Iri asman daşynyň (asteroid) Ýer bilen çaknyşmagy tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ýaşaýşyny howp astynda goýup biler. Bu barada Gawaý uniwersitetiniň professory Kwok Faý Çengiň beýanatyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Ýagny 2029-njy ýylda Apofis asman daşy Aýa seredeniňde, Ýere on esse golaý geler. Emma alymyň sözlerine görä, onuň Ýer bilen çakyşmak töwekgelçiligi juda ujypsyzdyr. «Munuň biziň döwrümizde bolmagy mümkin däl, şonuň üçin çynlakaý howsala düşüp oturasy iş ýok» diýip, okeanolog nygtady. Professor Kwok Faý Çengiň sözlerine görä, iri asman jisiminiň gaçmagy ählumumy heläkçilige getirip bilerdi, emma şeýle wakanyň bolmak ähtimallygy diýseň pes, şonuň üçin ol gaty bir üns bereniňe hem degmeýär.