Hytaý ýokary belentlikde elektrik energiýasyny öndürýän we ony kabel arkaly ýere geçirýän SAWES Type S2000 uçýan ýel turbinasyny synagdan geçirdi. Bu turbiniň ilkinji prototipi 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda görkezilipdi. Şondan bäri modeller ölçegleri boýunça ulaldy we has ýokary belentliklerde işläp başlady. Işläp düzüjileriň aýdyşyna görä, S2000 öz görnüşindäki ilkinji megawatt klasyndaky ýel energiýasy ulgamydyr. Synaglar ýanwar aýynda Siçuan welaýatynyň Ibin şäherinde geçirildi. Turbina takmynan 2000 metr belentlige galdy, elektrik ulgamyna birikdirildi we 385 kilowatt-sagat elektrik energiýasy öndürdi. Bu mukdar ortaça öýi takmynan 13 günläp elektrik bilen üpjün etmäge ýeterlikdir. Gurluşyň uzynlygy 60 metr, beýikligi we ini 40 metr. Turbina umumy kuwwaty 3 megawatt bolan 12 elementden ybarat. Işläp düzüjiler şeýle ulgamlaryň däp bolan ýel turbinalaryna alternatiwa bolup biljekdigine ynanýarlar. Olaryň önümçiligi üçin takmynan 90% az material gerek bolýar we gurnamak üçin beton binýady ýa-da polat diň gerek däl. Ulgam uçuşyň beýikligini awtomatiki usulda ýeliň optimal tizligine sazlaýar. Şeýle hem, SAWES aragatnaşyk, dronlara zarýad bermek we maglumatlary gaýtadan işlemek üçin şuňa meňzeş aerostatlary ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär.