Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi
Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy.
Şeýlelikde, Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek satylan...
OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar
OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar.
The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär.
Cerebras-yň çözgütlerini...
Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy
Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär.
Huawei-niň bazar paýy 16,4% boldy, bu bolsa mukdar aňlatmasynda 46,7 mln satylan smartfona deňdir. Apple 16,2% görkeziji...
Koreýaly alymlar aýna ýaly agaçdan penjire ýasadylar. Ol ultramelewşe şöhleleri saklaýar we ýagtylygy kadalaşdyrýar
Günorta Koreýanyň Hanbat Milli uniwersitetiniň we Konju Milli uniwersitetiniň ylmy işgärleri elektrik toguna birikdirilmezden ýagtylyk derejesini özbaşdak kadalaşdyrmaga we ultramelewşe şöhlelerinden goramaga ukyply akylly penjire döretdiler.
Penjire işlenen dykyz hilli agaçdan we polimer bilen ýaýradylan suwuk kristallardan ybarat kompozit...
Alymlar uçuşdan soň astronawtlaryň beýnisiniň formasynyň üýtgeýändiginiň üstüni açdylar
Kosmosa uçuş astronawtlaryň bedenine täsir edip, olaryň myşsalarynyň ýitmegine, süňk dykyzlygynyň peselmegine we suwuklyk hem elektrolit deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär. Emma bu-da hemmesi däl. Alymlar mikrograwitasiýanyň täsirlerini öwrenenlerinden soň, älem giňişligine uçuşyň astronawtlaryň beýnisiniň gurluşyna täsir edýändigini-de anyklad...
Microsoft toprak uglerody üçin uly möçberli karz şertnamasyna gol çekdi
Microsoft Indigo Carbon bilen 2,85 million toprak uglerody üçin karz satyn almak barada şertnama baglaşdy. Reuters-iň degişli çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, bu bazar boýunça iň uly şertnamadyr.
Karzlar ABŞ-da topragy dikeltmek maksatly oba hojalyk taslamalary bilen baglanyşyklydyr. Olar Microsoft-yň 2030-njy ýyla çenli uglerod bi...
Mask: «SpaceX» kompaniýasyny başga planetalylar bilen duşuşmak üçin döretdim»
Amerikaly milliarder Ilon Mask «SpaceX» kompaniýasyny beýleki ýyldyz ulgamlaryna syýahat etmek we başga siwilizasiýalar bilen duşuşmak maksady bilen döredendigini aýtdy. «Biz «Ýyldyzly ýoly» hakykata öwürmek isleýäris. Ol hemişe ylmy fantastikalygyna galyp bilmez, ol ylmy hakykata öwrüler» diýip, işewür nygtady.
«Uly kosmos gämileri älemiň...
Hytaýly alymlar kagyzyň galyňlygynda Gün batareýasyny döretdiler
HHR-nyň Suçžou uniwersitetiniň alymlary kagyz galyňlygyndaky çeýe fotoelektrik panel döretdiler. Ol kristal kremniniň we perowskitiň inçejik gatlaryndan ybarat diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi.
Fotoelektrik enjam özünde däp bolup gelýän materiallary jemleýär, şunda her bir gatlak Gün şöhlesiniň kesgitli tolkunlaryny tutýar...
Dünýäniň çip öndürijileriniň sap girdejisi geçen ýylda 21 göterim artdy
Dünýäniň ýarymgeçiriji öndürijileriniň girdejileri geçen 2025-nji ýylda 21 göterim artdy we 793,4 milliard dollara deň boldy diýip, «Gartner» seljeriş kompaniýasynyň deslapky hasaplamalaryna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Şunda amerikan «Nvidia Corp.» çipmeýkeri öňdeligi saklamak bilen, «Samsung Electronics» günorta koreý kompaniýasyndan ar...
Ilon Maskyň Grok çat-boty Gemini bilen birlikde Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Grok çat-boty ýanwar aýynyň ahyryna çenli Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler we edaranyň gulluk maglumatlaryndan başlap, aňtaw materiallaryna çenli ähli maglumatlaryna elýeterli bolar. Bu barada ABŞ-nyň goranmak ministri Pit Hegset aýtdy diýip, Associated Press habar berýär.
Amer...
Huawei-iň sedany Hytaýyň premium awtoulag bazarynda Porsche, BMW we Maybach-dan öňe geçdi
Huawei we JAC tarapyndan bilelikde işlenip düzülen Maextro S800 sedany, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň netijelerine görä, bahasy 700 000 ýuandan (100 000 dollardan gowrak) ýokary bolan awtoulaglaryň arasynda Hytaýyň bazarynda birinji orny eýeledi.
Haidaxing ECC seljeriş platformasynyň maglumatlaryna görä, bir aýyň dowamynda bu modeliň 4 376 sa...
Emeli aň geçen ýyl IT pudagynda 240 müň işgäriň işden çykarylmagyna sebäp boldy
RationalFX kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda global tehnologiýa pudagynda 244 851 işgär kemeldi. Çünki, Intel, Amazon we Microsoft ýaly uly kompaniýalar emeli aň tehnologiýalaryna uly möçberde maýa goýmagyny dowam etdirýär.
Işden çykarylan işgärleriň sany boýunça ABŞ birinji orunda durýar – 220 kompaniýadan 170 630 adam. Ik...
Google derňewlerden soň gözleg ulgamyndan saglyk üçin howply EA jogaplaryny aýyrdy
Google kompaniýasy The Guardian tarapyndan barlanylandan soň, emeli aň tarapyndan döredilýän gysgaça jogaplaryň (AI Overviews) bir bölegini aýyrdy. Žurnalistler bu jogaplaryň lukmançylyk maglumatlarynda ýalňyşlyklary saklaýandygyny anyklady.
Iň töwekgelçilikli mysallaryň biri «bagyr üçin ganyň analizinde iň kadaly diapazon» diýen soraga berl...
Nissan 2027-nji model ýylynyň täzelenen Z sportkaryny görkezdi
Nissan kompaniýasy Tokiodaky awtosalonda Ýaponiýada Fairlady Z ady bilen belli bolan Nissan Z sportkarynyň täzelenen wersiýasyny hödürledi. Model bazarda üç ýyl bäri bar we öndüriji uly bolmadyk restaýling geçirip, awtomobiliň daşky keşbini we tehniki aýratynlyklaryny üýtgetdi.
Daşky görnüşindäki esasy üýtgeşmeler öň bölegine degişli boldy....
Casio «ömürlik» sagatlaryny satyp başlady. Olaryň batareýasy 10 ýyla ýetýär
Casio ABŞ-nyň bazaryna täze WS1800 sanly sagadyny çykardy. Ol üç reňkde – gara, gök we ýaşyl reňklerde hödürlenýär. Her wersiýanyň bahasy 40 dollar bolup, eýýäm kompaniýanyň resmi saýtynda elýeterlidir.
WS1800 modeli retro-stilde sanly sport sagatlary hökmünde görkezilýär. Ekran iki zolaga bölünýär: ýokarky bölekde grafik şkalalar ýerleşýär,...
Toyota Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini hödürledi
Toyota Ýewropada düýbünden täze Hilux pikapyny tanyşdyrdy. Dokuzynjy nesil modeli dizel hereketlendirijisi we «ýumşak» gibrid bilen, şeýle-de doly Hilux BEV elektrik wersiýasynda hödürlenýär. Geljekde hatarda wodorod ýangyç elementleri bilen işleýän wersiýa hem peýda bolar, ol häzir ýol synaglaryndan geçýär.
Ýewropa premýerasy model Aziýada...
Bir wagtda 42 milliondan gowrak ulanyjy Steam-de onlaýn bolup, täze rekord goýuldy
Steam sanly distribusiýa hyzmaty bir wagtyň özünde onlaýn bolan ulanyjylaryň sany boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabat wagty bilen 19:00 töweregi 42 milliondan gowrak adam onlaýn boldy – Steam-iň resmi maglumatlary boýunça 42 020 941 we SteamDB statistikasy boýunça 42 042 778.
Öňki rekord bary-ýogy bir hepde oz...
Sürüjisiz ulaglar ýygnalýan rul bilen üpjün ediler: Tensor Robocar bu täzelige eýe boljak ilkinji model bolar
Geljegiň awtoulaglaryna häzirki modellerdäki ýaly hemişelik ulanylýan tegelek rullar gerek bolmaz. Autoliv we Tensor öndürijileri şeýle hasaplaýarlar. Olar dünýäde ilkinji gezek köpçülikleýin öndüriljek sürüjisiz awtoulaglar üçin niýetlenen ýygnalýan ruly hödürlediler. Autoblog neşiriniň habar bermegine görä, bu täzelik ilkinji gezek 2026-njy ýylyň...
Volkswagen we SAIC uly ID. Era 9X gibrid krossoweriniň jikme-jikliklerini mälim etdiler
Volkswagen we SAIC bilelikdäki kärhanasy aprel aýynda doly ölçegli ID. Era gibrid krossowerini resmi taýdan tanyşdyryp, seriýaly önümçiligine başlar. Şeýle-de bolsa, awtoulagyň suratlary we esasy häsiýetnamalary eýýäm internetde peýda boldy diýip, AutoHome neşiri ýazýar.
Modeliň suratlary ilki Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary mini...
Lexus täzelenen IS 2026 sedanyny hödürledi
Lexus ýapon bazary üçin 2026-njy model ýylynyň täzelenen IS sedanyny hödürledi. Awtomobil doly täzelenmedi, esasy üýtgeşmeler interýere we dolandyryş sazlamalaryna degişli boldy.
Sedan gaýtadan işlenen elektrik rul dolandyryş ulgamyna, sähel üýtgedilen daşky keşbe we F Sport wersiýalary üçin täze yzky spoýlere eýe boldy.
Salon öňküden...