Beýik Britaniýa dünýäde ilkinji bolup, magistral otlusynda kwant nawigasiýa ulgamyny barlap gördi. Bu synag işleri London bilen Uelwin-Gaden-Siti şäherleriniň arasyndaky Great Northern ýolunda amala aşyryldy. Gürrüň «Railway Quantum Inertial Navigation System» (RQINS) diýlip atlandyrylýan täze ulgam barada gidýär. Bu tehnologiýa kosmosdaky hemralardan gelýän signallara mätäç bolmazdan, otlynyň nirededigini örän duýgur datçikleriň kömegi bilen anyklaýar. Adaty GPS ulgamyndan tapawutlylykda, ol tunellerde, beýik binalaryň gür ýerlerinde we hemra signalynyň ýitýän beýleki kyn nokatlarynda hem bökdençsiz işleýär. Network Rail kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, bu tehnologiýa otlynyň iň kiçi hereketlerini we öwrümlerini hem hasaba alyp, onuň nirededigini yzygiderli hasaplap durýar. Geljekde bu täze ulgam otlulary yzarlamak üçin ulanylýan we gurnalmagy örän gymmada düşýän köne enjamlaryň hem-de desgalaryň ornuny tutup biler. Bu möhüm synaglar Great British Railways, Network Rail we Govia Thameslink Railway ýaly uly demir ýol edaralarydyr guramalary tarapyndan bilelikde guraldy. Hünärmenler ulgamyň hakyky demir ýol şertlerinde nähili işleýändigini jikme-jik barladylar. Taslamany Innovate UK we döwlet ylym, innowasiýalar we tehnologiýalar edarasy hem doly goldaýar. Britan häkimiýetleri kwant tehnologiýalaryna ýurduň ösüşi üçin iň möhüm ugurlaryň biri hökmünde garaýarlar.