Hytaý inženerleri ilkinji gezek habary buzuň içinde kodlamagy başardy
Pekiniň politehniki institutynyň inženerleri Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki uniwersitetlerinden kärdeşleri bilen bilelikde maglumatlary saklamagyň we ibermegiň usulyny oýlap tapdy. Olara howa köpürjiklerini ulanyp, buzuň içinde maglumat ýazmak başartdy. Bu suwuň doňmagynyň tizligini dolandyrmak bilen mümkin boldy.
Bu pikir üçin müňlerçe ýyll...
Meta we Oakley türgenler üçin akylly äýnek çykardy: terjime we jaň funksiýasy bilen
Meta sport optikasyny öndüriji Oakley bilen hyzmatdaşlykda HSTN akylly äýnegini anons etdi. Öňki Meta Ray-Ban modeli ýaly täze äýnek hem frontal kamera, äýnek çarçuwasyna oturdylan dinamikler we mikrofonlar bilen üpjün edildi.
Smartfona birikdirilenden soň, äýnegi jaňlar, aýdym-saz ýa-da podkast diňlemek üçin ulanmak bolýar. Gurluş hakyky wa...
Maýkl Jordanyň awtografy bolan kolleksiýa otkrytkasy £2,2 mln baha satylyp bilner
Joopiter onlaýn auksionynda Maýkl Jordanyň goly goýlan 1980-nji ýyllaryň seýrek kolleksiýa otkrytkasy satuwa çykaryldy. Söwda 26-njy iýuna çenli dowam eder diýip, What’s Jam neşiri habar berýär.
“Bu kart – ýönekeý bir kolleksiýa predmetinden has uly zat, bu sportuň we pop-medeniýetiň bir bölegi. Bu Maýkl Jordanyň mirasynyň we basketbol karto...
Ed Şiranyň täze “Drive” aýdymy çykdy. Ol “Formula-1” baradaky film üçin saundtrek boldy
Ed Şiran “Formula-1” (F1) sport dramasy üçin saundtrek bolan “Drive” aýdymyny çykardy. Aýdym eýýäm aýdym-saz platformalarynda elýeterli.
Ol premýerasy 27-nji iýunda ABŞ-da boljak film üçin saundtrekleriň resmi albomyna girer. Filmde baş keşbi Bred Pitt ýerine ýetirdi. Ol ýaş sürüji Joşua Pirsiň halypasy bolan öňki ýaryşa gatnaşyjy Sonni Heýs...
Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden g...
Türkmenistan Eýrandan çykýan raýatlaryň geçmegi üçin barlag-goýberiş nokatlaryny gije-gündiz işledýär
50-ä golaý döwletler Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik...
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
20-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda a...
Beýik Britaniýadaky bir obany tawus guşlary eýeledi
Beýik Britaniýadaky Hibaldstou obasyny tawus guşlary eýeledi. Guşlar awtomobillere hüjüm edip, özleriniň aýnadaky keşplerine haýbat atýar. Olar baglyklara we mazarlara zeper ýetirýär, şeýle-de ýiti sesleri bilen ýerli ýaşaýjylary biynjalyk edýär diýip, The Telegraph habar berýär.
Tawus guşlary obada 1960-njy ýyllardan bäri ýaşaýar, ýöne häzi...
Bred Pitt “Formula-1” baradaky filme taýýarlygyň barşynda 9 müň km-den gowrak ýol geçdi
61 ýaşly golliwudly aktýor Bred Pitt “Formula-1” filminiň düşürilmegine taýýarlyk wagty ýaryş awtomobillerinde 6 müň milden gowrak (9656 kilometr) ýol geçdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär.
“Umumy alanyňda, biz iki ýyl ruluň başynda bolduk” – diýip, Pitt aýtdy we şeýle netijä buýsanýandygyny belledi.
Filmde aktýor täze ýaryşa g...
Ispaniýanyň patyşasy Rafael Nadala markiz titulyny berdi
Ispaniýanyň patyşasy Filipp VI “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, tennisçi Rafael Nadala markiz dworýan titulyny berdi. Bu monarhyň tagta çykmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärede bolup geçdi.
Nadal dogduk mekany Malýorkanyň markizi boldy.
Dworýan titullaryny Ispaniýanyň ýene bäş görnükli wekili – aýdymçy Lus Kasal...
Dünýäde kaşaň harytlaryň satuwy soňky 15 ýylda ilkinji gezek peseldi
Kaşaň harytlaryň dünýä bazary, pandemiýa döwrüni hasaba almazdan, soňky 15 ýylda ilkinji gezek pese gaçyşy görkezdi. Bu barada Bain & Company we Altagamma tarapyndan taýýarlanan Spring 2025 Luxury Goods Worldwide Market gözlegine salgylanyp, WWD habar berýär.
Lýuks segmentinde satuw möçberi 2023-nji ýyldaky rekord 369 mlrd ýewrodan 2024-nji...
Režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary auksionda 4,25 mln dollara satyldy
Bewerli-Hillzde auksion geçirilip, onda 16-njy ýanwarda 78 ýaşynda aradan çykan režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary satyldy. Auksion Peninsula Beverly Hills myhmanhanasynda Julien’s Auctions auksion öýi tarapyndan Turner Classic Movies bilen bilelikde geçirildi. Ol onlaýn hem alnyp baryldy we dünýäniň dürli künjeginden muşdaklaryň hem kolleksioner...
Midjourney emeli aň guraly wideo döretmäge niýetlenen ilkinji modelini hödürledi
Emeli aň tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Midjourney wideo döretmek üçin ilkinji V1 modeliniň işe girizilendigini habar berdi.
V1 modeli ulanyjy tarapyndan döredilen ýa-da ýüklenen islendik suraty gysga wideorolige öwürmäge ukyplydyr.
Wideolary döretmek we animirlemek häzirki wagtda diňe neýrotoryň tölegli...
Hytaýyň magnitli otlusynyň nusgasy täze tizlik rekordyny goýdy
Hytaý magnit lewitasiýaly otlynyň (maglew) prototipiniň tizligini bary-ýogy ýedi sekuntda sagatda 650 kilometre ýetirdi. Bu üstünlik Hubeý prowinsiýasynda gurlan täze 1000 metrlik ýokary tizlikli synag ýolunda gazanyldy diýip, «CGTN» habar berýär.
Adaty ýokary tizlikli synaglardan tapawutlylykda, adatça 30-40 kilometr aralygy talap edýän uzy...
DNK-ny dikeldýän we beýniniň garramagyny haýalladýan belok açyldy
Makkuori uniwersitetiniň barlagçylary PDI belogynyň beýni öýjükleriniň ýadrolaryna aralaşyp, zeper ýeten DNK-ny bejerip biljekdigini ýüze çykardylar. Bu açyş Alsgeýmer we Parkinson ýaly newrodegeneratiw kesellere garşy göreşde kömek edip biler.
Adatça, sitoplazmada beýleki beloklaryň emele gelmegine gatnaşýan disulfide-izomeraz (PDI) belogy...
NTW we “Soýuzmultfilm” "Dur bakaly!" multfilmini doly metražly kinofilme öwrer
“Dur bakaly!” atly meşhur sowet multserialynyň esasynda doly metražly çeper film dörediler diýip, TASS habar berýär.
Filmiň üstünde işlemek baradaky hyzmatdaşlyk şertnamasy Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) "NTW" teleýaýlymynyň baş prodýuseri Timur Waýnşteýn bilen "Soýuzmultfilm" direktorlar geňeşiniň başlygy Ýulian...
Parižiň golaýyndaky orta asyra degişli gala 1,59 million ýewro satylýar
Fransiýada XIII asyrda gurlan Fief des Époisses galasy satuwa çykaryldy. Gala üçin 1 590 000 ýewro soralýar diýip, Medievalists.net habar berýär.
Gala Parižiň 60 km günorta-gündogarynda, Il-de-Fransiýa sebitiniň Sena we Marna departamentiniň Bombon kommunasynda ýerleşýär. Bu berkidilen mülk hakda ilkinji gezek 1285-nji ýylda agzalýar. Şol dö...
Parižiň golaýyndaky orta asyra degişli gala 1,59 million ýewro satylýar
Fransiýada XIII asyrda gurlan Fief des Époisses galasy satuwa çykaryldy. Gala üçin 1 590 000 ýewro soralýar diýip, Medievalists.net habar berýär.
Gala Parižiň 60 km günorta-gündogarynda, Il-de-Fransiýa sebitiniň Sena we Marna departamentiniň Bombon kommunasynda ýerleşýär. Bu berkidilen mülk hakda ilkinji gezek 1285-nji ýylda agzalýar. Şol dö...
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy
Türkmenistanyň milli raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär.
20-nji iýunda geçirilen Hökümet mej...
Türkmenistan MAGATE bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.
Hususan-da,