Geljekde Android gurluşlary biri-birine ýönekeý degirmek arkaly faýllary geçirmek funksiýasyna eýe bolup biler. Hünärmenler beýle funksiýany Samsung One UI 9, Google Play Services we Android 17 ulgamlarynyň programma kodunda tapdy diýip, «Android Authority» neşiri habar berýär. Gürrüň Quick Share ulgamynyň bir bölegi bolup biljek täze Tap to share funksiýasy barada barýar. Ol iki enjamy biri-birine ýakynlaşdyrmak arkaly faýllary geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýanyň ilkinji alamatlary entek 2025-nji ýylda Samsung One UI örtüginiň synag görnüşlerinde peýda bolupdy. Funksiýanyň beýanynda: «Telefonuňyzyň ýokarky bölegini beýleki enjama ýakynlaşdyryň we faýllar iberiler» diýlip bellenilýär. Şeýle hem, mundan ozal Google Play Services ulgamynda Apple-iň NameDrop funksiýasyna meňzeş, enjamlary biri-birine golaýlaşdyrmak arkaly kontaktlary alyşmak funksiýasy tapylypdy. Başda ol diňe kontaktlar bilen çäklenýärdi, ýöne täze wersiýalarda beýleki maglumatlary hem ibermek mümkinçiligi agzalýar. Mundan başga-da, Android 17-niň synag görnüşlerinde operasion ulgam derejesinde işleýän TapToShare ulgam hyzmaty tapyldy. Bu bolsa agzalan funksiýanyň dürli öndürijileriň gurluşlarynda elýeterli boljakdygyny aňladyp biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir