Ýaşuly adamlaryň gürrüň bermegine görä orta asyrlarda şu töweregiň dini wekilleri we beýleki isleg bildirýän barly, güýçli-kuwwaty bar bolan adamlar toparlanyşyp Mekge-Medinä zyýarata her ýylyň Gurban aýynda gidýän ekenler.
Uzak ýola gitmezden ozal Astanababa binagarlik toplumynda üýşüp sadaka berip, onun tuguny belende galdyryp hemem binagarlik toplumyň gapylaryny açyp 40 gün goýýarlar eken.
Şeýlelik-de uzak yola, zyýarata gidip bilmeýän adamlar Astanababa binagärçilik toplumyna zyýarata gatnasalar olaryň zyýaraty Mekge-Medinä giden yaly bolýarmyş diyýärler. Elbetde bu gürrüň ýaşulylaryňky belki dogrudyr, ýöne esasy zat Astanababa edilýän ýokary derejede hormat we ynamdyr.
Bu bolsa, Ata-babalarymyzyň aňynda däp bolup gelýän iň gowy hasiyetdir.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir