Hytaýyň Çunsin şäherinde dünýäniň açyk asman astyndaky iň uly eskalator ulgamy synag tapgyrynda işe girizildi. China Daily neşiriniň habar bermegine görä, bu desga «Zenan hudaý Uşanyň eskalatory» diýen ady aldy. Desga belentligi 242 metr bolan aralygy geçmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi gökdirän binalaryň beýikligi bilen deňdir. Infra-gurluş toplumy şäheriň iki etrabynyň arasyndaky gatnawy ýeňilleşdirmäge gönükdirilip, bu bölekde ýoldaky sarp edilýän wagt bir sagatdan – ýigrimi minuda çenli gysgaldy. Umumy uzynlygy 905 metr bolan ulgamyň tehniki enjamlaşdyrylyşy 21 eskalatordan, 8 liftden, 4 trawolatordan (ýöreýän ýodadan), şeýle hem 2 pyýada köprüsinden we 2 estakadadan ybaratdyr. Desganyň hyzmaty tölegli. Synag döwründe ýolagçy üçin bir gezeklik ýol tölegi 3 ýuan (takmynan $0,4) möçberindedir. Synag tapgyry tamamlanandan soň, ýerli häkimiýet wekilleri toplumy ulanmak üçin bellenen tölegi saklamak ýa-da ýatyrmak barada anyk karar kabul ederler.