Sahypjemal
Sahypjemal
Asly Änewli bolup, Büzmeýinde (häzirki Abadan) ýaşan 72 ýaşly Sahypjemal atly şahyr zenandan 1914-nji ýylda Alyşbek Alyýew birnäçe goşgularyny ýazyp alyp, olary 1915-nji ýylda Aşgabatda çykýan ''Ruznamaýi-mawera-ýi bahri hazar'' atly gazetda we Bakuwda (Azerbeýjan) çykýan ''Gurtulyş'' atly jurnalda çap edilipdir. Soñky ýyl...
''Gorkut atamyñ kitaby''
BISMILLAHY-R-RAHMANY-R-RAHYM WE BIHI NESTAGIN
Resul alaýhyssalam zamanyna ýakyn baýat boýundan Gorkut ata diýrler bir är döredi. Oguzyň ol kişi tamam bilijisidi. Näme diýse bolardy. Gaýypdan dürli habar söýlärdi. Haktagala onuň köňlüne ylham ederdi. Gorkut ata aýtdy: Ahyrzamanda hanlyk ýene gaýylara ýeter. Hiç kim ellerinden almyýa,...
Ayryldyk
Eý agalar, arman bilen
Dürli döwrandan aýryldyk.
Il bolup Rahym han bilen,
Haýdar soltandan aýryldyk.
Bedew münüp, begres geýen,
Ne näzi-nygmatlar iýen,
Köp eşretli Lebap diýen
Bir gadyrdandan aýryldyk.
Girdik bir çöli-mugana,
Suw içmedik gana-gana,
Uç...
Lukmanyn doreyshi hakynda erteki
Yurdun patyshasy duysh goryar. Duyshunde onun gulagyna “Her gun pylan yerdaki guya bir sacak corek okla” diyen owaz eshidilyardi. Ol tisginip oyanyar we sargydy berjay etmegin ugruna cykyar Aradan ep esli wagt gecyar/ Bir gun ol “Her gun guya bir sacak corek oklandyryn Gel shol guya girip goreyin getiryan coreklarim nama yal bolyaka.” Diyen netija...
Nowruz hakda rowaýat
Taryhda Mesopotamiýanyň (Derýaaralygy) medeniýetiniň başyny başlan Sümer ilaty hasaplanylýar. Alymlaryň pikirine görä, sümerliler Orta Aziýadan Hazar deňziniň eteklerinden häzirki Yragyň ýerlerine ýaýrapdyr diýip hasaplaýarlar. Mesopotamiýanyň ilaty ekerançylyk medeniýetine içgin üns beripdir. Ekerançylykda bolsa, ekiş we ýygym wagtyna, ýagny onuň...
“DIŇE MEN, BAŞGA HIÇ KIM!”
Ençeme wagtdan bäri men Internetde, esasan hem "V-kontakte" sosial ulgamynda, "Syndicate", "Top-People-of-Turkmenistan" we "Exclusive Turkmenistan" atly toparlarda türkmen ýaşlarynyň paýlaşýan suratlaryny görüp aňk-taňk bolýaryn. Meselem, gelin-gyzlar saçlaryny sary reňke boýap, dodaklaryny plastik hirurglaryň ýa-da makiýažyň kömegi bilen çişirip,...
Tug barada rowayat
Ýaşuly adamlaryň gürrüň bermegine görä orta asyrlarda şu töweregiň dini wekilleri we beýleki isleg bildirýän barly, güýçli-kuwwaty bar bolan adamlar toparlanyşyp Mekge-Medinä zyýarata her ýylyň Gurban aýynda gidýän ekenler.
Uzak ýola gitmezden ozal Astanababa binagarlik toplumynda üýşüp sadaka berip, onun tuguny belende galdyryp hemem binaga...
Wesyetler boyunça.
Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler.
Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler.
Şeýdip endik etdik aglamazlyga.
Şeýdip endik etdik aldamazlyga.
Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp».
Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp».
Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre,
Hakyň barmy? Törüň özünden sora!»
Ýen...
ŞEÝLE OGUL DOGRAWERIŇ...
- Keýmir aga, kyn görmän, atyňyzdan düşägetdin, haýsymyzyň il derdine ýarajak çyn ogul dogurandygymyzy takyklap beräýseňiz.
- Wah, oň kynçylygy bolmaz, gelinler - diýen Keýmir kör ilki birinji gelniň goltugyndaky çaganyň çekgesine çalýar. Gör-ä, ony, çyrlap beýleki etmeden-ä elli bizar, gaýta. jykyrdap otyr.
- Bu bir binamys. Başarsaň...
Keymiriň parasadyndan
EGRI OTURYP, DOGRY GEPLEŞMÄGE...
- Ýeri, how, Keýmir, maslahata şeýdip gelmelimi? Bagyrak arwanaň bilen bu gotur geçileň nämäň alamaty? Geňeşe getirmäge geňeşdar ýaşuly kethudaň, aksakgaldyr garasakgalyň ýokmudy? Nä olaň gyryldymy?
- Sen, Nedir, gaňňaňy gyşardyberme! Ýaşulyň ýerine şu keşşik janawer. Aksakgalyň dereginem şu ak...
ÝAGŞYLYK EDIP ÝETIŞEMOG-A
- Magtymguly aga! Siz ile belli şahyram weli, hol pylany bar-a. Ana, şol siz barada bir ýakaşyksyz çöwre gürrüňe başlasa, asyl, gutarar ýerde gutarybam bilenok-da.
- Ýok, sen meň ýanymda beýle bolar-bolgusyz zady aýdyp oturma. Aýdaýsaňam, bilip goýgun, oňa ynanman. Sebäbi o diýýän adamyň meň gürrüňimi etmez. Üçinimi? Häzirlikçe men ol kişä ý...
GÜRRÜŇIŇ GUÝRUGY
Soltansöýün patyşa nahar edinip gelýärkä, bir garry onuň öňüni kesip geçäýmezmi? Şonda gany depesine uran hökümdaryň bolmajysy bolýar.
- Heý, sylaşyksyz pelit! Idinsiz aýaga çolaşyp, gürrüňiň guýrugynam-a basdyň. Bilip goý! Indi onuň üçinem-ä jogap bermeli borsuň.
Bu ahwalata haýýaty göçen garry görgüli aglap-eňreýşine, garyp çatmasyn...
NÄME SÜÝJI?
Myralygyr Soltansöýün bir ýaňa ugranlarynda, patyşanyň ýene-de öňküleri ýaly, wezirine degşesi gelipdir:
- Aýtsana, dünýäde iň süýji zat näm-ä?
- Ýumurtga - diýen Myraly, ýetirmän-goýman gaýtargysyny suňşuransoň, ol gürrüň şol taýda galýar.
Aradan üç ýyl çemesem geçýär. Ine, bir günem olar tirkeşip ýola çykanlarynda, wezirini g...
Ugr tapyjylyk
ÝYLAN SAGAMOK
Soltansöýün, ýagny Hüseýin Baýkara suwsap gelýärkä, bir aýal maşgala oňa çal guýup berýär:
- Ysy janyňy alyp gelse-de, seň çalyňdan içjek däl. Halama ekeniň. Içinde gyl bar.
- Içmeseňiz, içmäň, aga! Gyl gönezlige gatançdyr. Onsoňam men gylly geçi sagýan, ýylan sagamok - diýen laýykatly jogaby eşiden patyşa...
GÜNDE BIR, HEPDEDE BIR...
- Kaka, aý kaka! Düýn gyzar ikindinler gelýärkäm, ýolda ýüküm agdy. Hiç urubam bilmedim. Görsem, gaýraky hataryň aşak başyndaky garaýagyz ýaşulynyň ogly gelýär. Emma bagrymy ýaryplar ýalbarsamam, ol ýükümi uruşmady. Onsoň oňa: “Sen asyl beýle ekeniň-ow. Gör, bakaly, biriňize dereserlik sataşaýsa, dädemi (Lukman hekimi) gapyňyzdan garatman” diýdim w...
ÝOGALANYNY ÝAŞYRSAŇAM...
- Men-ä, käbäm, Hatam taý janyň ýogalanyny il-günden gizläp, onuň sahylyk ýörelgesini dowam etdirjekdirin.
- Be, şeý diýsene?! Ýöne, oglum, bir zat, sen onuň aradan çykanyny jemagatdan ýaşyryp bilersiň. Oňa ynanýan. Emma Hatam janyň eli açyklyk kesbini welin, her zat etseňem, bilmejekdigiňi aýnyhata aňýan.
- Nädip aňýaň?
- Sebä...
Abul–Fazlyň (Saragtbaba) aramgähi
Saragtbaba aramgähi Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby
Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry
Göroglybeg eýýamynda dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar. Saragtyň binagärleriniň guran ymaratlary Eýranyň we Merkezi Aziýanyň orta asyr şä...
Ýartygümmez aramgähi
Ýartygümmez aramgähiÝadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby
Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry
Sarahs harabaçylygynyň 7-8 kilometrlik günorta we günorta-gündogar tarapynda gaty weýran bolan Ýartygümmez aramgähi ýerleşipdir. Onuň ýüzündäki ýazgynyň görkezişine görä, bu desga 1098-nji ýylda bina edilip...
Sarahs galasy hakynda rowaýat
Sarahs ýer ýüzündäki ýurtlardan özüniň hoş howasy bilen tapawutlanypdyr. Ony Turan şasy Afrasyýap bina edipdir. Afrasyýap şa parasatly we akyldar bolupdyr. Halaýygyň her bir müşgil işi Afrasyýap şanyň adyllygy bilen çözüler eken. Öňki wagtlarda Sarahsyň adyna “Galaýy Afrasyýap” hem diýipdirler. Ol ýedi derwezeli gala bolupdyr.
Erk ga...
Nusaý galasy hakynda rowaýatlar
Bir patyşa täze Nusaýy saldyrýarka, işe ýekeje pursat gijä galany diriligine palçygyň arasyna oklap, üstündenem palçygy guýduryberýän ekeni. Şeýle zalym ekeni, şeýle bir zulumdar ekeni.
Günlerde bir gün, Gurban nähilidir bir sebäp bilen işe gijä galyp baraýmazmy! Atly aýlanyp ýören patyşa biçäräni ýanyna çagyrypdyr-da: