Abraýly futbol baýragy bolan «Altyn top» (Ballon d'Or) baýragyna dalaşgärler 7-nji awgustda yglan ediler. «France Football» neşiriniň resmi hasaby möwsümiň iň gowy oýunçysy bolmaga dalaş edýän futbolçylaryň adynyň şol gün yglan ediljekdigini tassyklady. Baýrak gowşuryş dabarasy 22-nji sentýabrda Pariždäki «Şatle» teatrynda geçiriler. 2024-nji ýylda geçirilen soňky dabarada «Altyn top» baýragyna «Mançester Sitiniň» we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Rodri mynasyp bolupdy. «Altyn top» baýragynyň ýeňijisi nädip kesgitlenýär: Ilkibaşda «France Football» bilen «L’Équipe» redaksiýasy erkekler kategoriýasy boýunça 30 oýunçydan ybarat gysga sanaw düzýär. Soňky karary halkara eminler topary kabul edýär – FIFA-nyň top-100 reýtingindäki her ýurtdan bir žurnalist ses berýär. Her bir žurnalist iň gowy 10 oýunçyny saýlaýar. Olar üç görkeziji boýunça baha berýärler: şahsy görkezijiler, topar bilen gazanan üstünlikleri we adalatly oýun (fair play). Sesler şeýle paýlanýar: 1-nji orna – 15 utuk, 2-nji orna – 12 utuk, soňra – 10,8,7,5,4,3,2 we1. Iň köp utuk toplan oýunçy ýeňiji bolýar. Eger-de deňlik ýüze çyksa, ilki bilen iň köp birinjilige, soň ikinjilige ýazylanlar we ş.m. göz öňüne tutulýar. Mysal üçin, aýdaly, Maksadyň we Merediň hersi 80 utuk toplan bolsun. Maksat žurnalistleriň ses berişlikdäki onluk sanawlarynda birinji orna 5 gezek, Meret bolsa 3 gezek ýazylan bolsun. Şunda, Maksat baýragyň ýeňijisi hökmünde kesgitlenýär.