Jeýms Gannyň “Supermen” filmi soňky 8 ýylda DC-niň iň üstünlikli taslamasy boldy
Jeýms Gannyň režissýorlyk etmegindäki “Supermen” filmi dünýä prokatyna soňky sekiz ýylda DC Studios üçin iň gowy kassa ýygymlary bilen başlady diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.
Premýera güni film, deslapky görkezişleri hasaba almazdan, 56,5 mln dollar gazandy. Deslapky görkezişlerde bolsa, film 22,5 mln dollar ýygnap, 2025-nji ýyly...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygyny çalyşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, Serdar Agamyradowiç Baýramow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
Bu wezipä Döwletmämmet Ýazmämmedowiç Seýidow bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Biz netijeli döwletar...
Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi
13-nji iýulda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri meýletinçileriň lybaslarynyň häzirk...
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi
13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň ba...
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi
13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenary boýunça welosiped...
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary çalşyryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Halmyradowiç Ataýew Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Bu wezipä Şöhrat Begmyradowiç Mämmedow bellenildi.
Türkmenistanyň wekilleri "Ýüpek ýoly - 2025" halkara ralli ýaryşyna gatnaşýar
Irkutsk şäherinde (RF) «Ýüpek ýoly» atly 15-nji halkara rallisi-marafony başlandy. Bu ýaryşa Türkmenistanyň adyndan T2 seriýaly wnedorožnikler synpynda çykyş edýän üç ekipaž gatnaşýar.
Türkmenistanyň awtosport federasiýasyndan bu synpda şu aşakdaky ekipažlar wekilçilik edýär:
2022-nji ýylyň ýeňijileri we 2023-nji ýylyň kümüş medal eýe...
Alymlar ýaralary bitirmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryny ulanmagy teklip edýärler
Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň alymlary ýara bitiriji dermanlary döretmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryndan edilen peptidleri ulanmagy teklip etdiler. Işläp taýýarlama melhemleriň, gelleriň we suwuk plastyrlaryň bir toparynyň çykarylmagy bilen tamamlanar. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy TASS-a habar berdi.
Uniwersitetiň...
Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy
Hytaý kazyýeti ýerli bazarda Jeep awtomobillerini öndürmek üçin döredilen GAC Fiat Chrysler Automobiles (GAC FCA) kompaniýasyny batdy diýip yglan etdi. Stellantis konserni bilen hytaý GAC-yň bilelikdäki kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylypdy. Indi ol öz işini gutarnykly bes etdi.
Dolandyryjylaryň maglumatlaryna görä, munuň sebäbi kärhanan...
Kümüş gymmatlaýar. Onuň bahasy 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi
Kümüşiň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda bir unsiýasy üçin 39 dollardan geçdi. Mundan öň, bu gymmatly metal şu nyrhda 2011-nji ýylyň sentýabrynda bahalanýardy.
Aşgabat wagty bilen 01:16-a çenli ýagdaýa görä, kümüşiň birža bahasy bir unsiýasy üçin 39,14 dollara ýetdi (+4,92%).
Iýul aýynyň başyndan bäri bu...
Volkswagen SAIC konserni bilen Hytaýyň Nankin şäherindäki bilelikdäki zawodyny ýapýar
Hytaýyň SAIC awtokonserni bilen Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanasy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Hytaýyň Nankin şäherindäki zawodyny doly ýapmagy meýilleşdirýär. Handelsblatt neşiriniň habar bermegine görä, zawodda önümçilik eýýäm togtadyldy. Bu maglumaty kompaniýanyň wekilleri hem tassyklaýarlar.
Zawodyň ýapylmag...
Ýannik Sinner Alkarasy utup, ilkinji gezek “Uimbldonyň” ýeňijisi boldy
Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner ispaniýaly Karlos Alkarasy utup, karýerasynda ilkinji gezek “Uimbldon” ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Duşuşyk dünýäniň birinji raketkasynyň peýdasyna 4:6, 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda tamamlandy. Oýun 3 sagat 4 minut dowam etdi.
Bu ýeňşiniň netijesinde Sinner şahsy duşuşyklarda Alkarasdan hasap tapawudyny azaltd...
Merab Dwalişwili Mahaçewden öňe geçip, ESPY tarapyndan ýylyň söweşijisi boldy
Neşwillde geçirilen UFC on ESPN 70 ýaryşynda UFC promouşeni “UFC-de ýylyň söweşijisi” nominasiýasynda ESPY 2025 baýragynyň ýeňijisini yglan etdi. Ol iň ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili boldy.
Gruzin-ispan söweşijisi bu nominasiýada ýeňil agramda öňki çempion, russiýaly Islam Mahaçewden, Günorta Afrikadan orta agramda çempion Drikus dýu...
Fransiýada Täze Kaledoniýa döwletini döretmek barada şertnama baglaşyldy
Täze Kaledoniýanyň syýasy güýçleri özbaşdaklyga eýe boljak täze döwleti döretmek barada ylalaşyk gazandy. Şol bir wagtyň özünde, ol Fransiýadan doly garaşsyz bolmaz we onuň düzüminde galar. Resminama 12-nji iýulda Parižiň etegindäki Bužiwalda gol çekildi diýip, Politico habar berýär.
Şertnama arhipelagyň garaşsyzlygynyň tarapdarlary bilen ga...
Paleontologlar gadymy süýdemdirijiniň täze görnüşini açdy. Ol 143 mln ýyl ozal ýaşapdyr
Paleontologlar dügür dişlileriň toparyndan mezozoý süýdemdirijisiniň täze nesline we görnüşine häsiýetnama berdi. Onuň dişleriniň daşa öwrülen galyndylary Beýik Britaniýada tapyldy. Takmynan, 143 mln ýyl ozal ýaşan bu jandar Novaculadon mirabilis adyny aldy diýlip, Proceedings of the Geologists’ Association žurnalynda habar berilýär.
Uzynlyg...
Lexus üçeginde tennis oýnadyp, Ginnesiň iki sany üýtgeşik rekordyny goýdy
Lexus kompaniýasy hereket edip barýan ulaglarda tennis oýny bilen bagly Ginnesiň iki rekordyny goýmaga gatnaşdy. Britaniýaly tennisçiler Jeými Marreý we Lora Robson 47 km/sag tizlik bilen hereket edip barýan awtomobilleriň üçeginde durmak bilen, birek-birege yzygider 101 gezek top geçirdi.
Howpsuzlygy üpjün etmek üçin Lexus NX krossowerlerin...
“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy
Hytaýyň “Çane-6” missiýasy tarapyndan Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak nusgalarynyň seljermesi alymlara, takmynan, 4 mlrd ýyl ozal uly asteroid bilen çaknyşmagyň Aý mantiýasynyň çuň gatlaklarynyň düzümini üýtgedip bilendigini anyklamaga mümkinçilik berdi. Ylmy gözlegleriň netijeleri Nature ylmy žurnalynyň dört makalasynda neşir edildi.
...
Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” filminiň dowamyny düşürmekden ýüz öwürdi
Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” (Дом у дороги) uruşly filminiň dowamyny düşürmez. Režissýoryň gitmeginiň sebäbi görkezilmeýär diýip, Variety ýazýar.
Riçi şu ýylyň ýazynda filmiň dowamynyň üstünde işlemäge goşulypdy. Filmde Jeýk Jillenhol we Deýw Batista oýnar. Ssenarini “Ýaramaz ýigitler: Güm bol ýa-da öl” (Плохие парни до конца) filmi bilen tanalýan...
Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa agentligi ýatyrylyp, ýerine 5 sany täze düzüm döredildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýatyrylan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkme...