Sem Altman ChatGPT-niň ýolbaşçylygyndan çekilip, barlag işleri bilen meşgullanar
OpenAI kompaniýasy Instacart amerikan eltip berme hyzmatynyň häzirki baş direktory we Facebook App-yň öňki ýolbaşçysy Fiji Simonyň programma üpjünçiliginiň ösüş ugruna ýolbaşçy hökmünde bellenendigini habar berdi. OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman X sosial torundaky sahypasynda bu çäräniň oňa barlaglara, hasaplaýyş mümkinçiliklerine we emeli aňyň how...
Maskyň superkompýuteri 300 000 öýe ýeterlik tok sarp edýär
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Colossus superkompýuteri Memphis Supercluster taslamasynyň çäklerinde doly güýjüne işläp başlady. Onuň energiýany sarp edişi şeýle bir ýokary welin, ol 300 000 ýaşaýyş jaýynyň sarp etjek toguna barabar diýip, Tom’s Hardware habar berýär.
Häzir Tennessi ştatynyň Memfis şäherinde ýerle...
Jesko Absolut giperkary ýarym mil aralykda Venom F5-iň tizlik rekordyny täzeledi
Koenigsegg Jesko Absolut giperkary ýarym mil – takmynan, 800 metr aralykda tizlik rekordyny goýdy. Ulag tizligini 359,83 km/sag çenli artdyryp, Hennessey Venom F5-iň öňki netijesinden geçdi. Bu ulag tizligini 357,11 km/sag çenli artdyrypdy.
Sürüş garaşsyz synçylar gatnaşmazdan geçirildi, şonuň üçin ulagyň netijesi heniz resmi taýdan ykrar ed...
ABŞ-daky täze kanun taslamasy Apple-a daşarky programma dükanlaryna rugsat bermäge mejbur edýär
ABŞ-da iri sanly platformalaryň, şol sanda Apple bilen Google-yň iş düzgünlerini üýtgedip biljek täze kanun taslamasy hödürlenildi. Bu taslama görä, uly programma dükanlarynyň operatorlary ulanyjylara daşarky programma dükanlaryny enjamlaryna gurnamaga we olary esasy dükana öwürmäge rugsat bermeli bolar diýip, «The Verge» habar berýär.
Kanun...
SpaceX ýylda 25 gezek Starship raketasyny uçurmaga rugsat aldy
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) Starship uçuşlarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine degişli jemleýji ekologiki bahalandyrmasyny çap etdi.
FAA-nyň hasabatyna görä, Ilon Maskyň kosmos kompaniýasy aşakdaky çäreler üçin resmi taýdan rugsat aldy:
Tehasdaky «Ýyldyz bazasynda» ikinji uçuş meýdançasyny gurmak;
Ýylda 25...
Mitsubishi 2026-njy ýylyň tomsunda täze elektrokrossower hödürlär
Mitsubishi kompaniýasy 2026-njy ýylyň tomsunda Demirgazyk Amerikada elektromobil bazaryna gaýdyp geler. Täze model ABŞ-da we Kanadada elýeterli bolar. Bu 2017-nji ýylda i-MiEV modeliniň satuwy bes edileni bäri brendiň ilkinji elektromobilidir.
Mitsubishi Motors North America-nyň prezidenti Mark Çaffiniň aýtmagyna görä, elektrokrossower “için...
Windows XP iş stolundaky meşhur baýyr tanalmaz derejede üýtgedi
Internet ulanyjylaryny Windows XP iş stolundaky meşhur ýaşyl baýryň häzirki görnüşi haýran galdyrdy. Bu ýeriň üýtgändigini görkezýän suratlar bilen @insidehistory lakamly ulanyjy paýlaşdy.
Fotosuratçy Çarlz O’Rier tarapyndan Napa jülgesinde (Kaliforniýa) düşürilen meşhur suratda ýiti gök asman bilen zümerret ýaşyl baýyrlar şekillendirilipdi....
NASA-nyň howa şary 17 günde dünýäniň daşyndan aýlandy
Täze Zelandiýanyň Wanaka şäherinden asmana uçurylan NASA-nyň futbol meýdançasy ýaly ululykdaky howa şary 17 gün 13 sagat 47 minudyň dowamynda, dünýäniň daşyndan doly aýlanyp, ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady. Bu hadysa NASA-nyň Günorta ýarymşaryň orta giňişliklerinde geçiren synag maksatnamasynyň möhüm bölegi boldy.
Uçuş 4-nji maýda ABŞ-...
Business Insider: Google filmler we teleseriallar boýunça täze bölüm döretdi
Google kompaniýasy film we teleserial önümçiligi boýunça «100 Zeros» atly başlangyjy işe girizdi. Bu barada «Business Insider» neşiri habar berýär. Täze taslama Range Media Partners prodýuserlik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.
Bu bölüm Google tarapyndan maliýeleşdirilip bilinjek taslamalary gözlär. Neşiriň berýän magluma...
Xiaomi we Huawei ätiýaçdan Google Play-siz HyperOS 3-i işläp düzýärler
Xiaomi, BBK Group (Oppo, Vivo we OnePlus brendleriniň eýesi) we Huawei bilelikde Google Play hyzmatlary bolmazdan hem işläp biljek HyperOS 3 operasion ulgamyny işläp düzýärler. Bu ädim ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň mümkinçiligi bilen baglanyşykly bolup, şol sanksiýalar eýýäm Huawei kompaniýasyna güýçli täsir etdi. Bu barada Xiaomi-niň ösüşlerine göz...
Xiaomi «SU7 Ultra-nyň» kuwwat çäklendirmelerini aýyrdy: indi ol ozalky 900-e derek 1548 at güýjüni berýär
Howpsuzlyk sebäpli Xiaomi öz «SU7 Ultra» elektromobiliniň kuwwatyny başlangyç tapgyrda programma arkaly çäklendiripdi. Emma müşderileriň şikaýatlaryndan soň, kompaniýa bu karary täzeden gözden geçirip, çäklendirmeleri aýyrmaga karar berdi.
«CarNewsChina» neşiriniň habaryna görä, zawoddan çykýan «SU7 Ultra» modeli diňe 900 at güýjüni öndürýär...
IPhone 17 Air zarýad berýän daşlyk bilen çykarylar
Täze iPhone 17 Air-iň juda inçejik dizaýny, ähtimal, batareýanyň işleýiş wagtynyň gysgalmagyna sebäp bolar. «The Information» neşiriniň çeşmelerine salgylanyp beren habaryna görä, bu smartfony bir günläp zarýadsyz ulanmak kyn düşer. Şonuň üçin Apple bu model üçin içine goşmaça batareýa ýerleşdirilen ýörite daşlyk çykarmagy meýilleşdirýär.
Mu...
Google kompaniýasy Android ulgamy üçin düýpli täzelenme taýýarlaýar. Näme zat üýtgeýär?
Google-yň resmi blogunda Android ulgamynyň täze dizaýn konsepsiýasy barada ýazgy peýda boldy. Bu ýazgyda täze ulgamyň nähili boljakdygy görkezilýärdi. Ekran şekillerine görä, täze Android has düşnükli, ýagty, reňkli we aňsat bolar. Bu ýazgy blogdan tiz wagtda pozuldy, emma internetde ýaýrap ýetişdi diýip, «TechCrunch» habar berýär.
Android o...
Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar
Ford kompaniýasy 2022-nji ýylyň noýabryndan 2023-nji ýylyň martyna çenli aralykda öndürilen elektrikli «F-150 Lightning» pikaplaryny akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Mesele akkumulýator blogyndaky şinalaryň üstünde ýerleşýän boltlaryň gowşak berkidilmegi bilen baglanyşykly bolup, bu ýagdaý elektrik dugasynyň dö...
Dubaý Microsoft bilen bilelikde ýarym milliard dollarlyk maglumat merkezini gurýar
Microsoft kompaniýasy bilen BAE-niň Du telekommunikasion operatory Dubaýda uly möçberli maglumat merkeziniň gurluşygyna başladylar. Taslamanyň bahasy 544 million dollar. Bu merkez Dubaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky liderligini pugtalandyrar diýip, «TechRadar» habar berýär.
Maglumat merkeziniň gurluşygy Microsoft-yň Ýakyn Günd...
ABŞ 2030-njy ýyla çenli HKS-iň ulanylyşyny bes eder we täjirçilik stansiýalaryna geçer
ABŞ-nyň administrasiýasy 2030-njy ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasynyň ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň 2026-njy ýyl üçin býujet taslamasynda aýdylýar.
Resminama görä, HKS üçin çykdajylar 508 mln dollar azaldylar. Bu ekipažyň sanynyň we ylmy gözlegleriň möçberiniň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. NASA serişdeleri HKS...
Huawei EA üçin hususy çip zawodyny gurýar. Kompaniýa Nvidia bilen bäsleşmekçi
Huawei Şençžende emeli aň üçin çip öndürjek uly zawodyň gurluşygyna başlady. Kompaniýa daşarky üpjün edijilerden garaşsyz bolmagy we öz EA çözgütleriniň önümçilik prosesini gözegçilikde saklamagy maksat edinýär.
Financial Times-yň habar bermegine görä, zawod 7-nm çipleri, şol sanda Kirin prosessorlaryny we Ascend EA çiplerini çykarar. Ol önü...
Dark Cosmos reňkli Toyota Camry 2026 sedanynyň interýeri görkezildi
Toyota 2026-njy model ýylynyň Camry ulagy barada giňişleýin maglumatlary berdi. Bu ulag indi SE, XLE we XSE wersiýalarda kuzowyň täze Dark Cosmos – “öçügsi gök” reňkinde hödürlenýär. Bu reňk ýakynda hödürlenen Nightshade wersiýasy üçin elýeterli däldir.
Kompaniýanyň resmi saýtynda awtomobiliň salonyny we kapotyň aşagyny görkezýän suratlar ýe...
Ilon Maskyň Grok çat-boty indi gürleşip bilýär
xAI kompaniýasy Grok çat-botuny täzeläp, oňa ses aragatnaşygy funksiýasyny goşdy. Indi ulanyjylar ses arkaly sorag berip, audio jogaplary alyp bilýär. Funksiýa iOS gurluşlarynyň eýeleri üçin Grok programmasynda elýeterlidir.
Android-de ses režimi diňe SuperGrok ulanyjylary üçin açyk.
Tehnologiýa birnäçe dili goldaýar, bu hem emeli aň...
Iň kiçi Ferrari-niň kämilleşdirilen wersiýasy hödürlendi
Ferrari kompaniýasy 296 GTB Speciale ady bilen 296 GTB modeliniň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Bu brendiň hatarynda iň ykjam modeldir. Kupe bilen bilelikde üsti açyk wersiýa – 296 Speciale A hem çykaryldy.
Gibrid enjamynyň kuwwaty 830 at güýjünden 880 at güýjüne çenli artdyryldy. Hereketlendirijä F80 giperkaryndan alýumin porşenler...