«Barselona» maliýe hasabatyndaky düzgün bozulmalar bilen baglylykda, UEFA bilen jezany ýeňilleşdirmek boýunça ylalaşdy. «Diario Sport» neşiriniň maglumatlaryna görä, UEFA klubuň maliýe hasabatyndaky nädogry maglumatlar sebäpli salynjak jerimesini 60 million ýewrodan, takmynan, 20 million ýewro çenli peselder. Gurama kluby girdejisini UEFA-nyň düzgünlerine laýyklykda görkezmän, nädogry görkezendigi üçin jezalandyrypdy. Bu esasan-da, La Ligada adaty girdeji hökmünde kabul edilýän, emma UEFA tarapyndan adatdan daşary serişdeler hasaplanýan maliýe ryçaglaryndan gazanylan girdejilere degişli. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, «Barselona» jerimäniň möçberini üç esse azaltmak boýunça UEFA bilen ylalaşdy. Munuň üçin klub 3 ýylyň dowamynda birnäçe talaby doly berjaý etmeli bolar. Klub deňagramly býujeti saklamagy, çykdajylary we aýlyk haklaryny gözegçilikde saklamagy, şeýle-de UEFA düzgünlerinde göz öňünde tutulmadyk maliýeleşdiriş usullaryny ulanmazlygy boýun alýar. Gözegçiligiň La Liganyň maliýe gözegçilik kadalary esasynda geçirilmegine garaşylýar. Eger-de şertler berjaý edilmese, «Barselona» doly jerimäni – 60 million ýewro tölemeli bolar. Mundan başga-da, UEFA goşmaça çäklendirmeleri, şol sanda ýewropa ýaryşlaryndaky topar sanawynyň azaldylmagy ýa-da utuklaryndan mahrum edilmegi ýaly çäreleri hem göz öňünde tutýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir