«Lilo we Stiç» filmi ABŞ-da ilkinji görkezilişde rekord girdeji gazandy
«Lilo we Stiç» filmi ABŞ-da prokatyň ilkinji dört gününde 183 million dollar girdeji gazandy we premýera uik-endinde kassa girdejeleri boýunça täze rekord goýdy.
Ozalky rekord «Paramount» studiýasy tarapyndan surata düşürilen «Top Gan: Mewerik» filmine degişlidi, ol 160,5 million dollar girdeji gazanypdy.
Anna güni «Lilo we Stiç» 56-5...
“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” franşizada iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi
Tom Kruz bilen “Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi franşizanyň taryhynda iň gowy kassa başlangyjyny görkezdi. Collider neşiriniň maglumatlaryna görä, sekizinji bölüm dünýä prokatynda 190 mln dollar ýygnady.
ABŞ-da film 63 mln dollar gazandy, ýene 127 mln dollary oňa ýurtdan daşary kin...
Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki...
BMW strategiýany düzedip, benzin modellerini köp öndürmek kararyna geldi
BMW Hytaý bazary boýunça çaklamalaryna gaýtadan seretdi. Kompaniýa doly elektrik awtomobilleriň satuwy boýunça garaşýan görkezijilerini peseldip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modeller boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy.
Şeýle çözgüt i3 we iX3 elektromobilleri bilen şowsuz tejribeden soň kabul edildi. Kompaniýanyň elektromobiller üçi...
Sergeý Brin «Google-yň» 700 mln dollarlyk paýnamasyny haýyr-sahawat üçin bagyşlady
Google kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Sergeý Brin kompaniýanyň, takmynan, 700 million dollara barabar bolan 4,1 million paýnamasyny haýyr-sahawat maksady bilen bagyşlady. Bu barada geçen hepde ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasyna berlen beýanatda mälim edildi.
24-nji maýda Briniň maşgalasy bu serişdeleriň esasy b...
Alymlar gadymy türki halklaryň «jadyly» daşlaryň güýjüne bolan ynançlaryny öwrendiler
Orta Aziýanyň giň sähralaryndan başlap, Kiçi Aziýanyň gadymy ybadathanalaryna çenli dürli halklaryň arasynda, käbir daşlaryň adam bilen ýokary güýçleriň arasynda araçy bolup bilýändigi barada ynanç giňden ýaýrapdyr.
Şolaryň arasynda iň meşhury, türki rowaýatlarda «ýada daşy» ýa-da «ýat daşy» diýlip agzalyp geçilýän (arapça «Hajer-ül-matar»,...
Alymlar galyndylary peýdaly dökünlere öwürmegiň usulyny oýlap tapdylar
Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary lagym suwlaryndan ammoniý azodyny çykaryp, ony struwite – özünde magniý, ammoniý we fosfat saklaýan peýdaly mineral döküne öwürmegiň usulyny işläp düzdüler.
Suw howdanlarynyň ammoniý azody bilen hapalanmagy giňden ýaýran mesele bolup durýar. Russiýanyň özünde her ýyl derýala...
Täze Zelandiýa başlangyjy kosmos uçuşlary üçin niýetlenen gaýtadan ulanylýan raketoplany satyp başlady
Täze Zelandiýanyň Dawn Aerospace kompaniýasy uçarmansyz, gaýtadan ulanylýan Aurora raketoplany üçin sargytlary kabul edip başlady. Apparat kosmosa az mukdardaky ýüki çykarmak üçin niýetlenendir diýip, Space News habar berýär.
Adaty çemeleşmeden tapawutlylykda, kompaniýa müşderilere diňe bir uçurmak bilen bagly hyzmatyny teklip etmän, eýsem r...
Birža söwdalarynda 290 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, hlorly natrini satyn aldylar. «Türk...
Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda hytaý kompaniýalarynyň tejribeleri öwrenilýär
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň «Inspur Software» kompaniýasynyň baş direktory Žao Şaoksiangyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
...
Samarkant 2025-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty derejesini alar
Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýer Saidow Yslam dünýäsiniň bilim, ylym we medeniýet guramasynyň (ICESCO) baş direktory Salim bin Muhammad al-Malik bilen duşuşdy. Duşuşyk wagtynda barha ilerleýän hyzmatdaşlygyň geljegine dahylly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Daryo.uz» habar berdi.
«2025-nji ýylda Samarkant şäherine ysla...
Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wise-prezidenti Ž-N.Kastorionyň we Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory P.Barteleminiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly...
Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mihail Kawelaşwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk...
Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi
78-nji Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Bu barada festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan edildi.
“Ýönekeý bir tötänlik” pidalaryň we jellatlaryň arasyndaky gatnaşyk baradaky wakadyr. The Hollywood Reporter-iň ýazmagyna görä, sýužet eýranly re...
Netflix “Titan” batiskafynyň heläkçiligi hakdaky filmiň treýlerini görkezdi
Netflix “TITAN: OceanGate Disaster” (Titan: OceanGate heläkçiligi) dokumental filminiň treýlerini çykardy. Akym hyzmatynda ilkinji görkeziliş 11-nji iýunda bolar.
Film 2023-nji ýylda Atlantik ummanynda bolup geçen betbagtçylygy derňeýär. OceanGate kompaniýasynyň bäş ýolagçyny alyp barýan “Titan” batiskafy “Titanigiň” heläkçilige uçran bolan...
Fransiýada fermer melleginden 4 mlrd dollarlyk altyn tokgalaryny tapdy
52 ýaşly fransiýaly fermer Mişel Dýupon öz melleginden sap altyn böleklerini tapdy. Deslapky hasaplamalara görä, onuň ýerinde, takmynan, 150 tonna altyn bolup biler. "Mirror" neşiriniň habaryna görä, Tapyndynyň bahasy 3 milliard funt sterling (4 milliard dollardan gowrak) diýip hasaplandy diýip, Mirror neşiri ýazýar.
Dýupon çeşmejigiň ugry b...
Meizu täze gajetleri bilen dünýä bazaryna gaýdyp gelýär
Meizu global onlaýn tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, birnäçe täze smartfonyny we dakylýan gurluşlaryny, şol sanda AR äýnegini we smart-ýüzügini hödürledi. Gurluşlaryň ählisi emeli aň ulgamyny işjeň ulanmak bilen döredildi.
Meizu Mblu 22 smartfony 90 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,79 dýuýmlyk HD+ displeýine eýe boldy. Sekiz ýadroly prosessor w...
MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi
MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy.
Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar.
Donaldson karýerasyna YouTube-dan başlady. Ol 2017-nji ýylda 44 sagadyň dow...
Ilon Mask Tesla-nyň baş direktorlygyndan aýrylmagy meýilleşdirmeýär
«Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask özüniň baş direktorlyk wezipesinden çekilmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Ol täze baş direktoryň diňe onuň aradan çykmagy bilen gelip biljekdigini aýtdy diýip, «Carscoops» habar berýär.
Katarda geçirilen ykdysady forumda milliarder Mask özüniň azyndan ýene bäş ýyl «Tesla» ýolbaşçylyk etmegi...
Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy
3-nji maýda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda tarap...