“Trabzonspor” – “Fenerbahçe” oýnundan soň futbolçylar bilen janköýerleriň arasynda uly dawa turdy

Superliganyň 30-njy tapgyrynyň “Trabzonspor” bilen “Fenerbahçäniň” arasyndaky oýny janköýerler bilen futbolçylaryň arasynda dawanyň bolmagy bilen bulaşdy.
Trabzonda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 3:2 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. “Fenerbahçe” Frediň (“MÝ-niň” öňki ýarym goragçysy”) iki goly netijesinde hasabyna iki topy ýazdy, ýöne oýnuň...

Dowamy »

303 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Arylar tennis ýaryşyna hüjüm etdiler. Alkaras bilen Zwerewiň arasyndaky oýun togtadyldy

Indian-Uellsde geçirilen “Masters” tennis ýaryşynyň çärýek finalynda täsin bir waka boldy. RIA Nowostiniň berýän habaryna görä, Karlos Alkaras (Ispaniýa) bilen Aleksandr Zwerewiň (Germaniýa) arasyndaky oýun arylaryň hüjümi sebäpli togtadyldy.
Ilkinji setde hasap 1:1 bolanda birden ýüzlerçe ary peýda bolup, eminleri oýny togtatmaga mejbur etd...

Dowamy »

333 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Gresiýanyň Olimpiýa komiteti Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasyny üýtgetdi

Şu ýyl Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy uly özgerişlikler bilen geçiriler – Gresiýanyň Olimpiýa komiteti täze baş ruhanyny, ruhanylaryň täze eşiklerini we täze kompozitory, şeýle hem olimpiýa toparynyň lybasyny tanyşdyrdy diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Olimpiýa alawy 16-njy aprelde gadymy Olimpiýa oýunlarynyň watany bolan Gadym...

Dowamy »

332 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

FIFA 2026-njy ýyla çenli futbol ösüşine rekord derejede maýa goýar

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) Geňeşi 2023-2026-njy ýyllar üçin futbol ösüşine rekord möçberde 2,25 mlrd dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Bu 2016-njy ýyla çenli hereket eden ösüş maksatnamalary bilen deňeşdirilende futbol ösüşine maýa goýumlaryň tas ýedi esse ýokarlandyrylmagydyr....

Dowamy »

311 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Horhe Maswidal bilen Neýt Dias boks düzgünleri boýunça söweşer

UFC-niň öňki söweşijisi Horhe Maswidal bilen MMA-nyň meşhur amerikaly söweşijisi Neýt Dias boks düzgünleri boýunça söweşer. Bu barada belli insaýder we žurnalist Ariel Helwani habar berdi diýip, championat.com belleýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 79 kg çenli agram derejesinde 10 raundlyk söweş Inglwudda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriler. Ol şu...

Dowamy »

335 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýewropa ligasynyň çärýek finalçylarynyň ählisi beledi boldy

Ikinji möhüm ýewrokubok ýaryşy bolan UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň jemleýji oýunlary tamamlandy.
Şeýlelikde, Ýewropa ligasynyň 1/4 finalyna “Liwerpul”, “Marsel”, “Roma”, “Benfika”, “West Hem”, “Atalanta”, “Milan” we “Baýer” çykdy. Bije çekişik 15-nji martda geçiriler.
Dörtden bir finala çykanlaryň hiç biri öň Ýewropa ligasy...

Dowamy »

287 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygynda Gazagystandan utuldy

14-nji martda Dubaýda (BAE) Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gazagystanyň toparyna garşy geçirilen ýoldaşlyk oýnunda utuldy. Oýun 2:0 hasabynda tamamlandy.
Oýun taraplaryň özara ylalaşygy netijesinde ýapyk görnüşde geçirildi. Toparlar resmi oýunlardan öň “öz güýçli we gowşak taraplaryny” kesgitlemek islediler diýlip, Türkmenistanyň milli ýygyn...

Dowamy »

275 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan we Gazagystan Dubaýda ýapyk tertipde ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

14-nji martda Dubaýda (BAE) Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Milli ýygyndylaryň ikisi hem bu duşuşyga saýlama tapgyryň oýunlaryna taýýarlyk hökmünde garaýarlar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Türkmenistan Dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyrynda Eýranyň milli ýygyndysy...

Dowamy »

313 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Eýran bilen oýundan öň Dubaýda türgenleşik geçer

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň Eýranyň toparyna garşy oýnuna taýýarlanyp başlady. Baş tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky futbolçylar 19-njy marta çenli dowam etjek türgenleşigi geçmek üçin Dubaýa geldiler.
Soňra türkmen topary Tährana ugrar we 21-nji martda “Azadi” stadionynd...

Dowamy »

333 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

“Atletiko” we “Borussiýa” Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy

Madridiň “Atletikosy” we Dortmundyň “Borussiýasy” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalyna çykan soňky iki klub boldy.
“Atletiko” 1/8 finalyň jogap oýnunda “Metropolitano” stadionynda Milanyň “Interini” utdy. Toparlaryň arasyndaky birinji oýun “Interiň” peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlanypdy. Jogap oýnunda hasaby milanlylar açdy. 33-...

Dowamy »

314 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Çempionlar ligasy emeli aň ulgamyny girizýär

Futbol boýunça Çempionlar ligasynyň bije çekişligi indiki 2024-2025-nji möwsümde doly kompýuterleşdiriler we guramaçylara kömek etmek üçin emeli aň ulanylar.
Meşhur Sky Sports neşiriniň çeşmesiniň habar bermegine görä, bu ilkinji nobatda, toparlaryň arasynda bije çekişlige täsir eder: birinji tapgyrda gibrid usulynda bije atylar: gatnaşmak ü...

Dowamy »

321 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

WBC Joşuany çempionlyk söweşine dalaşgär görkezdi

Boks boýunça has agyr agram derejesinde dünýäniň ozalky çempiony britaniýaly Entoni Joşuanyň Aleksandr Usik bilen Taýson Fýuriniň arasyndaky söweşde ýeňijiniň garşydaşy bolmak ähtimallygy örän ýokary.
Ozal habar berlişi ýaly, Joşua geçen hepdäniň ahyrynda Saud Arabystanynda UFC garyşyk söweş sungatlary ligasynyň ozalky çempiony nigeriýaly Fr...

Dowamy »

296 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Kriştianu Ronaldu bilen "Al-Nasr" AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyndan gaýtdy

"Al-Nasr" saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykyp bilmedi. Ol penalti tapgyrynda BAE-niň "Al-Aýn" toparyndan utuldy. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun BAE-de geçirilip, "Al-Aýnyň" 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.
Jogap oýnunda "Al-Nasr" 4:3 hasabynda utup bildi, ýöne penalti tapgyrynda saudlylar ýeňlişe sezewa...

Dowamy »

318 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ronaldu klub derejesinde 750-nji goluny saldy

«Al-Nasr» Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynda «Al-Aýndan» ýeňildi (iki oýnuň jemi hasaby 4:4, penalti – 1:3).
«Al-Nasryň» hüjümçisi Ronaldu oýnuň 118-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirdi. Bu gol 39 ýaşly portugaliýaly futbolçynyň klub derejesinde 750-nji goly boldy (Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky gol...

Dowamy »

324 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen hokkeýçileri Bişkekde dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandylar

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Bişkekde geçirilýän Dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandylar.
Toparlaýyn tapgyryň ikinji oýnunyň çäklerinde Türkmenistan 4:3 hasaby bilen Günorta Afrika Respublikasyndan üstün çykdy.
10-njy martda birinji oýunda türkmen hokkeýçileri şol hasap bilen Lýuksemburgdan asgyn geldiler.

Dowamy »

306 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Mohammed Ali WWE-niň Şöhrat zalyna giriziler

Ady rowaýata öwrülen amerikaly boksçy we 81 kg çenli agram derejesinde 1960-njy ýylyň Olimpiýa çempiony Mohamed Ali WWE-niň (World Wrestling Entertainment) Şöhrat zalyna giriziler. Bu barada guramanyň ýolbaşçylygy resmi taýdan habar berdi diýip, championat.com belleýär.
Mohammed Ali köp hünärmenler tarapyndan ähli döwrüň iň gowy boksçysy has...

Dowamy »

320 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

UEFA Çempionlar ligasy: «Barselona» we «Arsenal» çärýek finala çykdylar

13-nji marta geçilen gije (Aşgabat wagty bilen) UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň "Barselona" bilen "Napoliniň", şeýle-de "Arsenal" bilen "Portunyň" arasynda jogap oýunlary geçirildi.
Ispaniýanyň "Barselonasy" bilen Italiýanyň "Napolisiniň" arasyndaky birinji oýun 1:1 hasabynda tamamlanypdy.
Jogap duşuşygynda Kataloniýa topa...

Dowamy »

319 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

"Al-Hilýal" AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda "Al-Ittihady" utup, ýeňişli tapgyry boýunça dünýä rekordyny goýdy

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynyň jogap oýnunda Er-Riýaddan "Al-Hilýal" futbol kluby Jiddadan "Al-Ittihady" (ikisi-de Saud Arabystany) 2:0 hasabynda utdy.
Ýeňiş "Al-Hilýala" yzygider 28-nji oýny utmak bilen, ýeňişli tapgyrynyň dowamlylygy boýunça täze dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi.
Belläp geçsek, "Al-Ittih...

Dowamy »

307 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen para-pauerliftingçileri Dubaýda geçirilen Dünýä kubogynda alty medal gazandylar

Türkmenistanyň wekilleri Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) tamamlanan para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda medallaryň altysyny gazandylar.
Para-pauerlifting daýanç-hereket ediş agzalary zelelli adamlar üçin sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar. Türgen maşklary ýerine ýetiren wagtynda bedeniniň ýokarky bölegi...

Dowamy »

340 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Döwletjan Ýagşymyradowyň täze garşydaşy we tutluşygynyň senesi belli boldy

MMA-nyň 34 ýaşly türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow (21-7-1) 12-nji aprelde Las-Wegasda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder. Onuň garşydaşy sloweniýaly Jeýkob Nedo (8-1) bolar. Söweş promouşeniň resmi saýtynda anons edildi.
Ýarym agyr agramda söweş PFL-2024 Gran-prisiniň bir bölegi bolar, bu ýerde söweşijiler çempionlyk guşagy we 1 ml...

Dowamy »

300 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago