Goshgy gerek

Salam hemmelere, shu yyl okuw gutaranyma 5 yyl bolya, shol mynasybetli synpdashlar bolup oturlyshtk etmekchi, goshgy duzyanler bar bolsa komek edayin, sag bolun onunden

Dowamy »

937 2
Edebiýat, Aakjaa tarapyndan 5 years ago

Mana gora dal.

Men senin yaly dal
Soygimem asyl sana dal
Bal yaly sozlerim satuwa degisli dal
Milletiñ pikiri pinimede dal

Uzak ýaşamak hakda pikirim yok
Pullar diyip õlip gidesim yok
Pullary atmak,yakmak,sacmak
Onun yaly dusunje duybinden yok

Pikirlerimiñ barysy kellamde
Yurekden çyk...

Dowamy »

1003 8
Edebiýat, Paris tarapyndan 5 years ago

Saparmyrat Türkmenbaşy - Oguz han kelamy

Oguz han Şam ýurtlarynda bir ili uruşsyz-gowgasyz özüne birleşdirýär. Uly toý tutulýar, ol il Oguz atamyza kasam edýär. Ol mahal Oguz hanyñ ýaşy ýüze golaýlan eken.
Il bolup Oguz hany ugratjak bolanlarynda iki agtygy baryp, garry atasyny atyna mündürýär. Ony synlap duran içi kitüwli bir kişi: ''Oguz han diýilse, adyndan gorkup ýörüpdiris. As...

Dowamy »

1018 2
Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 5 years ago

Ilkinji pygamberler we olaryn derejeleri.

Ilkinji pygamber hezreti Adam atadyr (a.s.). Iň soňky pygamber bolsa, hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.). Bu ikisiniň aralygynda ençeme pygamberler gelip geçipdir. Olaryň sany barada Kurany Kerimde anyk maglumat berilmeýär. Ýöne bir aýatda:

«Kasam bolsun, senden öň hem pygamberler iberdik. Olaryň arasynda saňa kyssalaryny habar ber...

Dowamy »

814 0
Edebiýat, BezZzaT tarapyndan 5 years ago

Men ýene ýazaryn...

Ýazýanlarym size kanagat berse,
Men ýene ýazaryn, ýene ýazaryn!
Beýik Allam ylhamymy egismese,
Men ýene ýazaryn, ýene ýazaryn!

Galamymyň ýiti ujy döwülip,
Ýazjak zatlaryma etmese zyýan.
Döz gelip ak ga:ra, ýagşa ezilip,
Ýazaryn!
Damýança soňkyja syýam.

Ýazamok men! Berm...

Dowamy »

974 0
Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 5 years ago

Youtube kanalyma agza bolmagy unutman!

Rahymberdi Suhanow-yn taze Youtube kanaly. Siz bu yerde goshgulary video, we ses yazgyly gorup, dinlap bilersiniz.

Dowamy »

1166 26
Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 5 years ago

Melissa hakynda

Liwanyň saýrak bilbili bolan Melissanyň aýdymlaryny eşidip görmedikleriňiz az-azdyr.
Türkmenleriň arasynda onuň aýdymlary arapça ýaňlanany üçin arap aýdymlarynyň arasynda ýer alýar.
Melissa 1982-nji ýylyň 1-nji fewralynda Liwanyň Baraakit (Baraachit) diýilýän şäherinde eneden dogulýar. Ýaşlykda aýdym aýtmaga höwesek bolan Melissa Naýe...

Dowamy »

1071 3
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago

"Şu döwürde puluň bolsa dert ýok..."

,,Şu döwürde puluñ bolsa dert ýok...",
Derdi kändir emir gelse Alladan,
Iñ bärkisi ynananlañ aldasa,
Haýry barmy, üýşip ýatan tyllañdan.

,,Şu döwürde puluñ bolsa şert köp",
Elbetde köp şerti ýalan dünýäniñ,
O dünýäni oýla köpräk sogap et,
Agaja ata müner Mersi münýänem.

,,Şu dö...

Dowamy »

1257 1
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 5 years ago

"Menem seniň ýaly aldasym gelýär"

Ataş içre ýangynlarym sönşenok,
Näme üçindir durmuş bilen alşamok,
Wah erkege aglamagam gelşenok,
Emma gözim ýaşlap aglasym gelýär,


Göwünlik berýäñiz heriñ bir ýandan,
Derde em etýäñiz ondan hem mundan,
Ynanyñ ýalan däl möññürip çyndan,
Hemmeden gizlenip aglasym gelýär.

...

Dowamy »

1217 0
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 5 years ago

"Senligiň bildim..."

Men hemişe şol bir zada ynanýan,
Sebäp kemligimde, kimligim bildim.
Gezdim hergiz yrga şaha söýenmän,
Hemmäñ özüm bilen deñligin bildim.

Dileg etsem Alladan diläp bagtym,
Boş zatlara sarp etmedim, boş wagtym,
Terk etseler menem diýdim ,,hoş wagtyñ...",
Pelegiñ oýnunyñ geñligin bildim.
...

Dowamy »

1232 1
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 5 years ago

Bu gùn meni sòýen yigdiñ toyy

Ondan bari 18 yyl geçdi. O dòwur mena uly gyzdym Annageldi bolsa bir masgalañ 8 ya§yndaky kòrpeçe
oglydy
Men oña Anny diyyadim
Annylar bilen biz goñ§y otyryadyk. Olaryñ karende pagta yeri hem ,biziñ yerimiz bilen bir yerdedi.Men
ishlemage gidemde ol hem meniñ bilen, otag etsem kicijek katmenini alyp, suw tutsam kicijek p...

Dowamy »

1163 2
Edebiýat, Lelia.M tarapyndan 5 years ago

Eje-Kaka hakynda setirler

Ejem-Kakam baý diýip däl,
Ejem-Kakam bar diýip guwan!
-----------------------------------
Kakam döwletim,
Ejem jennetim!
-----------------------------------
Eje, bu sizi soňky demine çenli, ýekejede üýtgemän, söýüp biljek ynsan!
-----------------------------------
Baýlyk näme? Baýlyk - bu Ejeň...

Dowamy »

1250 0
Edebiýat, Lelia.M tarapyndan 5 years ago

Juwaz hakynda rowaýat

Öňki döwürde depseň yranmaz sahawatly baýlaryň biriniň dört ogly bilen juda owadan bir gyzy bar eken. Kakasynyň nahar-şoruna ol gyzyň özi sereder eken. Ol künjini sokuda döwüp, soňam gazanda gaýnadyp, galkman edip, ýag alypdyr. Şol ýagdan hem kakasyna palaw bişirip beripdir.
Gyz kämillik ýaşyna ýetende kakasy oňa ähli ygtyýary berip, ýanýold...

Dowamy »

1223 0
Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 5 years ago

Çaýyň taryhyndan

Çaý dünýäniň köp ýurdunda gündelik sarp edilýän içgi hasaplanýar. Bu önümiň ata watany Hytaý hasaplanýar. Çaý sözi hem ähli dillere diýen ýaly hytaýçadan iki görnüşde geçipdir. Dünýä halklarynyň köpüsi bu içgini çaý, şaý ýaly görnüşinde atlandyrýan bolsa, köpüsinde «ti» sözi ulanylýar. Aslynda, bu iki söz hem hytaýçanyň başga şiwelerine degişlidir....

Dowamy »

1146 0
Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 5 years ago

Ak şäherim Aşgabat (akro)

Alnyma sylmyşam ajap keşbiňi,
Keşbi dünýä nusga gözel Aşgabat.

Şygryma salaýyn saňa yşgymy
Äleme yşk nurun saçýan Aşgabat.
Her ädimi keramatdan ybarat,
Eşretine Hakdan inmiş salamat,
Röwşen ýollar rowaçlykdan alamat,
IL halanym ak şäherim Aşgabat.
Mermerden düzülen misli erteki,
...

Dowamy »

1005 0
Edebiýat, Yazgeldi21 tarapyndan 5 years ago

Ejä söýgi kemligi

Ejeňizi söýüň!
Söýgüňiz kemmäň!
Söýüň ony, diri wagty gadyrlap.
Eje ýetdirenok dünýäde hemmä,
Ýa-da gezmäň diliňizde hödürläp.

Ejeňizi söýüň!
Söýgüňiz kemmäň!
Ol sizi ulaltdy gije ukusyz.
Indi bir ýetişip ejeňiz depmäň,
Galarsyňyz dünýäňizde garaksyz.

Ejeňizi söýü...

Dowamy »

1257 3
Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 5 years ago

Ahmet Halmyrat - Sazyñ jadysy (nowella)

Gara gaş, gara göz, inçemik gös-göni burnunyň aşagy gyrçuwlanyp timarlanan gara murtly, tolkunly şar gara saçlary egnine düşüp duran akýagyz bu ýaş ýigidiň synasyna ýumşaklyk bilen şaplaşyp duran göm-gök egin-eşigi ony bolşundanam birneme hortap görkezýän ýaly. Ony kime görkezip "şu—türkmen" diýseň hiç kimem ynanjak däl. Üstesine, elindäki ykjam go...

Dowamy »

1018 1
Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 5 years ago

Şyh Sangan

ŞYH SANGAN /gysgaça/


Hristiýan gyza aşyk bolany üçin, sufistik edebiýatda giňden ýaýran legendar gahryman. Şyh Sangan we hristiýan gözeli hakda şyh Attaryň ''mantyk - et - taýr'' we Nowaýynyň ''Lisan - et taýr'' atly eserlerinde ýörite hekaýatlar bar. Gündogarda ''Hekaýaty - Şyh - Sangan'' atly eser özbaşdaklykda hem ýaýrapdy...

Dowamy »

1098 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago

Beden Agzalary (Hekaýa)

BEDEN AGZALARY

Bedeniň agzalary bir gün öz aralarynda maslahat geçiripdirler. Olaryň bary garyn üçin işleýändiklerinden arz-şikayat edýärmişler. Agzalar:
- Görsene muny, biz-ä işlemelimiş, bu bolsa hiç zat etmeli däl - diýşip, garna gahar edýärdiler. Maslahatyň soňunda agzalar mundan beýläk garnyň aýdanlaryna gulak asmajakdykl...

Dowamy »

1286 0
Edebiýat, Syke Dali tarapyndan 5 years ago

Çyrşabermeli zat ýok

“Şygyr” diýip dile geldi,
Çyrşabermeli zat ýok.
Ynjyk bolar halkyň köňli,
Gurşabermeli zat ýok.

Hüýr waspynyň täri bardyr,
Ilki sora, ýary bardyr.
Gyz lebinde ary bardyr,
Ogşabermeli zat ýok.

Şygry bezeýän ýürekdir,
Ylhamyň söze kürekdir,
Setirlere görk gerekdir,<...

Dowamy »

1210 1
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 5 years ago