ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öňki hemme çagalara maslahat berilýän sanjymlaryň sanyny 17-den 11-e çenli azaltmak hakyndaky karara gol çekdi. ABC News neşiriniň habar bermegine görä, gepatit A we B, meningokokk ýokuşma keseli, rotawirus, dümew hem-de COVID-19-a garşy sanjymlar indi diňe töwekgelçilik toparyna girýän çagalara maslahat berler. Şeýle-de kararda gyzamyk, hapgyrtma we gyzylja geçiriji MMR garyşyk sanjymyny üç aýratyn sanjyma bölmek göz öňünde tutulýar. «Bilelikde olar ölüm howply bolup biler, emma aýratyn alsaň, heläkçilikli däl-de, gaýta has täsirli boljak ýaly» diýip, amerikan lideri resminama gol çekýän mahaly belledi. Umumy sanawda gyzamyk, hapgyrtma, gyzylja, hörezek, bürme, gökbogma, poliomielit, Hib ýokanjy, pnewmokokk, adamyň papilloma ýokançlygy (APW) we garamygyň sanjymlary galýar. Şol bir wagtyň özünde, ata-eneler, eger isleseler, çagalaryna edil öňki ýaly ähli sanjymlary, şol sanda mundan beýläk hemmelere degişli däl diýlip kesgitlenen sanjymlary hem etdirip bilerler. Sanawy azaltmak baradaky başlangyjy ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministri Robert Kennedi-kiçi öňe sürdi. Ol öňdenem sanjymlara şübheli garaýandygyny açyk aýdýardy. Onuň pikiriçe, häzirki wagtda çagalarda autizm keseliniň örç almagynda-da hut sanjymlaryň täsiri bar. Täze kabul edilen karary öňdebaryjy lukmançylyk guramalary we çaga lukmanlarynyň birleşmeleri çürt-kesik ýalňyş kasap edýärler. Olar şeýle çäreleriň takyk ylmy esasynyň ýokdugyny we ata-eneleri alasarmyk halda goýup, ýok ýerden howply ýokanç keselleriň köpelmegine getirip biljekdigini nygtaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir