Aşgabatda ýaşlaryň kompozitor R.Nepesow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýaş kompozitorlaryň Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, kompozitor Röwşen Nepesow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Kompozitorçylyk döredijil...

Dowamy »

53 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Aşgabadyň döwlet rus drama teatrynda «Meni diňle!» atly spektaklyň görkezilişi boldy

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ýaş dramaturg Margarita Kazakowanyň pýesasy esasynda «Meni diňle!» spektakly sahnalaşdyryldy. Awtor baş gahryman Aýperiniň durmuş wakalarynyň üsti bilen ýaşlaryň maşgaladaky öz hukuklary ugrunda göreşi, iki nesliň arasyndaky gapma-garşylyk ýaly möhüm meseleleri gozgaýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda geçirilen içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Pekin şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda içeri işler we jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada uza.uz saýty habar berýär.
Bu duşuşyk oňa gatnaşýan taraplara terrorçylyga we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna,...

Dowamy »

51 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda geçirilen içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Pekin şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda içeri işler we jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada uza.uz saýty habar berýär.
Bu duşuşyk oňa gatnaşýan taraplara terrorçylyga we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna,...

Dowamy »

50 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Russiýada buzluklaryň eremeginden soň 30 sany täze ada peýda boldy

Ählumumy maýlama Russiýanyň kenarýakalarynda soňky ýyllarda 30 sany täze adanyň döremegine getirdi. Bu barada Telegram-ýaýlymlara salgylanýan «ria.ru» habar berdi.
2025-nji ýylda Nowaýa Zemlýa (Täze Ýer diýen) arhipelagyndaky Borzowyň aýlagynyň uzynlygy 400 metr we giňligi 121 metre deň bolan bölegi materik buzlugyndan bölündi. Alym Andreý L...

Dowamy »

51 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» kongresine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 4–7-nji sentýabry aralygynda Portugaliýanyň Lissabon şäherindäki Kongresler merkezinde 9-njy Bütindünýä «Bitewi saglyk» kongresi geçirilýär. Ol adamlaryň, haýwanlaryň we daşky gurşawyň saglygynyň özara baglanyşygyna bagyşlanan iri halkara forumlaryň biridir.
Çäräni «Bitewi saglyk» atly halkara jemgyýetçilik guramasy guraýar. K...

Dowamy »

55 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Şakira noýabr aýynda Gyrgyzystanda konsert berip biler

Kolumbiýaly aýdymçy Şakira noýabr aýynda Bişkek şäherinde çykyş edip biler. Gyrgyzystanyň wekilleri aýdymçynyň topary bilen konsertiň geçirilmeginiň şertleri boýunça gepleşikleri alyp barýarlar, emma onuň takyk senesi entek tassyklanylmady. Bu barada 24.kg saýtynda habar berilýär.
Aýdymçynyň Gyrgyzystanda çykyş etmeginiň mümkindigi barada ýu...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

«Belet» Çempionlar ligasynyň birinji tapgyryndaky Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň gatnaşmagyndaky oýunlary görkezer

Şu hepdede UEFA-nyň 2026/27-nji futbol möwsümindäki Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry başlanýar. «Belet» platformasy tapgyryň çäginde Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň gatnaşmagyndaky sekiz duşuşygy göni ýaýlymda görkezer.
8-nji sentýabrda ýaýlymda «Brýugge» — «Aston Willa» (21:45), şeýle hem «Real Madrid» — «Inter...

Dowamy »

47 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Tramp «Aý biziňki» diýip ýazdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Aý ABŞ-nyň emlägi diýip yglan etdi. Ol «TruthSocial» torunda «Aý biziňki» diýen ýazgy hem-de soňunda amerikan baýdagy bilen Aýyň suratyny ýerleşdirdi.
Öň amerikan lideri geljekde haýsy hem bolsa, bu älem obýektiniň öz hormatyna atlandyryljakdygyna umyt edipdi. Geçen ýyl ol ABŞ-nyň 2028-nji ýyla çenli Aýa adam...

Dowamy »

48 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Lebap sement zawodynda täze önümhana işe girizildi

Lebap sement zawodynyň çäginde polipropilen haltalaryny öndürýän önümhana işe girizildi. Bu «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýyllyk kuwwaty 1 million tonna deň bolan ikinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi bilen döwrebap kärhananyň önümçilik mümkinçilikleri 2 esse artdyryldy. Ýylda 2 million tonna önüm ta...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

ÝÖB:Täjigistanyň senagat önümçiligi geçen ýarym ýylda 13,1 göterim ösdi

Täjigistanda senagat önümçiligi 2026-njy ýylyň ýanwar-iýuly aralygynda geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim ösüş görkezdi. Bu barada Ýewropa Ösüş bankynyň hepdelik makroykdysady synyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Aýratyn hem Täjigistanyň gaýtadan işleýän senagat pudagynda ýokary depgin hasaba alyndy —...

Dowamy »

51 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

TNGIZT-de 2,8 million tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) ýokary önümçilik görkezijilerini eýe boldy. Ýylyň başyndan bäri kärhana 2 million 805 müň tonnadan gowrak çig nebiti gaýtadan işläp, bellenen meýilnamany 100,6 göterim berjaý etdi. Bu barada «Ussatnews» habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, z...

Dowamy »

46 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Alym asman daşynyň Ýer bilen çaknyşmagynyň netijesi barada aýtdy

Iri asman daşynyň (asteroid) Ýer bilen çaknyşmagy tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ýaşaýşyny howp astynda goýup biler. Bu barada Gawaý uniwersitetiniň professory Kwok Faý Çengiň beýanatyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Ýagny 2029-njy ýylda Apofis asman daşy Aýa seredeniňde, Ýere on esse golaý geler. Emma alymyň sözlerine görä, onuň Ýer bilen ç...

Dowamy »

47 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň wekilleri «Birleşdiriji döredijilik» atly taslama gatnaşmaga isleg bildirdiler

Türkmenistanyň wekilleri «Birleşdiriji döredijilik» atly halkara kinematografiýa sessiýasyna gatnaşmak üçin arza tabşyrdylar. Bu barada TASS ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, «Göwher kebelek» Açyk Ýewraziýa baýragynyň çäginde geçiriljek sessiýa gatnaşmak üçin 13 döwletden 50-den gowrak arza tabşyrylypdyr. Taslama gatnaşmaga isleg bildirenl...

Dowamy »

49 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Peterburgyň wise-gubernatory Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärligine gül goýdy

Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiý Türkmenistana saparynyň dowamynda Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärligine gül goýup, gabaw astyndaky Leningradyň goragçylarynyň hatyrasyny hormatlady.
«Biz dürli taryhy döwürlerde türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygyny alamatlandyrýan ajaýyp «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikd...

Dowamy »

48 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmeniň buýsanjy» atly täze goşgusyny ýazdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmene belent ykbal bolan behişdi bedewleri, türkmen tebigatynyň, milli gymmatlyklarynyň waspyny ýetirýän çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusyny ýazdy. Arkadagly Gahryman Serdaryň goşgusy «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Türkmeniň buýsanjy
Beýik taryh — be...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

2026-njy ýyllaryň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu çärä Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Ýokary kazyýetiň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň wekilleri gatnaşarlar.
Kabul edişlik Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kronenbergde birnäçe teklibi öňe sürdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kornenbergde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde ahalteke atlarynyň arasyndaky dünýä çempionatyny her bäş ýyldan geçirmegi teklip etdi. Teklip mejlise gatnaşyjylaryň giň goldawyna eýe boldy. Bu barada TDH ýazýar.
Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow ahaltek...

Dowamy »

53 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýokary sylagy gowşuryldy

Niderlandlarda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly baýrak bilen sylaglandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Mejlisde Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyş edip, assosiasiýada ahal...

Dowamy »

51 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago