12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar. Oňa ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we önümçilik kärhanalarynyň işgärleri, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ylmy işler bilen meşgullanýan dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olary ylym bilen meşgullanmaga işjeň çekmäge gönükdirilen ylmy bäsleşige şu ýyl ýaşlaryň 1 müň 665-siniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýaş alymlar nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly 6 ugur boýunça ylmy işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, jemi 118 sany ýaş alymy ýeňiji diýip yglan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir