Kolizeý

Kolizeý dünýäniň jahankeşdelerini özüne çekýän Rimiň iň gelim-gidimli ýeridir. Kolizeý biziň eýýamymyzyň 72-nji ýylynda gurlup, ol dünýäde iň uly açyk meýdan sahnasy hasaplanylýar. Kolizeý 189 metr uzynlykda, 156 metr inlilikde, 24000 inedördül metr meýdanly, 48 metrden gowrak beýiklikde ellips şekilli binadyr. Onuň gurluşygynda ulanylan mermeriň u...

Dowamy »

1218 0
Edebiýat, Agashka. tarapyndan 5 years ago

TURKMENDIR

Gerchek yigit, goch yigit, oylan, parasat eyle,
Turkmeni beyik edip biljek dine turkmendir!
Zyyarat kyl gechmishe, geljege sapar eyle,
Turkmeni beyik turkmen edip biljek — dine turkmendir!

Turkmen ogly shir ogludyr, shir balasy shir bolar,
Egniñ gysmak, yuzun asmak namys bolar, ar bolar.
Il-gun uchi...

Dowamy »

1227 7
Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 5 years ago

Her kimiň öz paýy (Slowak tymsaly)

Kiçiräk şäherleriň birine çykyş etmek üçin sazanda gelipdir. Ol şäherjigiň tomaşa jaýyna barsa, asla hiç kim ýok diýen ýalymyşyn. Käýerde bir adam otyr diýýar. Sazanda öňki hatarda ýeke özi oturan tomaşaça ýüzlenipdir:
-Näme, adamlar meniň çykyşymyň boljagyny bilmedilermikä?
-Ony-ha biljek däl. Özüm-ä tötänden eştdim-diýip, jogap ber...

Dowamy »

1143 3
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 5 years ago

“Ýaşa, dünýäm!..”

Ömrümiz yşk meýidir, barlyk bolsa bir bada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Ähli gowulyklary görer ýaly birbada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!

Özüňi aýa, Aýym!
Baryňda göwnüm gurgun,
Düşlemen özge ýerde, bes maňa seniň kalbyň!
Haçan bolsa-...

Dowamy »

1197 6
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

Kyýamat / Fantastiki hekaýa

1-nji bölüm
Mämmedi surnaýyň sesi oýardy. Surnaýyň sesi ilki başda düýşde eşidilip başlady. Soň asta asta hakyky dünýä hem ornaşdy. Ýa-da Mämmediň özi hakyky dünýä ornaşdy? Ol näçe sagat ýatdy? Eger Mämmetden sorasaň ol ýarym gün, ýa-da bir gije ýatdym diýerdi. Ýöne ol örän ýalňyşardy. Mämmet öz öýünde oýanmady, ol köne öwülýada oýandy. Ol ö...

Dowamy »

1483 8
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Mährijemal(Nowella)3#

Men muny sana birmahal aytmalydym, yone wagt geler, hemme zat oz-ozunden yerbe-yer bolar oytdum. Men hazir, su pursatda meselani ozumin cozmelidigime dusundim-diyende, Mahrijemalyn elinden tasdanam telefony gacypdy. Ol yene ozuni dursap, dinlemegini dowam etdi.
-Mahrijamal, yadyna dusyarmi-dusmeyarmi bilmedim, mekdepde okayan mahallarymyz bi...

Dowamy »

1183 2
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 5 years ago

ÇORY GÜLKÜSI/Hekaýa

Bu tragediýa eýýäm geçmişiň saralyp giden sahypasy. Muny maňa gürrüň berenlerem dünýeden ötdüler. Olara-da «köneler» gürrüň berenmiş. «Ýagşy edep – ýagşy däp, ata-baba döwrebap» diýipdirler. Gürrüň bermek gezegi meniňki.
Ony dokuz ýaşyndaka, çorluja goşaryndan tutup, Atabaý tümen diýilýän adamyň gapysyndan getiripdirler. Sekiz ganat ak öýüň...

Dowamy »

1143 0
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

Ala taýakly / satiriki hekaýa

Be, bu gün alataýaklylara näme bold-aý?! Bular maña halys gün berjek däller-ow. Hanha öñde ýene-de biri Garaçomak ýaly gazarylyp dur. Şu ýerden hyrra yzyma öwrülip jyraýsam näderkä? Aý, ýok, bulardan beýdib-ä sypyp bolmaz. Soñ tutaýsalar, edil körüñ eline büre düşen ýaly ederler.
Nätsemkäm? Olaryñ birentegi gaty berebekgeý, how, höre-köşäñe-...

Dowamy »

1071 1
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

Uzuklar / rowaýat / bir aýdymyñ taryhy

Ir zamanda Pendi çöli üç hanlyga degişli bolupdyr. Ol üç hanlaryň perzendi dünýä inse-de durmandyr. Olar bir-iki hepde şatlanyp-şatlanmakalar sähra ýene gara lybasa bürenipdir. Hanlar öz başlaryna düşýän musallaty diňe Hudaý tarapyn diýip düşünüpdirler. Onsoň olar Hudanyň hatyrasyna eçilip bilenini eçilip, Hatam taý ýaly, garyp pukaralara zat paýla...

Dowamy »

1128 0
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

ENE ÝÜREGI /Wasiliý Şukşin/ hekaýa

Witka Borzenkow raýon merkezindäki bazara gidip et satdy (Ol öýlenjek bolýardy,
pul zerur gerekdi). Bazarlyk işini bitirensoň, ol larýoga bardy-da, bir-iki bulgur
çakyry jyňkydyp, daş çykdy. Ol çilim çekip durka, ýanyna bir ýaş gyz geldi-de:
— Çilim otlaýyn-la! — diýdi.
Gyz çilim otlap durka, Witka ony elin synlady. Gyz...

Dowamy »

1062 1
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

MUSULMАNА IŇ ÝAKYN HАÝWАN

Musulmаnа iň ýakyn hаýwаn diýip, düýе jаnаwаrа аýtsа bо¬lаr. Gаdymdаn gеlýän gurruňlеrе görä, Muhаmmеt pygаmbеr Allanyň ýüz аdyny bilýän ekеni, ýakynyndаkylаrа şоlаryn tоgsаn dоkuzysyny аýdypdyr, ýüzünjisini Hеzrеt Аlа, hеmеm iň eý görýen düýеsinе аýdаnmyş. Düýä kеrаmаtly hаýwаn diýsе bоlаr. Çаryýarlаryň biri bоlаn Оmаr: «Аrаp diňе düýеsiniň eltеn...

Dowamy »

1180 3
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

BOSSANTÄJIŇ BEGENJI

Kolhozyň garry seýsi Ýagmyr aga agtyklarynyň içinde Bossantäji hem-mesinden eý görýärdi. Bossantäç gulpagyny tasadyp ýören gyzjagazka hem garry atasynyň ýanyndan aýrylmaýardy.
Bossantäç geçen ýyl obalaryndaky onýyllygy gutardy. Gyzy mekdebi gutaran badyna şäherden kakasy gelip, ony öz ýanyna alyp gitmek isledi. Emma çagalykdan garry atasy bi...

Dowamy »

1033 1
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

Beýik serkerde

Geçmide ýaşan beýik serkerdeleriň biri özünden on esse güýçli garşydaşlary bilen çaknyşmaly bolýar. Ol harby tälimi, söweşmegiň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alansoň özüniň ýeňjegine umydy bardy, ýöne esgerleri welin muňa ikirjiňlenýärdiler. Ýolda bir keramatly ýerde düşlän serkerde esgerlerine garap:
- Meniň gadyrdan ýaranlarym, wepa...

Dowamy »

1100 0
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

Oylenmek ya-da yok?

Baý ýigit bazar meýdançasynda oturan derwişiň ýanyna baryp, altyny sadaka tabagyna salyp:
"Dogrymy aýtsam, maslahatyňyz gerek" -diýdi. Men bir gyzy halaýaryn gaty haladym indi bolsa ejir çekýärin, sebäbi näme etjegimi bilemok: öýlenmelimi ýa-da ýok.
- Öýlenmäň.
- Ýöne näme üçin ?!
"Eger hakykatdanam halaýan bolsaňyz, sor...

Dowamy »

1165 3
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

Her yerden choplenen manyly sozler

Hiç kime ynanmaň we hiç haçan umytdan düşmersiňiz.

Ömrüňizde iň bolmanda bir gezek töwekgelçilik ediň.
Özüňizi beýleki adamlaryň kynçylyklaryndan we durmuşyňyzy zerur däl adamlardan azat ediň.

Haçanda goldaw gerek mahaly, sen hiç kime gerek däl. Aslynda sen hiç wagt hiç kime gerek däl. Muny sen diňe goldaw gerek...

Dowamy »

1179 2
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

ÝAŞLYGA SESLENIŞ

Ýaşlyk ýyllarynyň hasabaty barada oýlananymda, ol meniň bütin süňňümi göýe kyrk çilläniň gary bolup doňdurýan ýaly. Esli salymlap hereketsiz galýan. Oý pikirleriň ummanyndan gulaçlap ýüzüp geçmäge asla gurbatym çatanok. Ýöne nätjek guş bolup hem şol ummandan uçup geçip bolanok. Sebäp diýseň biz ynsan...
Ana şonda, ýolda meniň ýakamdan umytsy...

Dowamy »

963 0
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

RYSGAL

Sport geýimli, gartaşanrak bir adam täzeje maşynyny deňziň kenarynda goýup, daşary ýurtdan täze getirden çeňňegini synamaga başlady. Ýöne çeňňegine düşýän zat ýokdy.
Onýança-da onuñ beýleräginde ýene bir balykçy düşledi. Täze gelen balykçy horaşaja penjeginiň jübüsinden poslap giden çeňňeklerini çykaryp, ugursyzja ýüpe düzleşdirdi.
Ga...

Dowamy »

980 1
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 5 years ago

"Köýen arzuw"

Ýaşlygymda arzuw eden ýyllarym,
Geçip gitdi,hyýal bolup deñimden.
Kyrk ýaşy sermeläp,ýörse-de ýaşym,
Arzuwlar çykanok,şindem serimden.


Ýüregimde besläp,talyp bolmagy,
Arzuwlarym bardy,beýikden-beýik.
Bolmasa-da durmuşymyñ kem ýeri,
Köýen arzuwlarym,tutanok seýik.


...

Dowamy »

1017 2
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 5 years ago

"Keseki däldigimi bildim aç-açan"

Keseki däldigmi bildim aç-açan
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy.
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne, hemmesinden diňe sen gowy.

Sen halal süýt emen, naçar maşgala,
Öwýär seni mydam goňşy-golam-da.
/Sen hakda üýtgeşik bir zat ýazaryn,
Menem ile belli şahyr bolamda/.

Gitdiň se...

Dowamy »

1045 2
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 5 years ago

Dunyanin hereketi bilimdir

Öñ bir zaman gündiz eli çyraly
Köçe bilen baryar eken bir adam
Öñünden bir kisi çykyp diýenmiş:
"Seniñ bolup ýörşiň nähilow adam?"

Sen näme gözleýäň diýip soranda:
"Men adam gözleýän" diýenmiş garry
Biz nä adam dälmi ötegçi
O niçik adamyşyn bizlerden gaýry

Meniň agtarýanym bili...

Dowamy »

1577 12
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 5 years ago