildi

Bellator-yň häzirki çempiony Usman Nurmagomedow bilen diwizionyň birinji belgisi Aleksandr Şabliýiň arasynda ýeňil agramda titul söweşi 17-nji maýda Parižde geçiriljek Bellator Champions Seris ýaryşynyň esasy wakasy bolar. Bu barada fighttime.ru habar berýär.
Bu söweş guramanyň wekilleri tarapyndan resmi taýdan yglan edildi. Bellator tarapyn...

Dowamy »

330 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Sport taryhynda iň köp girdeji gazanan türgen belli boldy

“Sportico” neşiri taryhda iň köp girdeji gazanan türgenleriň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanaw neşiriň saýtynda berilýär.
Hasaplamada, inflýasiýa göz öňünde tutulyp, türgeniň karýerasynyň dowamyndaky we ony tamamlandan soňky zähmet haklary, bonuslary, baýrak haklary, sport bilen baglanyşykly işlerden gazanan girdejileri göz öňünde tutuld...

Dowamy »

324 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi

7-sinden 8-nji marta geçilýän gije UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi.
"Liwerpul", "Roma", "Olimpik" we "Milan" ynamly ýeňiş gazandylar, "Karabah" bolsa "Baýer" bilen oýunda soňky minutlarda ýeňşi elden gidirdi.
"Sporting" bilen "Atalantanyň" arasyndaky duşuşyk bir gün öň geçirildi we 1:1 hasabynda tama...

Dowamy »

343 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Entoni Joşua ikinji raundda Frensis Ngannudan üstün çykdy

Agyr agramda dünýäniň öňki çempiony Entoni Joşua (Beýik Britaniýa) bilen agyr diwizionda UFC-niň guşagynyň öňki eýesi kamerunly Frensis Ngannunyň arasyndaky söweş ikinji raundda Joşuanyň nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.
Birinji raundda Ngannu nokdaun ýagdaýyna düşdi. Ikinji raundyň başynda Joşua kamerunly boksçyny ýene-de nokdauna gid...

Dowamy »

330 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Teýmur Çaryýewiň gol uran oýnunda «Abdyş-Ata» AFK Kubogynyň sebitleýin finalyna tarap ynamly ädim ätdi

Gyrgyzystanyň çempiony «Abdyş-Ata» AFK Kubogynyň 2023/24-nji ýylky möwsüminiň Merkezi zolagyndaky sebitleýin ýarym final tapgyrynyň deslapky oýnunda Taýwanyň «Taýçjun Futuro» toparyny kabul edip, uly hasapda ýeňiş gazandy. Oýundaky gollaryň birine gyrgyz toparynyň türkmenistanly ýarymgoragçysy Teýmyr Çaryýew awtorlyk etdi. Duşuşyk 5:0 hasabynda «Ab...

Dowamy »

303 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

"Mançester Siti" we "Real" Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy

Ispaniýanyň "Realy" futbol boýunça Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýnunda Germaniýanyň "Leýpsigi" bilen duşuşdy. Duşuşyk Madriddäki "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirilip, 1:1 hasabynda tamamlandy.
"Realyň" düzüminden Winisius gol geçirdi (65-nji minut). "Leýpsig" üç minutdan soň Willi Orbanyň goly bilen jogap berdi. "Realyň" bi...

Dowamy »

303 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy

Fransiýanyň «PSŽ» topary ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda Ispaniýanyň «Real» (Sosýedad) toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda parižliler 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdylar.
Duşuşykda «PSŽ» toparyna ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem Kilian Mbappe (15, 56) öz adyna ýazdyrdy. Ýer eýele...

Dowamy »

306 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

UEFA Çempionlar ligasynyň şweýsar ulgamy boýunça täze formatyny düşündirdi

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) 2024/2025-nji möwsümden başlajak Çempionlar ligasynyň täze formaty barada düşündiriş berdi. Bu barada guramanyň web sahypasynda habar berilýär.
UEFA bu ýaryşda şweýsar ulgamyndan peýdalanjakdygyny aýtdy, oňa laýyklykda, 36 klub hem bir ýaryş sanawynda bolar. Her topar öz meýdançasynda we...

Dowamy »

300 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

34 medal. Türkmen taekwondo ussatlary Malaýziýada halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmen türgenleri Kuala-Lumpurda geçirilen ITF taekwondonyň olimpiýa däl görnüşi boýunça halkara açyk çempionatynda 34 medal eýelediler.
Ýaryşa 11 ýurtdan 1500-e golaý taekwondoçylar gatnaşyp, görkezme çykyşlar hem-de tutluşyklar boýunça güýç synanyşdylar. Türkmen türgenleri üstünlikli çykyşlary bilen 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal ga...

Dowamy »

290 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Duşenbede ýaşlaryň arasynda dzýudo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

Täjigistanyň Dzýudo federasiýasy bilen Halkara dzýudo federasiýasy Duşenbede ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirmek barada şertnama baglaşdy. Resminama Daşkentde gol çekildi, ýaryş 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda guralar diýip, “ASIA-Plus” habar berýär.
Täjigistanyň Dzýudo federasiýasynyň wise-başlygy Ergaş Mahmadbekow bu ýaryşyň respub...

Dowamy »

292 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

“PSŽ” we “Bawariýa” Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy

6-njy martda Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýunlary geçirildi.
Mýunheniň “Bawariýasy” öz meýdançasynda “Lasiony” 3:0 hasabynda utdy. Ýeňijileriň düzüminde iki gol bilen Garri Keýn tapawutlandy. Birinji oýunda “Bawariýa” 0:1 hasabynda utulypdy. Ýöne jogap duşuşygynda uly ýeňiş gazanmagynyň netijesinde indiki tapgyra çykdy.
“...

Dowamy »

318 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Arsenal» myhmançylykda 3 oýun bäri 5-den köp gol geçirip, Premýer-liganyň rekordyny goýdy

Londonyň "Arsenaly" Angliýanyň Premýer ligasynyň 27-nji tapgyr duşuşygynda "Şeffild Ýunaýtedi" 6:0 hasap bilen ýeňdi. Bu taryhy netije hökmünde hasaba alyndy: ýagny, "Arsenal" iňlis futbolynyň taryhynda yzly-yzyna üç sany duşuşygy 5 we ondan köp gol geçirip ýeňiş gazanan ilkinji klub boldy.
Ondan öň, "Arsenal" uly hasap bilen "West Hem" (6:0...

Dowamy »

305 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Frensis Ngannu MMA gaýdyp gelýär

Geçen ýyl PFL ligasy bilen şertnama baglaşan agyr agramda UFC-niň öňki çempiony Frensis Ngannu garyşyk başa-baş söweş sungatyna gaýdyp gelýär. Ol şu gün Raýan Beýder bilen Henan Ferreýranyň arasynda geçiriljek super söweşiň ýeňijisi bilen duşuşar.
Gurama tarapyndan ýaýradylan resmi metbugat relizinde bu barada onuň baş müdiri Piter Mýurreý h...

Dowamy »

292 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Jo Hart karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi

Şotlandiýanyň «Seltik» toparynyň 36 ýaşly derwezebany Jo Hart 2023/24-nji möwsümiň ahyrynda karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi.
«Jo ajaýyp karýerany başdan geçirdi we tomusda karýerasyny tamamlanda onuň futboly örän küýsejekdigini bilýärin. Futbolda eden ähli işleri üçin Jo uly öwgä we gutlaga mynasypdyr. Ol, elbetde, «Seltik» we umumy...

Dowamy »

298 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Futbol düzgünleriniň soňky üýtgeşmelerine gök duýduryş girizilmedi

Halkara Futbol Federasiýasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, gök duýduryş futbol düzgünleriniň soňky üýtgeşmelerine girizilmedi diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Şenbe güni Şotlandiýanyň Loh-Lomond sebitinde Halkara Futbol assosiasiýalarynyň geňeşiniň (IFAB) ýyllyk ýygnagy geçirildi. Mejlisde FIFA-nyň baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine...

Dowamy »

302 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago