Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg we iň ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Merab Dwalişwili edil deňziň üstünde ýerleşdirilen ringde sparring gurady. Söweşijiler wideony Instagram sahypalarynda paýlaşdylar. Türgenleşik wagtynda Sukerberg aýagy bilen depip, Dwalişwilini suwa gaçyryp goýberdi. Gruziýaly söweşiji hem onuň bu hereketini jogapsyz goýmady: Sukerbergi göterip, suwa zyňdy, yzýany özem bökdi. «Mark Sukerberge garşy ikinji raund. Maşyn maşyna garşy. Gel, her gün şeýdeli, Mark», — diýip Dwalişwili wideoda gürleýär. Sukerberg UFC-niň professional söweşijileri bilen ilkinji gezek türgenleşenok. Onuň öňki türgenleşik boýunça ýoldaşlarynyň arasynda Aleks Pereýra hem bardy. 2023-nji ýylda Meta-nyň ýolbaşçysy jiu-jitsu boýunça ýaryşda altyn medal hem gazanypdy. Şol wagtlar Sukerberg bilen Ilon Maskyň ringde duşuşyp biljekdigi barada gürrüňler ýaýrapdy. Bu tutluşygy hatda Rimde geçirmek hem meýilleşdirilipdi, ýöne iş ýüzünde hakyky söweşe ýetilmedi. Dwalişwili häzirki wagtda nobatdaky tutluşyga taýýarlanýar. Onuň garşydaşy Pýotr Ýan bolar. «Red Fury MMA-nyň» maglumatlaryna görä, söweş 24-nji oktýabrda Abu-Dabide UFC 333 ýaryşynda geçiriler. Ol agşamyň esasy duşuşyklarynyň biri bolar. 35 ýaşly Dwalişwili MMA-daky karýerasynda 21 ýeňiş gazandy we bäş gezek ýeňlip gördi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir