13-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanan birnäçe maglumatlary we teklipleri beýan etdi. Hususan-da, COP29 maslahatynda kabul edilen resminamalara Türkmenistanyň goşulmagynyň mümkinçiliklerine seretmek maksady bilen, şu ýylyň 21-nji iýunynda Aşgabatda daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek teklip edilýär; Şeýle-de häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar; Baş Assambleýanyň öňümizdäki sessiýasyna hödürleniljek Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryna Merkezi Aziýa we onuň bilen goňşy döwletler üçin çölleşmäge garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky meseläni goşmak teklip edilýär; Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Hazar ekologik başlangyjynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy we ol ähli kenarýaka döwletleriň garamagyna iberildi; Türkmenistan sebitde 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral boýunça Milli maksatnamany kabul eden ýeke-täk döwletdir. Şol resminamanyň amala aşyrylmagy, şeýle hem 2026 — 2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamanyň taslamasynyň taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 27-nji iýunynda Aşgabat şäherinde daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek teklip edilýär; Milli derejedäki ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda Türkmenistanyň Halkara suw akarlarynyň gämi gatnawsyz görnüşlerini peýdalanmagyň hukugy hakynda Konwensiýa goşulmagy baradaky meselä seretmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy. Bu resminama degişli ulgamda hukuk düzgünlerini kesgitleýär. Bu meseläni şu ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde geçiriljek pudagara mejlisiň gün tertibine goşmak teklip edilýär; BMG-niň degişli edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça başlangyçlarynyň 2025-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamany tassyklamak üçin Hökümet derejesine çykarmak teklip edilýär. Serdar Berdimuhamedow halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.