Ata Watan
Si Szinpin döwlet sapary bilen ABŞ-da bolar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 23-25-nji sentýabrda döwlet sapary bilen ABŞ-da bolar. Bu barada HHR-iň DIM-niň metbugat gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Habarda hytaý lideriniň ABŞ-a amerikaly kärdeşi Donald Trampyň çakylygy boýunça barjakdygy bellenýär.
Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
TDH-de habar berlişi ýaly, W.Putin gutlagynda: «Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam edip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyr...
Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
«Geçen ýyl Siziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Týanszin sammitine hem-de ikinji jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatn...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefonda arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Özbegistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden...
Prezident Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna welaýatlarda gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly mese...
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, mähriban halky beýik işlere ruhlandyrmaga, hemişelik Bitarap Watanyň Ýer ýüzündäki abraý-m...
Koreýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
Li Çže Mýon gutlagynda: «Ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň dowamynda geçiren ilkinji duşuşygymyzdan hem-de baý many-mazmunly söhbetdeşligimizden soňra Sizi b...
Lukaşenko Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
TDH-de habar berlişi ýaly, Aleksandr Lukaşenko gutlagynda: «Siziň baştutanlygyňyzda dostlukly Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde we halkara giňişlikde täze üstünlikleri gazandy. Size berk jan...
Täjigistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
TDH-de habar berlişi ýaly, Emomali Rahmon gutlagynda: «Häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bellemek ýakymlydyr. Türkmenistanyň ygtybarly ösüşi, halkara abraýynyň h...
Mişustin Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde Serdar Berdimuhamedowyň şahsy goşandyna ýokary baha berdi
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
«Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşykla...
Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli mähirli gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Siz ýurduňyzyň raýatlarynyň arasynda ýokary abraýa mynasyp bolup, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin yzygid...
Merkezi Aziýa buzluklary ýitirýär
Merkezi Aziýada suw gorlary we buzluklar azalýar. Bu barada Bütindünýä meteorologik guramasynyň (WMO) ylmy-barlaglaryna salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi.
Guramanyň hünärmenleri soňky bäş ýyldaky görkezijileri öwrendiler we olary 1991-2020-nji ýylyň maglumatlary bilen deňeşdirdiler. Hünärmenlik bahalandyrmasyna laýyklykda, Täjigistanyň, Özb...
Türkmenistanda howanyň gündizlerine +28 gradusa çenli salkynlamagyna garaşylýar
Hepdäniň dowamynda Türkmenistanda howanyň temperaturasy +37 gradusa çenli yssy bolar, dynç günlerine ýakyn bolsa dowamly peselmegine garaşylýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Aşgabatda açyk bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +30... +35 gradusdan +35... +37 gradusa çenli, gijelerine bolsa +17......
Tokioda golaýlaşyp gelýän «Duszýuan» deňiz tupany sebäpli 450 uçuş ýatyryldy
Ýaponiýanyň paýtagtynyň Haneda we Narita howa menzillerinde golaýlap gelýän güýçli «Duszýuan» deňiz tupany sebäpli uçuşlaryň 461-si ýatyryldy. Bu barada TASS habarlar agentligine salgylanýan «khowar.tj» habar berdi.
Deňiz tupanynyň merkezi Hosnýu adasynyň ýuwaş umman kenarýakalarynyň merkezinden günortada ýerleşýär. Ol 25km/sag tizlik bilen...
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
Sergini muzeýiň medeni-magaryf bölüminiň müdiri Döwletmyrat Rejepow açdy. Çykyş edenleriň arasynda Türkmenista...
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Lahor Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan kabul edişlikde çykyş etdi
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabat şäherindäki «Serena» myhmanhanasynda Lahor Söwda-senagat edarasy (LCCI) tarapyndan Pakistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň Ilçileri üçin gurnalan «Ambassadors’ Dinner 2026» çäresine baş myhman hökmünde gatnaşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň ilçi...
Hytaýdaky dokma kärhanasynda ýangynda sekiz adam gurban boldy
Hytaýyň günortasyndaky Guandun ülkesiniň Foşan şäherindäki dokma fabriginde dörän ýangynda azyndan sekiz adam pida boldy, bir adam ýaralandy. Bu barada «Belta.by» habar berdi.
Ýangyn ýekşenbede gündiz döredi. Wakanyň beýleki jikme-jiklikleri habar berilmeýär.
Aşgabat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyynyň 35 ýyllyk baýramyna, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýurduň ähli künjeklerinde ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Aşgabat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň giň köçeleri, gözel şaýollary we kaşaň binalary...
Ermenistanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan ýakyn wagtda Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan kabul edişlikde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, sapar iki ýurduň arasyndaky syýasy gepleşikleri dowam etdirmek we amaly hy...
Ermenistan bilen Türkmenistanyň haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň 7 aýynda 35 million dollardan geçdi – ilçi
Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda 35,95 million amerikan dollaryna ýetip, 2025-nji ýylyň jemi görkezijisi bolan 36,5 million dollara golaýlady. Bu barada Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan kabul...
Ermenistan Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandyna ýokary baha berýär – ilçi
Ermenistan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandyna ýokary baha berýär — diýip, Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan aýtdy.
«Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Ermen...
Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga çagyrdy
Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan ermeni we türkmen halklaryny baglanyşdyrýan umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga çagyrdy.
«Ermeni we türkmen halklarynyň taryhyny baglanyşdyrýan taryhy-medeni miras ýadygärlikleri hem aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň arasynda Argawand obasyndaky XV asyra degişli türkmen emirleri Garagoý...
Agajanow: Türkmenistan bilen Ermenistanyň hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalanýar
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy, muňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça dowam edýän özara saparlar, duşuşyklar we maslahatlaşmalar şaýatlyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow belledi.
«Türkmen halkyny...
Russiýanyň MST-i Döwlet Dumasyna saýlawlaryň jemleriniň gutarnykly yglan ediljek senesini habar berdi
Russiýanyň Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň gutarnykly jemlerini 25-nji sentýabrda yglan eder. Bu barada MST-niň başlygy Ella Pamfilowa habar berdi diýip, TASS ýazýar.
20-nji sentýabrda Russiýada Döwlet Dumasynyň IX çagyrylyşynyň deputatlarynyň, gubernatorlaryň we sebit parlamentleriniň saýlawlary tamamlandy. Ol üç gün dowam etdi.
Se...
Bangladeşde gazly ballonlar partlap ýedi adam heläk boldy
Bangladeşiň Dakka şäheriniň eteginde birnäçe ýük ulaglarynda gazly ballonlaryň partlamasy netijesinde dörän güýçli ýangynda azyndan ýedi adam pida boldy, 13 adam ejir çekdi diýip, «Sinhua» agentligi habar berdi.
Şäheriň etegindäki Aşuliýa etrabynyň polisiýa bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Tarikul Yslam ýapyk furgonla...