IFFHS ýylyň iň gowy derwezebanyny saýlady
Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) 2023-nji ýylyň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingini hödürledi. Report agentliginiň federasiýa salgylanyp habar bermegine görä, reýtingde birinji orny Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň derwezebany Ederson eýeledi.
Hasabynda 145 utuk bolan braziliýaly futbolçy ikinji we üçünji orunla...
Mahaçew ESPN-iň garaýşy boýunça ýylyň söweşijisi boldy
Ýeňil agram derejesinde UFC-niň häzirki çempiony russiýaly Islam Mahaçew ESPN neşiriniň garaýşy boýunça 2023-nji ýylyň söweşijisi boldy. Bu barada abraýly neşiriň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.
2023-nji ýylda Islam Mahaçew iki söweş geçirdi. 12-nji fewralda Awstraliýanyň Pert şäherinde geçirilen UFC 284 ýaryşynda...
Lionel Messi MLS-iň ýedi oýnuna gatnaşmaz
“Inter Maýami” amerikan klubunyň oýunçysy Lionel Messi 2024-nji ýylda MLS-iň ýedi oýnuny sypdyrar. Report agentliginiň habar bermegine görä, bu Argentinanyň milli ýygyndysynyň tomusda Amerikanyň Kubogyna gatnaşýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Ýaryş 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda geçiriler. MLS-iň tertibiniň FIFA bilen...
«Transfermarkt» türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Germaniýanyň «Transfermarkt» portaly futbolçylaryň ýylyň ahyryndaky transfer bahalarynyň reýtingini yglan etdi. Portala görä, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2023-nji ýyldaky düzüminiň bahasy 3,30 million ýewro ýetdi.
Milli ýygyndynyň we Gonkongyň «Kitçisiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow häzirki wagtda türkmen ýygyndysyn...
Afrikada 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy saýlandy
Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň we Italiýanyň «Napoli» toparynyň hüjümçisi Wiktor Osimhen Afrika futbol konfederasiýasyna (CAF) görä, Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.
«CAF Awards 2023» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 11-nji dekabrda Marokkanyň Marrakeş şäherinde geçirildi. Osimhen 2023-nji ýylda «Napoli» toparyna 1990-njy ýyld...
FIFA-nyň «Iň gowy derwezeban» baýragyna dalaşgärler yglan edildi
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) «Ýylyň iň gowy derwezebany» baýragyna üç dalaşgäri belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda bellenilýär.
Finalçylaryň sanawyna marokkaly Ýassin Bunu, belgiýaly Tibo Kurtua we braziliýaly Ederson girdi.
Bunu geçen möwsüm Ispaniýanyň «Sewilýa» toparynyň düzüminde Ýewropa ligasynda ýeňiji bold...
Transfermarkt dünýäde iň gymmat düzümli 10 futbol klubuny aýtdy
Transfermarkt internet-portaly öz telegram-kanalynda futbol klublarynyň arasynda iň gymmat düzümleriň reýtingini ýerleşdirdi. Birinji orny Angliýanyň “Mançester Siti” kluby eýeledi – toparyň düzüminiň bahasy 1,29 mlrd ýewro barabar. Ikinji orny Londonyň “Arsenaly” eýeleýär – onuň düzümi 1,11 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar. Liderleriň üçlügini Mad...
«The Guardian» neşiri Holandy 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýip ykrar etdi
Beýik Britaniýanyň «The Guardian» neşiri «Mançester Siti» toparynyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holandy 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýip ykrar etdi.
Ikinji orny Madridiň «Realynyň» we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Jud Bellingem, üçünji orny bolsa «Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Kilian Mbappe eýeled...
Transfermarkt iň gymmat futbolçylar hökmünde Bellingemi, Holandy we Mbappeni saýlady
«Transfermarkt» portaly Ispaniýanyň «Real Madrid» toparynyň ýarymgoragçysy Jud Bellingemi, «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holandy we Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappeni dünýäniň iň gymmat futbolçylary hökmünde saýlady.
Bellingemiň, Holandyň we Mbappeniň hersiniň bahasy 180 million ýewro deňdir. Dörd...
Fabregas Italiýanyň çempionatynda çykyş edýän «Komo» toparynyň baş tälimçiliginden aýryldy
Italiýanyň Seria B çempionatynda çykyş edýän «Komo» futbol kluby resmi web sahypasynda ispaniýaly Sesk Fabregasyň baş tälimçiniň borçlaryny ýerine ýetiriji wezipesinden aýrylýandygyny, onuň ornuna uelsli Osian Robertsiň bellenendigini habar berdi.
«Komo» Fabregasyň ýolbaşçylygyndaky bäş oýunda dört ýeňiş gazandy. Habar berilmegine görä, Robe...
UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň simwoliki toparyny neşir etdi
UEFA-nyň resmi saýty 2023/2024-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryndaky iň gowy futbolçylaryň simwoliki toparyny hödürledi. Report agentliginiň habar bermegine görä, oňa Angliýanyň “Arsenal”, Germaniýanyň Dortmundyň “Borussiýasy” we Ispaniýanyň “Real Sosýedad” toparynyň hersinden iki oýunçy girdi. Şeýle-de, topara “Bawariýadan”, “Por...
Messi Nadala 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda geýen köýnekçesini sowgat berdi
Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» toparynyň futbolçysy Lionel Messi ispaniýaly tennisçi Rafael Nadala Katarda geçirilen 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda geýen köýnekçesini sowgat berdi.
Nadalyň akademiýasynyň «X» sosial ulgamynda ýazan hatynda: «Dünýä çempionatynda ýeňiji...
Dana Uaýt UFC 300 ýaryşynyň ilkinji üç söweşini yglan etdi
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt sosial ulgamlarda promouşeniň ýubileý ýaryşy UFC 300-üň çäginde geçiriljek üç söweşi yglan etdi. Bu sport çäresi geljek ýylyň aprel aýynda geçiriler diýip, championat.com belleýär.
Uaýtyň habar bermegine görä, ýarym agyr diwizionda liganyň öňki çempiony Irži Prohazki (Çehiýa) Awstriýanyň wekili Aleksandar Rakiç b...
Forbes 2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenlerini belli etdi
2023-nji ýylyň jemi boýunça iň köp girdeji gazanan zenan türgen ýekelikde dünýäniň birinji raketkasy, polşaly tennisçi Iga Swýontek boldy. Reýting “Forbes” žurnaly tarapyndan düzüldi diýip, MIR 24 habar berýär.
Türgeniň girdejisi salgytlardan we agent töleglerinden öň 23,9 million dollar boldy. Olardan 9,9 million dollary ýaryşlardaky baýrak...
“Mançester Siti” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy
Angliýanyň “Mançester Siti” kluby futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 4:0 hasabynda utdy. Report agentliginiň habar bermegine görä, duşuşyk Saud Arabystanynda geçirildi.
Oýnuň 40-njy sekuntynda “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Hulian Alwares gol geçirdi we bu klublaýyn dünýä çempionatynyň ta...
Russiýaly Biwol britaniýaly Artury ýeňip, WBA-nyň dünýä çempionlygyny gorady
Russiýaly Dmitriý Biwol 79,38 kilograma çenli agram derejesinde Bütindünýä boks birleşiginiň (WBA) wersiýasyna görä dünýäniň super çempiony diýen adyny gorady we abraýly wersiýalara goşulmaýan Halkara boks guramasynyň (IBO) dünýä çempionynyň guşagyny aldy. Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen 12 raundly duşuşykda ol biragyzdan gelnen karar bilen...
Türkmenistanyň iň güýçli agyr atletikaçylary kesgitlenilýär
Şu günler «Aşgabat» köpugurly stadionynda Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär. Düýn ― 21-nji dekabrda başlanan çempionat, ertir ― 23-nji dekabrda tamamlanar.
Ýurduň dürli sebitlerinden we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden türgenleriň 127-sini jemlän ýaryşda erkekleriň arasynda-da, zenanlaryň arasynda-da 10 agram derejesin...
FIFA-nyň zenanlar ýygyndylary boýunça reýtingi: Türkmenistan 2023-nji ýyly näçenji orunda tamamlady?
FIFA zenanlar ýygyndylarynyň 2023-nji ýyldaky jemleýji reýtingini yglan etdi. Reýtingde Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 139-njy basgançakda ýerleşýär.
Şeýlelikde, milli ýygyndy ýylyň başyndan bäri iki basgançak aşak düşdi.
Ozalky ornuny bir basgançak ýokarlandyran Ispaniýanyň ýygyndysy täze reýtinde birinji orna göter...
BAE 2028-nji ýylda Bütindünýä küşt olimpiadasyny kabul eder
2028-nji ýylyň Bütindünýä küşt olimpiadasy BAE-de geçiriler, ýaryşyň geçiriljek ýeri hökmünde Abu-Dabi saýlandy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň resmi Telegram-kanalyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
2028-nji ýyldaky ýaryşyň paýtagty ýekşenbe güni onlaýn görnüşde geçirilen Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) baş assambleýa...
FIFA täze klub ýaryşynyň döredilendigini yglan etdi
Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) öz resmi saýtynda 2024-nji ýyldan başlap FIFA-nyň Kontinentara kubogy ady bilen täze ýaryşyň geçirilip başlanjakdygyny habar berdi. Ýaryş ýylda bir gezek geçiriler diýip, gazeta.ru belleýär.
Ýaryşa ähli konfederasiýalaryň çempionlary gatnaşar. Final oýnunda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi we beýleki...