«Liwerpul» gymmatlajak: kluba iň baý adamlaryň biri eýe çykmaga çalyşýar

«Liwerpul» futbol klubunyň eýesi bolan Fenway Sports Group ýakyn günlerde klubuň paýnamalarynyň azyndan 30%-ini hindi milliarderi Lakşmi Mittalyň giýewsi Amit Bhatiýanyň ýolbaşçylygyndaky konsorsiuma satýandygyny yglan etmegi ähtimal. Bu barada «Sky News» neşiri habar berýär.

Konsorsiuma «Amazon-y» döreden Jeff Bezos we «Facebook-yň»...

Dowamy »

73 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Hawi Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Niderlandlaryň Patyşalyk futbol birleşigi Hawini milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine belledi.

46 ýaşly ispaniýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna çenli niýetlenendir. Hawi bu wezipede 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyndan soň ýygyndyny terk eden Ronald Kumany çalyşdy.

Hawiniň...

Dowamy »

77 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«PSŽ» UEFA Superkubogy ugrundaky oýunda «Aston Willadan» üstün çykdy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary Angliýanyň «Aston Willany» 2:1 hasabynda ýeňdi we 2026-njy ýylyň UEFA Superkubogynyň eýesi boldy. Duşuşyk Zalsburg şäherindäki «Red Bull Arena» stadionynda geçirildi.

Parižliler oýnuň 20-nji minudynda hasaby açdylar — gruziýaly hüjümçi Hwiça Kwarasheliýa tapawutlanmagy başardy.

Emma...

Dowamy »

82 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Çempionlar ligasy 2026/2027-niň saýlama pleý-off tapgyrynyň garşydaşlary belli boldy

2026/2027 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasy ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda duşuşjak ähli garşydaşlar kesgitlendi.

Toparlar bu tapgyra üçünji saýlama tapgyrynyň jogap oýunlarynyň netijeleri boýunça ýetdi.

Duşuşyklaryň ýeňijileri Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynda orun alar, utulan toparlar bolsa Ýewropa ligasynyň...

Dowamy »

80 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Arkadag» Hindistanyň «Goa» toparyny utup, AFK Çempionlar ligasy-2-ä ýollanma gazandy

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna saýlanma tapgyrynda Hindistanyň «Goa» toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňdi. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçdi. Ýer eýeleri gollaryň üçüsini hem ikinji ýarymda, 14 minutyň dowamynda saldylar.

Oýnuň birinji ýarymynda gol girmedi. «Arkadag» hasaby açmaga ýakynla...

Dowamy »

76 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«PSŽ» we «Aston Willa» şu gije UEFA-nyň Superkubogy ugrunda göreşer

13-nji awgusta geçilýän gije UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky futbol duşuşygy geçiriler. Kubok üçin fransuz «PSŽ» we iňlis «Aston Willa» bäsleşer.

Zalsburgdaky (Awstriýa) «Red Bull Arena» meýdançasynda oýnuň başlandygyny aňladýan jürlewük Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da çalnar.

«PSŽ» bu duşuşyga Çempionlar ligasynyň h...

Dowamy »

75 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

TFF-iň wekili Duşenbede futbol komissarlarynyň seminaryna gatnaşdy

Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) 2026-njy ýyldaky oýun komissarlary üçin niýetlenen iki günlük okuw seminary geçirildi.

Gurama agza assosiasiýalardan hünärmenleriň gatnaşmagynda geçen bu çärede Türkmenistana ýurduň Futbol federasiýasyndan Azat Annaorazow wekilçilik etdi.

Dowamy »

89 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

UEFA, KONKAKAF we AFK Infantinonyň hereketiniň derňelmegini talap edýär

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçylary dünýä çempionatynyň täjirçilik hukuklarynyň bir bölegini hususy maýadarlara satmak synanyşygy dünýä futbolynda agzalalyk döretdi.

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA), Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň hem-de Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasy (KONK...

Dowamy »

86 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

VAR diňe baş eminde bar: Fransiýada wideokömegiň tygşytly görnüşi synagdan geçirildi

Fransiýanyň üçünji ligasyndaky «Oban» we «Týonwil» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda futbol taryhynda ilkinji gezek Football Video Support (FVS) ulgamy — VAR-yň ýönekeýleşdirilen görnüşi ulanyldy.

«Týonwiliň» baş tälimçisi Žýulýen Fransuanyň haýyşy bilen emin pursadyň wideogaýtalamasyny seljerip, oýnuň eýýäm bäşinji minutynda «Oban»...

Dowamy »

89 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

UEFA-nyň prezidenti Astanada saýlanar

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) 51-nji Kongresi 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde Astanada geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Syýahatçylyk we sport ministrligi habar berdi.

«2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde Astana Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň ýokary ýolbaşçy we kanun çykaryjy edarasy bolan UE...

Dowamy »

97 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Real» Ýan Diomandeniň klubyň düzümine kabul edilendigini resmi taýdan yglan etdi

Madridiň «Real» kluby Kot-d’Iwuaryň hüjümçisi Ýan Diomandeniň Germaniýanyň «Leýpsig» klubyndan öz toparyna geçýändigini resmi taýdan mälim etdi. Bu barada ispan klubynyň resmi saýtynda habar berildi.
Resmi beýannama görä, «Real Madrid» bilen «RB Leýpsig» klublary futbolçynyň transferi boýunça ylalaşyga geldi. Şoňa laýyklykda Diomande ýedi mö...

Dowamy »

81 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Döwletjan Ýagşymyradow «PFL Charlotte» ýaryşynda Simeon Pauell bilen boljak söweşiniň öňüsyrasynda resmi agram ölçemekden geçdi

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmenistanly ussady Döwletjan Ýagşymyradow britaniýaly Simeon Pauell bilen geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasynda resmi agram ölçegi tapgyryndan üstünlikli geçdi. Penşenbe güni geçirilen resmi agram ölçemesinde Ýagşymyradow 93,0 kilogram, Pauell bolsa 92,8 kilogram görkezdi. Şeýlelikde, iki türgen hem ýarym agyr...

Dowamy »

84 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileriniň bilelikdäki okuw-türgenleşigine badalga berildi

Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi welosport klubynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna badalga berildi. Bu çäre 20-nji awgusta çenli dowam eder diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Abu-Dabiden gelen wekiliýetiň düzüminde klu­buň dolandyryjysy, iki tälimçi, ti...

Dowamy »

77 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Mohammed Salah futbol ýoluny Türkiýäniň «Trabzonspor» klubynda dowam etdirer

Türkiýäniň «Trabzonspor» futbol kluby müsürli hüjümçi Mohammed Salah bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.
Futbolçy bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti barada resmi maglumat berilmedi. Žurnalist Ýagyz Sabunçoglunyň habar bermegine görä, Salah bilen iki ýyllyk şertnama baglaşyldy.
34 ýaşly Mohammed S...

Dowamy »

100 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileri Aşgabatdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda 1270 kilometre golaý ýol geçerler

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi weloklubynyň wekilleri bilen bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu ýygnanyşygy guramak boýunça meýilnamalar barada hasabat berildi. Guramaçylaryň mälim etmegine görä, okuw-tü...

Dowamy »

89 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmen türgeni Abdylla Babaýew awgust aýynyň ahyrynda geçiriljek tutluşyga taýýarlyk görýär

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Abdylla Babaýew awgust aýynyň ahyrynda «Fight Nights» guramasy tarapyndan geçiriljek nobatdaky tutluşygyna taýýarlyk görmek maksady bilen, Tailandyň Phuket adasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.
Türkmen türgeni Abdylla Babaýew awgust aýynyň ahyrynda geçiriljek tutluşyga...

Dowamy »

98 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryndan 471 medal gazandylar

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryndan 471 medal gazandylar. Bu barada 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňde...

Dowamy »

88 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde 4 medal gazandylar

Gazagystanyň Aktau şäherinde badalga alan karate boýunça WKF-niň Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň türgenleri bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Üç gün dowam etjek ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistanda...

Dowamy »

95 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Usman Nurmagomedow tehniki nokaut bilen Kolgany ýeňip, PFL-iň titulyny gorady

Russiýaly türgen Usman Nurmagomedow Nýu-Ýorkdaky ýaryşda amerikaly Arçi Kolgany tehniki nokaut bilen ýeňip, ýeňil agram derejesinde PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady.
Duşuşyk birinji raundda tamamlandy. Nurmagomedow garşydaşyna öz tilsimini ulanmaga mümkinçilik bermän, möhletinden öň ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş russiýaly türgen üçin PFL-iň ýeňil...

Dowamy »

92 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Usman Nurmagomedow Kolgany nokaut bilen ýeňip, PFL-iň çempionlyk adyny gorap saklady

Russiýanyň garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça ussady Usman Nurmagomedow Professional Fighters League (PFL) guramasynyň ýeňil agram (70 kilograma çenli) derejesindäki çempionlyk guşagyny üstünlikli gorady. Ol Nýu-Ýork şäherinde geçirilen söweşde amerikaly Arçi Kolgany birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.
28 ýaşly Usman Nurmag...

Dowamy »

113 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago