Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri esasy harytlar hökmünde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň binýatlyk ýagyny satyn aldy. Şeýle hem daşary ýurtly telekeçilere nah ýüplük, dokma önümleri we ýoduň spirtli ergini ýerlenildi. Bu ugurdaky geleşikleriň umumy bahasy 12 million 258 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Türkmen telekeçileri hem söwdalarda işjeňlik görkezip, içerki sarp edijiler üçin jemi bahasy 44 million 302 müň manatdan gowrak bolan önümleri satyn aldy. Satyn alnan harytlaryň hatarynda binýatlyk ýag, polipropilen, peç ýangyjy («Türkmennebit» döwlet konserni), gazbeton bloklary, bugdaý uny we nah ýüplük ýaly önümler bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir