Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapynyň — Ýerden synlap bolmaýan sebitiniň şekillerini ugradyp başlady. Suratlar alymlaryň apparatyň orbitasyna esaslanyp, öňünden çaklan möhletlerinde gelip gowuşdy. Häzirki wagtda görüş burçy heniz 180 gradusa ýetmedik hem bolsa, alnan şekilleriň sag tarapynyň takmynan üçden iki bölegi eýýäm Ýerdäki teleskoplardan gizlin duran Gün sebitini görkezýär. Apparat Günüň garşydaky tarapyny mart aýynyň 20-sinden soň, ýagny orbitadaky ýagdaýy şol bölegi dolulygyyna diýen ýaly synlamaga mümkinçilik berende görüp biler. Gözlegleriň garaşylmadyk netijeleriniň biri bolsa, Gün işjeňliginiň tas bütinleý diýen ýaly ýoklugydyr. Günüň görünýän ýüzünde o diýen işjeň zolaklar ýüze çykarylmady. Alymlaryň bellemegine görä, martyň ikinji ýarymynda Günüň şu asuda bölegi Ýere tarap öwrüler. Şonda synçylar Günüň iň pes işjeňlikdäki ýagdaýyny görüp bilerler. Bu bolsa Günüň aýlawlaryny we onuň Ýerdäki aragatnaşyk ulgamlaryna täsirini öwrenmek üçin möhüm ylmy maglumatdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir