Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Anna güni wise-premýer N.Atagulyýew sergä görülýän işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar. Sergä Türkmenistanyň eksport, maýa goýum ugurly pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Munuň özi söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döreder. Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlarda guralýan iri möçberli halkara çäreleriň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de wise-premýere Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.