Germaniýanyň ilçisiniň Türkmenistandaky ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlandy

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Bierhof ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýar. 14-nji martda ol Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri we olaryň mundan beýläkki ösüş mümkinçilikleri ara...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatda Panamanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

14-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Panamanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rolando Enrike Barrow Noaddan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi we türkmen tarapynyň ilçiniň diplomatik işini alyp barmakda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Bu barada Türkme...

Dowamy »

228 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Milliarder Bernar Arno Fransiýanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin orden aldy

LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno Fransiýanyň iň ýokary döwlet baýragy - "Uly haçyň" kawaleri derejesinde Hormat legionynyň ordeni bilen sylaglandy. Dabara 13-nji martda Ýeliseý köşgünde geçirildi. Baýragy milliardere respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makron gowşurdy. Bu barada BFMTV teleýaýlymy habar berýär.
Arnonyň sylagla...

Dowamy »

214 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

“Titanik” gämisi gaýdyp gelýär. Onuň nusgasy ummanyň düýbüne giden gäminiň syýahatyny gaýtalar

Awstraliýada 1912-nji ýylda suwuň düýbüne giden “Titanigiň” dizaýnyny gaýtalajak kruiz gämisi gurlar. Gäminiň nusgasy ilkinji gatnawyny asyl “Titanigiň” ýoly bilen amala aşyrar. Bu barada “Daily Mail” neşirine salgylanyp, newdaynews.ru habar berýär.
Taslamany awstraliýaly milliarder Kliw Palmer maliýeleşdirer. Öň, ol täze “Titanigi” gurmak b...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Arktikanyň asmanynda uly ak ýagtylygyň girdaby göründi. Hünärmenler onuň ýüze çykmagynyň sebäbini düşündirdiler

Geçen hepde Arktikada gijeki asmanda hatda ýiti polýar şöhlelenmesiniň öňüni tutan uly ak ýagtylygyň girdaby göründi. Bu barada “Haýtek” neşiri ýazýar.
Galaktikanyň şekilindäki ýagtylyk Transport-10 missiýasy ýerine ýetirilenden soň, SpaceX-iň raketasy tarapyndan kosmosa taşlanan doňan ýangyjyň esasynda ýagtylyk saçýan bulut eken.
4-n...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde dermanlyk ösümliklerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

14-nji martda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Ýokary okuw mekdebiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugal...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ankarada Türkmenistanda geçen möhüm Hökümet mejlisleriniň jemleri maslahatlaşyldy

14-nji martda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynda ýakynda ýurdumyzda geçirilen möhüm Hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy habar berdi.
Bu çärä Türki Dünýäsiniň Ýaşlar gaznasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri g...

Dowamy »

197 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatdaky Hyundai merkezi Palisade we Staria modelleriniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi

Täze ulagyň (ýönekeý gepleşik dilinde aýdylanda “paket maşynyň”) rulunda oturmak duýgusy bu diýseň üýtgeşik duýgy. Zawoddan “ýagy bilen” çykyp gelen ulagyň ysy hem üýtgeşik bolýar. Hyundai kompaniýasynyň Aşgabatdaky resmi distribýutory türkmenistanly awtoulag muşdaklaryny bu üýtgeşik duýgyny başdan geçirmek üçin iň täze modellerini janly görnüşde s...

Dowamy »

205 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryny açdy

13-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
“Lebap” sement zawody 2013-nji ýylyň fewral aýynda Türkmen h...

Dowamy »

235 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenabatda täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenabat şäherinde täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi.
Welaýat merkeziniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän, şäheriň ýaşaýjylaryna niýetlenen 2 sany 4 gatly her biri 18 öýli, 1-nji gaty dükanlardan ybarat ähli amatlyklary bolan...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Lebap welaýatynyň ilatyna 190 sany Toyota kysymly täze awtobuslar we mikro awtobuslar gowşuryldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine 28 ýolagça niýetlenen «Toyota Coaster» kysymly awtoulaglaryň 170 sanysy hem-de 13 ýolagça niýetlenen «Toyota Hiace» kysymly awtoulaglar...

Dowamy »

228 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

BBC: Howanyň üýtgemegi sebäpli ýakyn ýyllarda bananyň gymmatlamagy mümkin

Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýakyn ýyllarda bananyň dünýä nyrhlary ýokarlanyp biler. Bu barada BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Bütindünýä banan forumynyň bilermeni Paskal Lýuwyň sözlerine salgylanýan BBC habar berdi.
Ählumumy maýlama käbir sebitlerde banan ekinleriniň zaýalanmagyna sebäp bolup biler, sebäbi bu miwe temperaturanyň ü...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Kameranyň kömegi bilen gumanoid robota hakyky wagtda telegözegçiligi alyp barmagyň ulgamy döredildi

Karnegi-Mellon uniwersitetiniň (CMU) alymlary adaty RGB kamerasyny ulanyp, gumanoid robota hakyky wagtda telegözegçilik etmegiň ulgamyny hödürlediler.
“Adam-Humanoid” ulgamy operatoryň hereketlerini takyk tanamak we oňa öýkünmek üçin güýçlendiriji okuw algoritmlerini we adam hereketi baradaky maglumatlaryň giň toplumyny ulanýar. Bu adamyň ro...

Dowamy »

232 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy Üçburçluk gallaktikasynda ýyldyzlaryň emele gelişiniň syrlaryny açýar

"Jeýms Uebb" kosmos teleskopy Üçburçluk galaktikasynda, Ýerden 2,73 million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän NGC 604 ýyldyz emele getirýän sebitiň suratlaryny aldy diýip, Space.com-a salgylanýan Hi-Tech habar berýär.
Enjamyň iki kamerasy tarapyndan düşürilen üýtgeşik suratlar - ýakyn we orta infragyzyl diapazonda - ozal näbelli bolan kosmik...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen wekiliýeti Wenanyň Diplomatik Akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

12-nji martda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň direktory Emil Briks bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň öz oňyn, bitarap syýasaty bilen halkara...

Dowamy »

244 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Wenada türkmen-awstriýa işewür hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

12-nji martda türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynda bilelikdäki işewürlik duşuşyklaryny geçirdi.
Türkmen wekiliýetiniň Wena şäherine amala aşyran saparyna ýolbaşçylyk eden wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri saparyň çäklerinde Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen "tegelek stol" görnüşinde pikir...

Dowamy »

236 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanly talyp GDA-nyň iň gowy ýaş alymy boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Baýnazar Nepesow «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy — 2023» atly taslamanyň ýeňijisi boldy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Bu çäre Halkara ýaş alymlar assosiasiýasynyň we «БОБЕК» umumymilli hereketiniň goldawy bilen guraldy.
Taslama Türkmen...

Dowamy »

242 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Alymlar suw ýetmezçiligi meselesini “tans edýän damjalaryň” kömegi bilen çözmegi teklip edýärler

Saud Arabystanyndaky Patyşa Abdylla adyndaky Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (KAUST) alymlary ýaglanan tekizlikde ýygnanýan suw damjalarynyň çylşyrymly “tanslary” ýerine ýetirýändigini anykladylar. "Çiriosyň effektine" meňzeş bu hereket gurak sebitlerde atmosferadan suw ýygnamagy çaltlaşdyrmakda ulanylyp bilner.
Adaty gaty tekizlikde jem...

Dowamy »

246 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Messi Saud Arabystanynyň Sayyar brendiniň ýüzi boldy

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Saud Arabystanynyň Sayyar egin-eşik we aksessuar brendiniň täze ilçisi boldy. Bu barada kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky habaryna salgylanýan “Snob” habar berýär.
Hyzmatdaşlygyň çäginde futbolçy araplaryň milli erkek eşiklerini geýip wideo düşürildi.
Egin-eşikden başga-da, brend ek...

Dowamy »

227 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 73 müň dollara ýetdi

Bitkoiniň bahasy 73 müň dollara ýetdi we şeýlelik bilen, taryhyndaky iň ýokary görkezijini täzeledi. Bu 12-nji martda Binance platformasyndaky söwda maglumatlaryndan belli boldy.
Şeýle-de bolsa, ýokarlanandan soň onuň hümmeti biraz pese gaçdy we 72,286 müň dollara geldi.

Dowamy »

225 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago