Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Hökümet mejlisinde ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, döwletiň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir