Filadelfiýada we Dallasda ilkinji Netflix House tematiki toplumlary peýda bolar
Netflix akym hyzmaty ilkinji Netflix House dynç alyş toplumlarynyň 2025-nji ýylyň ahyrynda açyljakdygyny habar berdi. Bu barada The Verge ýazýar.
Toplumlar öňki söwda merkezleriniň binalarynda açylar. Olaryň biri Filadelfiýadaky King of Prussia Mall-da, ikinjisi Dallasdaky Galleria Dallas-da ýerleşer.
Dallasda myhmanlara Netflix-iň “K...
Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar
Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi.
Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir ede...
Apple kompaniýasy iPhone 15 Pro-ny “Formula-1” baradaky filmi düşürmek üçin gurala öwürdi
Apple baş keşpde Bred Pitt bilen “Formula-1” baradaky filmi düşürmek üçin iPhone 15 Pro-nyň esasynda ýörite kamera döretdi. Gurluş gönüden-göni ýaryş ulagyna berkitmek üçin F1-iň adaty ýaýlym kameralaryna meňzeýän korpusa ýerleşdirildi.
Režissýory Jozef Kosinski (“Top Gan: Mewerik”) bolan filme adaty kameralara başartmaýan kabinadan alnan ýo...
ABŞ-da nerw ulgamy bilen baglanyşygy dikeltmäge ukyply diş implanty döredildi
Tafts uniwersitetiniň Stomatologiýa we lukmançylyk mekdebiniň alymlary diňe bir ýitirilen dişleriň ornuny tutman, eýsem sensor duýgurlygy dikeldýän diş implantynyň täze görnüşini döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar.
Adaty protezlerden tapawutlylykda, innowasiýa implanty ýumşak dokumalar bilen täsirleşýär we nerw ulgamyna birigýär. Ol ö...
Alymlar tigriň nädip oýlanyp tapylandygyny düşündirdiler
Barlagçylar irki adamlaryň ata-babalarynyň ýerde ýatan agaç pürsleri ulanyp, agyr zatlary ondan-oňa geçirip başlandyklaryny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu usulyň tigriň döremegine nädip sebäp bolandygy düşnüksiz bolmagynda galýardy.
Jorjiýanyň Tehnologiýalar institutynyň professory Kaý Jeýms tigriň oýlap tapylmagynyň, esasan, ýapyk ýerlerde...
Kanada Arktikasynda 380 million ýyllyk ýyrtyjy balygyň täze görnüşiniň äňleri tapyldy
Amerikaly paleontologlar Kanadanyň Nunawut welaýatynyň Dewon adasynda Giçki Dewon formasiýasynda Onychodontiformes toparyndan bolan gadymy ýyrtyjy balyklaryň täze görnüşiniň tapylandygyny habar berdiler. Galyndylaryň ýaşy, takmynan, 380 million ýyllyk.
Dişleriň we eňekleriň nusgalarynyň 2011-nji ýylyň iýul aýynda, takmynan, 382–372 million...
Gadymy Rimde saýrak guşlar üýtgeşik nygmat däl-de, adaty köçe nahary bolup çykdy
Ispan arheologlary Maýorka adasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda gadymy Rimiň garbanyşhanasyny tapdylar. Alymlar galyndy naharlar dökülen çukuryň içindäkileri öwrenip, şäheriň ýönekeý ilatynyň näme iýendigini anykladylar. Hususan-da, Gadymy Rimdäki saýrak guşlaryň etiniň, öň pikir edilişi ýaly, ýokarky gatlaga niýetlenen üýtgeşik nygm...
Ýagtylyk beýnini bejerip, newrodegeneratiw keselleriň ösüşini haýalladyp bilýär
Çernyşewskiý adyndaky Saratow milli barlag döwlet uniwersitetiniň (SDU) alymlary beýniniň bardasynda ýerleşýän meningeal limfa damarlarynyň (MLV) ýagtylyk bilen bejerilip bilinjekdigini subut etdiler. Fotostimulýasiýa toksinleriň çykarylyşyny gowulandyrýar we keselleriň ösüşini haýalladýar diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýa...
Tesla elektrokar önümçiligini togtadar: satylmadyk ulaglary ýerleşdirmäge ýer galmady
30-njy iýundan Tesla Tehasdaky zawodynda elektromobil önümçiligini bir hepdelik togtadar. Bu islegiň pese gaçmagy we satylmadyk awtomobilleriň uly möçberde üýşmegi bilen baglanyşykly boldy. Öndürilen, ýöne satylmadyk ulaglary saklamak üçin bolsa goşmaça parklary kärendesine almaly diýip, Electrec ýazýar.
Önümçilik 2025-nji ýylda anna gününe...
Jeýms Gann kino sungatynyň çökmeginiň esasy sebäbini aýtdy
«Galaktikanyň goragçylarynyň» (Guardians of the Galaxy) režissýory we DC kinoäleminiň ýolbaşçysy Jeýms Gann «Rolling Stone» neşirine giňişleýin interwýu berdi. Meşhur kinorežissýor şol söhbetdeşlikde kinoteatrlara gelýän tomaşaçylaryň sanynyň ýylsaýyn azalmagy bilen baglylykda, kino sungatynyň «ýuwaş-ýuwaşdan çöküp barýandygy» baradaky mowzugy gozg...
Stellantis awtoulaglar üçin düýpgöter täze geçiriş gutusyny patentledi
Stellantis kompaniýasy täze üç basgançakly geçiriş karobkasy üçin patent aldy. Täze karobka konserne degişli geljekki elektromobilleriň ýolsuz ýerlerde hem netijeli hereket etmegine mümkinçilik berer. Täze transmissiýanyň Jeep ýa-da RAM ýaly brendleriň doly (ähli tigirlerden) herekete getirijili elektrikli modellerinde ulanylmagy mümkin diýip, «Mot...
OpenAI-iň ýolbaşçysy Meta-nyň hünärmenleri $100 mln bonus bilen çekmek synanyşygy barada aýtdy
OpenAI-iň baş direktory Sem Altman Mark Sukerbergiň Meta korporasiýasynyň öz kompaniýasynyň işgärlerini özüne çekmek üçin 100 mln dollara çenli möçberde bonus hem-de has ýokary ýyllyk töleglerini hödürländigini aýtdy. Bu barada ol öz doganynyň alyp barýan Uncapped podkastynda gürrüň berdi diýip, TechCrunch habar berýär.
“Bu akyla sygmajak za...
Honda ilkinji gezek Falcon 9-a meňzeş köp gezeklik raketany synagdan geçirdi
Ýaponiýanyň Honda kompaniýasy köp gezeklik raketa göterijisiniň synagyny üstünlikli geçirdi. Synag uçuşy Hokkaýdo prefekturasyndaky Taýki aerokosmos gözlegleri merkeziniň çäginde boldy.
Synag wagty raketa 271 metr beýiklige çykdy, soňra bellenilen nokatdan bary-ýogy 37 sm uzaklykda gondy. Gonuş üçin SpaceX-iň Falcon 9 raketasynda ulanylýan ý...
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler
24-25-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Saparyň barşynda russiýaly diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar diýip, Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen brifingde habar berdi.
Lawrow...
16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş
Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar.
Ýylyň başynda başlanan derňew syzmanyň ulanyjylaryň gajetlerinden maglumatlary gizlin ogurlaýan birnäçe programmanyň – infostiler...
Ford oturgyçlarynda we gapylarynda kemçiligi sebäpli ýarym million ulagyny yzyna çagyrýar
Ford kompaniýasy oturgyçlar we gapylar bilen baglanyşykly iki aýry kemçilik sebäpli 500 000 töweregi ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi.
Birinji mesele 302 000 sany Ford Explorer we Lincoln Aviator ulaglaryna degişli. Bu modellerde ikinji hatardaky gapdal oturgyçlarda Easy Entry pereklýuçateliniň plastmassa çarçuwasynda kemçilik bar. U...
Astrahan Russiýada türkmen harytlaryny ibermegiň esasy merkezine öwrülip biler
Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde (SPHYF-2025) Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň egindeş başlyklarynyň mejlisine gatnaşan Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin: «Astrahan Russiýada türkmen harytlaryny ibermek we paýlamak hem-de rus harytlaryny Türkmenistana ibermek üçin esasy merkez bolup biler»...
Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehiden ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goým...
Raşid Meredow Palestinanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
19-njy iýunda Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi hanym Rana Abu Hijleh Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
R.Meredow Palestinanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen...
Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 21% artdy
Sankt-Peterburgda geçirilen Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň hökümetara toparynyň egindeş başlyklary — Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Marat Husnullin duşuşyk geçirdiler.
Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gul...