Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 6-njy awgustda Hirosimada we 9-njy awgustda Nagasakide bu şäherleriň atom bombalanmagynyň 81 ýyllygy mynasybetli geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynda habar berilýär. Çärelerde diplomat wepat bolanlaryň ýadygärliklerine gül goýup, olaryň hatyrasyny hormatlady. Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň, Parlamentiň we diplomatik korpusyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen çärelerde ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna ýol bermezligiň we parahatçylygy pugtalandyrmak babatda tagallalary dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Saparyň çäklerinde ilçi Hirosima we Nagasaki şäherleriniň we prefekturalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Ol ýapon tarapyna Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatsöýüjilik we dialog ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty hem-de BMG tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky kabul edilen Kararnama barada maglumat berdi.