Mars Express Marsyň iň uly kraterleriniň birini surata düşürdi

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Marsyň Deuteronilus Cavus krateriniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlar Mars Express kosmos apparaty arkaly alyndy.
Krater Gyzyl planetanyň demirgazyk ýarym şarynda ýerleşýär. Onuň diametric, takmynan, 120 kilometre ýetýär. ESA-nyň berýän maglumatlaryna görä, bu formasiýa, takmynan, 4,1-3,7 milliard ýyl oza...

Dowamy »

29 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Napoleon Bonapartyň gylyjy garaşylandan bäş esse gymmat, 4,7 mln ýewro satyldy

Napoleon Bonaparta degişli bolan seýrek gylyç Pariždäki Giquello auksionynda ilkibaşdaky bahasyndan tas bäş esse gymmat satyldy. Onuň üçin 4,7 mln ýewro tölendi diýip, Le Figaro neşiri habar berýär.
Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, ilkibaşda ýaragyň bahasy 700 müň ýewrodan 1 mln ýewro aralygynda bolar diýlip garaşylypdy.
Gylyç Bona...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy

Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy. Suratlar Gün tegmillerini we işjeň zolaklary jikme-jik görmäge mümkinçilik berýär diýip, Solar Physics ylmy žurnalyna salgylanyp, Space.com neşiri habar berýär.
Suratlar Potsdamdaky (Germaniýa) Leýbnis astrofizika instituty tarapyndan işlenip taýýarlanan täze ýokary durulykd...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Şu hepdede Ýeriň deňinden köp gatly jaýyň göwrümindäki birnäçe howply asteroidler uçup geçer

Şu hepdede NASA tarapyndan potensial howply (howp salmak mümkinçiligi bar) diýlip kesgitlenen dört sany asteroid Ýeriň deňinden geçer diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär.
Birinji asteroid — 2025 KT1 — 12,8 metr diametrli bolup, 26-njy maýda Ýeriň ýanyndan howpsuz aralykda geçdi. 27-nji maýda bolsa 25,3 metr ululygyndaky 2025...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

HBO täze serial üçin Garri Potteri, Rony we Germionany saýlady

HBO Garri Potter baradaky geljekki serial üçin baş keşpleri ýerine ýetirjek aktýorlary saýlady. Baş gahrymany Dominik Maklaflin, onuň dostlary Ron Uizli bilen Germiona Greýnjeri – Alaster Staut we Arabelle Stenton ýerine ýetirer diýip, Warner Bros. Discovery-nyň metbugat relizinde aýdylýar.
Şourannerler baş keşpler üçin aktýorlary 2024-nji ý...

Dowamy »

29 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki direktory, futbol hünärmeni Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär.
R.Meredow futbol ýoluny 1999-njy ýylda Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparynda başlap, dürli ýyllarda “Dagd...

Dowamy »

29 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

«Resilience» ýapon moduly Aýa gonmazdan öň surat iberdi

«ispace» ýapon kompaniýasy «X» sosial torunda «Resilience» gonuş modulynyň täze düşüren suratyny paýlaşdy. Suratda Aýyň Günorta polýusy we onuň töweregi görünýär.
Modul şu ýylyň ýanwarynda «Falcon 9» raketa göterijisi arkaly Ýeriň hemrasyna ugradyldy. Enjamyň Aýa uçuşy dört aý diýen ýaly dowam etdi, ol ýangyjy tygşytlamak üçin uzak traýektor...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer.
Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, önümçilig...

Dowamy »

29 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

«Volvo» 3 müň işgärini işden boşadar

Volvo Cars şwed awtokompaniýasy 3 müňe golaý iş ornunyň azaldyljakdygyny mälim etdi. Bu çäre esasan-da ofis işgärlerine degişli bolar, bu bolsa ähli işgärleriň, takmynan, 15 göterimine deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň ofislerinde 43,5 müň adam işleýär.
Işden boşatmalaryň köpüsiniň Şwesiýada bolmagyna garaşylýar.
Hytaýyň «Geely» awt...

Dowamy »

25 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça III açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça III açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, olimpiada 8 ýurduň 38 sany ýokary okuw mekdebinden 135 talyp gatnaşdy.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige gatnaşan...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Aşgabatda Gruziýanyň Garaşsyzlyk güniniň 34 ýyllygy bellendi

Türkmenistanyň paýtagtynda Gruziýanyň döwlet garaşsyzlygynyň dikeldilmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri we resmi adamlar gatnaşdylar.
Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili gutlag sözi bilen çykyş...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň ilçisi bilen Sukuba uniwersitetiniň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

Şu gün Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagatanyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subainiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, geçirilen duşuş...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi

26-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýurdumyzyň oba hoj...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

10 sany halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurdumyz...

Dowamy »

43 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

“Formula 1-iň” ýedi gezek çempiony Mihael Şumaheriň awtoulagy 16 million ýewro satyldy

Mihael Şumaheriň 2001-nji ýylda Monako we Wengriýa Gran Prisinde ýeňiji bolup, “Formula-1”-iň çempionlygyny alanda münen bolidi 15,98 million ýewro satyldy. Bu barada The New York Times habar berýär.
Ferrari F2001 24-nji maýda Monakoda RM Sotheby’s auksionyna çykarylypdy. Neşiriň berýän habaryna görä, söwda 8 million ýewrodan başlap, aýgytly...

Dowamy »

40 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Haly baýramy mynasybetli sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisi geçirildi

25-nji maýda Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Esasy baýramçylyk dabaralary Türkmen halysynyň milli muzeýinde guraldy.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş e...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministri BSGG-niň Baş müdirine Aşgabatdaky foruma çakylygy gowşurdy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň Ženewada geçirilen 78-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Assambleýanyň umumy mejlisinde ählumumy raýdaşlygyň zerurdygyny nygtaýan pandemiýa taýýarlygy we jogap çäreleri boýu...

Dowamy »

45 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Pekinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

24-nji maýda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.
Duşuşygyň gün tertibine şu ýylyň iýunynda Astana şäheri...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, hlorly natrini satyn aldylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuk...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (26.05 - 01.06)

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada "Türkmenistan" gazetinde maglumat berdi.
Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago