Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler.
Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler.
Şeýdip endik etdik aglamazlyga.
Şeýdip endik etdik aldamazlyga.
Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp».
Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp».
Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre,
Hakyň barmy? Törüň özünden sora!»

Ýene-de diýdiler: «Ulalyp ýaşyň,
Garaja gyl bilen basyrlar döşüň».
«Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler.
Günäňi geçerler, ogul!» diýdiler.
«Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler,
Döşüňe mynasyp bolgul!» diýdiler.

Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?»
Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!»
«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler,
Çyn şägirt
ondanam gyt zat!» diýdiler.
«Öwrenip ilkinji harpy – diýdiler,
Gomalar şägirdiň galpy!» diýdiler.
«Galp şägirtden boluň hüşgär!»
«Emer-de,
emjegňi dişlär!» diýdiler.

Ýene-de diýdiler: «Ulamy-kiçä,
Öljegňi bilseň-de, ýalbarma kişä!»

«Diňe bir adama ýalbar!» diýdiler.
Onuňam adyna dilber diýdiler.
«Aýyp däl näzini çekmek – diýdiler,
Näzden ýüzün sowan – akmak!» diýdiler.

«Ýene iki merde ýalbarmak bolar –
Diýdiler – ene hem atadyr olar».
«Ataňa ýalbarsaň – galkynar ruhy».
«Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy»,
«Kim etse şolara tagzym – diýdiler,
Işi rowaç, ýaşy uzyn!» diýdiler.

...Ene kän edepleň tutdular adyn.
Diýdiler: «Gabanma özgäň şöhratyn!»
«Gabanma zehiniň ezelligini!»
«Gabanma öz joraň gözelligini!»
«Gabanma öz äriň gerçekligini!»
«Gabanma öz gelniň alçaklygyny!.
Ne näzlerin, ne-de sözlerin gaban,
Diňe oýnaklatsa...
gözlerin gaban!»

Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!»
«O nämüçin?» diýip berdiler sowal.
Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň,
Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün –
Aýal
är ojagyn saklar – diýdiler,
Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler.
«Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler,
Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.

«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler,
Bu babatda pesdir entek!» diýdiler.
«Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly,
Gözlerin ýumdumy eziz aýaly –
Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler,
Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler.

...Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat.
Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat.
Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler,
Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler.
Kyn hem bolsa,
Şudur wesýet – diýdiler.
Diňe kyn zat –
Şol mukaddes! – diýdiler.

Kerim Gurbannepesow.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir