4,5 minutlyk tümlük. 8-nji aprelde doly Gün tutulmasy bolar. Indiki gezek bu hadysa ýene 20 ýyldan gaýtalanar
2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde doly Gün tutulma hadysasy bolar. NASA-nyň berýän maglumatlaryna görä, ol 4,5 minutlap dowam eder, bu bolsa ony synlamak we öwrenmek ajaýyp mümkinçilikdir.
Hadysa Solar Orbiter we Parker Solar Probe kosmiki apparatlary, şeýle hem müňlerçe astrosuratçylar gözegçilik eder.
Gynansagam, bu seýrek astronomiki...
Ýewropada emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän dünýäde ilkinji kanun kabul edildi
Ýewroparlament emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän kanuny kabul etdi. Bu emeli aň ulgamlaryny işläp düzüjiler we ulanyjylar üçin düzgünleri kesgitleýän dünýäde ilkinji resminamadyr.
Kanun emeli aň ulgamlary üçin töwekgelçiligiň pes, ortaça, ýokary we kabul ederliksiz ýaly dört kategoriýasyny girizmek bilen, raýatlaryň hukuklaryny bozýan t...
Killian Mýorfi Versace Icons-yň ilkinji erkek ilçisi boldy
47 ýaşly irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi Versace Icons hatarynyň ilkinji erkek ilçisi boldy. Bu barada brendiň saýtynda habar berilýär. Mýorfiniň gatnaşmagyndaky mahabat kampaniýasy 3-nji aprelde çykar. Aktýor Milan brendiniň erkekler üçin kolleksiýasyndan “esasy we wagta tabyn däl zatlary” hödürlär.
“Men Killianyň Versace maşgalasyna goşu...
Robert Pattinsonyň baş keşbi janlandyrýan «Betmen» filminiň ikinji bölüminiň çykjak senesi yza süýşürildi
Warner Bros studiýasy Robert Pattinsonyň baş keşbi janlandyrýan «Betmen» filminiň ikinji bölüminiň çykjak senesini yza süýşürdi. Supergahrymanly söweş filmi 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda çykar. Bu barada Independent neşiri habar berýär.
Ilkibaşda filmiň dowamy 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykmalydyr, indi bu senede Meggi Jillenhol we...
Adidas 32 ýylda ilkinji gezek ýyly sap ýitgi bilen ýapdy
Sport harytlaryny öndüriji Adidas 2023-nji ýylyň jemleri boýunça arassa ýitgi çekdi, şeýle ýagdaý 1992-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bolup geçdi. Bu barada kompaniýanyň 2023-nji ýyldaky maliýe hasabatynda beýan edilýär.
2023-nji ýylyň jemleri boýunça onuň arassa ýitgisi 14 million ýewro, dowam edýän amallardan maliýe ýitgileri 58 million ýew...
ÝUNESKO Berliniň tehnosyny medeni mirasyň sanawyna goşdy
Berliniň tehnosy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu barada ÝUNESKO-nyň komissiýasy habar berdi.
Berliniň tehno-sahnasyny ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak haýyşy bilen 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Rave the Planet täjirçilik däl guramasy çykyş etdi – bu pikiri goldamak üçin bolsa ýörite şüweleňler geçirildi.
Berlin...
2023-nji ýylda Antarktidadaky buzuň meýdany soňky 45 ýyldaky iň pes derejesinde boldy
1980-nji ýyllarda Antarktidanyň töweregindäki buzuň meýdany 3 million inedördül metre çenli kiçelýärdi. 2022/2023-nji ýylyň tomus möwsüminde Antarktidadaky buzuň umumy meýdany (Antarktidanyň tomsy senenamanyň gyş paslyna düşýär) 1,8 million inedördül metre deň boldy, bu soňky 45 ýyldaky iň pes görkezijidir. Bu barada Russiýanyň Arktika we Antarktik...
Türkmenistanyň ilkinji ilçisi Awstraliýanyň General-gubernatoryna ynanç hatlaryny gowşurdy
12-nji martda Kanberra şäherindäki Hökümet binasynda Türkmenistanyň Awstraliýadaky ilçisi A.Baýramow Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory Dewid Hýorlä ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Mil...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi
Şu gün. 16-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde gatnaşdy diýip...
ABŞ-da bitkoin-maýnerlere ekologiýa ýetirilen zyýan üçin 30% salgyt giriziler
ABŞ maýning kompaniýalarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak üçin, olara salgyt salmak isleýär. Ýurduň 2025-nji ýyl üçin býujet taslamasynda olar tarapyndan sarp edilýän elektrik energiýasy üçin 30%-lik salgyt barada punkt peýda boldy.
Häkimiýetler kriptowalýuta maýninginiň ekologiýa ýaramaz täsiri barada alada edýärler. Bu prosess...
Gazagystanyň prezidenti ýurduň gerbini üýtgetmegi teklip etdi
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurduň gerbini üýtgetmegi teklip etdi diýip, Orda.kz habar berýär.
Respublikanyň baştutany döwlet baýdagyny “stil taýdan birkemsiz” diýip atlandyrdy, ýurduň gimni bolsa, onuň pikirine görä, gazagystanlylaryň “gymmatlyklaryny we ruhuny gysbylyk bilen özüne siňdiripdir”.
Ol: “Döwlet gerbi ba...
Bitkoiniň awtory näbelliligine galýar. Kazyýet Kreýg Raýty onuň döredijisi hökmünde ykrar etmedi
Angliýanyň we Uelsiň Ýokary kazyýeti awstraliýaly telekeçi we alym Kreýg Raýtyň Satoşi Nakamoto lakamy bilen gizlenýän bitkoin döredijisi däldigi barada karar berdi. Bu barada The Guardian habar berýär.
Degişli karary kazy Jeýms Mellor çykardy. Ol Raýtyň bitkoiniň ak kitabynyň-da, onuň programma üpjünçiliginiň ilkinji nusgalarynyň-da awtory...
P.T.Andersonyň baş keşpde Di Kaprio bilen täze filminiň çykjak senesi belli boldy
Pol Tomas Andersonyň heniz ady bolmadyk indiki filmi 2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda amerikan prokatyna çykar. Baş keşbi Leonardo Di Kaprionyň ýerine ýetirmegindäki film režissýoryň karýerasynda IMAX formatynda görkeziljek ilkinji film bolar. Bu barada Warner Bros.-a salgylanyp, IndieWire habar berýär.
Filme Di Kapriodan başga-da, Şon Penn,...
Şwarsenegger Roždestwo komediýasynda Santanyň keşbini janlandyrar
Meşhur Golliwud aktýory Arnold Şwarsenegger “Haltaly adam” (The Man With The Bag) Roždestwo komediýasynda baş keşbi ýerine ýetirer. Film Amazon we MGM studiýalarynyň bilelikdäki taslamasy bolar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.
Şwarsenegger Roždestwonyň öňüsyrasynda öz haltasyny ýitirýän Santa-Klausy oýnar. Baýramçylygy halas e...
Mars Ýeriň howasyna we çuň deňiz akymlaryna täsir edýär
Sidneý uniwersitetiniň we Sorbonna uniwersitetiniň alymlary dünýä ummanyndaky çuň deňiz akymlarynyň Marsyň orbitasy bilen sinhronlaşýandygyny anykladylar. Bu barada Nature ylmy žurnalynda çap edilen gözlegde aýdylýar.
Çuň deňiz çökündileriniň seljermesi akymlaryň güýjüniň her 2,4 million ýyldan bir gezek üýtgeýändigini, Gyzyl planetanyň agyr...
Daniýaly alymlar harabalygyň astynda galanlary gözlemek üçin ýylan-robot döretdiler
Daniýaly alymlar gözleg-halas ediş işleri wagtynda barmasy kyn ýerlerde diri galanlary gözläp bilýän ýylan roboty döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar.
Günorta Daniýa uniwersitetiniň (SDU) alymlary tarapyndan döredilen bu enjam ýylanlaryň dar ýerlerde hereket etmekde ulanýan göni çyzykly lokomosiýa usulyny ulanýar.
Robot origami...
Hytaý we Russiýa 2035-nji ýyla çenli Aýda ýadro reaktoryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýärler
Hytaý we Russiýa 2033-2035-nji ýyla çenli Aýa ýadro energiýa enjamyny ibermegi we onuň üstünde işe girizmegi meýilleşdirýärler. Bu wezipäni robot tehniki serişdelerini ulanyp, awtomatiki usulda, Ýeriň emeli hemrasyna adam ibermezden ýerine ýetirmek isleýärler. Munuň üçin zerur tehnologiýalaryň hemmesi eýýäm bar diýip, “Roskosmosyň” başlygy Ýuriý Bo...
Alymlar palçykdan ýasalan gadymy tagtajykdaky syrly ýazgylaryň manysyny düşündirdiler
Arheologlar Ankaranyň 60 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Býüklükaleden tapylan 3300 ýyllyk toýun tagtajygyň syryny açmagy başardylar. Arkeonews-yň ýazmagyna görä, bu tagtajykda bürünç asyrynyň syrly döwleti bolan Hett imperiýasyndaky unudylan söweşi görkezýän hett we hurrit dillerinde ýazylan ýazgylar bar.
Hett ýazgysynda raýat urşy döwrün...
Türkmenistan Tatarystan bilen bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek barada pikir alyşdy
14-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.
Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaş...
ÝTÖB Türkmenistana göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek işlerini dowam etdirmäge taýýar
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak üçin göni daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýar. Bu barada 14-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň ara...