Ata Watan
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýolbaşçylaryny ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana, ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlary...
Halk Maslahatynyň Başlygy durky täzelenen Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýpli döwrebaplaşdyrylan we täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ondaky desgalar we atlaryň saklanyş şertleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ýer togalagynyň we onuň üstünde ýerleşdirilen taýçanag...
Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde ýerleşýän desgalary gözden geçirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we saklamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Saparynyň dowamynda ol bu ýerdäki ýollaryň we çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny gözden geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
...
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen wekiller, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini...
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
16-17-nji sentýabrda Tokioda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy üpjün etmek, strategik kommunikasiýalar we kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanan sebit seminary geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Seminaryň işine Merkezi Aziýa...
GAR-da mpox ýokanjynyň ýaýraýandygyny habar berdiler
Günorta Afrika Respublikasynda (GAR) soňky 5 hepdede mpox ýokanjynyň (maýmyn mamasynyň) 13 adama ýokuşandygy hasaba alyndy. Bu barada «Anadolu» agentligine salgylanýan «news.by» habar berdi.
Ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi 17-nji sentýabrdan bäri bu keseliň 18 adamda tassyk bolandygyny we ýene bir adamda çak edilýändigini habar berdi. Kes...
BMG dünýäde ilkinji bolup Türkmenistanda G-PESTLE usulyýetini synagdan geçirmäge girişdi
BMG-niň Türkmenistandaky ýurt topary dünýäde ilkinji bolup «BMG-Zenan» düzümi tarapyndan işlenip taýýarlanan strategik çaklama üçin täze gural bolan — G-PESTLE usulyýetini synagdan geçirmäge girişdi. Bu barada un.mission.gov.tm saýty habar berýär.
G-PESTLE — geljekde ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri we täze mümkinçilikleri öňünden kesgit...
Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa boýunça geçirilen olimpiadanyň jemleri jemlendi
18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen biologiýa boýunça olimpiadanyň milli tapgyrynyň jemleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Olimpiadanyň netijeleri...
Türkmenistanly mugallymlar häzirki zaman bilimi boýunça geçirilen halkara maslahatda çykyş etdiler
Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Wajyp meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly maslahata türkmenistanly alymlar we bilim işgärleri onlaýn görnüşinde çykyşlary etdiler. Ylmy-amaly maslahaty Russiýanyň Tebigy bilimler akademiýasynyň (RANH) professory hem-de Alymlaryň, mugallymlaryň we hünärmen...
Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçirilýän Aziýa oýunlarynda çykyş edip başladylar
Türkmen türgenleri 19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde açylan we 4-nji oktýabra çenli dowam etjek XX tomusky Aziýa oýunlarynda çykyşlaryna başladylar.
Oýunlaryň açylyş dabarasy 19-njy sentýabr agşamy «Mizuho Park» stadionynda geçirildi. Bu Ýaponiýanyň taryhynda 1958-nji ýylda Tokioda we 1994-nji ýylda Hirosimada geçirilen Aziýa oý...
Saud Arabystany umra zyýaratynyň toplumlaryny onlaýn sargyt etmek hyzmatyny işe girizdi
Saud Arabystanynyň Haj we Umra ministrligi zyýaratçylara tassyklanan üpjün edijilerden umra toplumlaryny onlaýn sargyt etmäge mümkinçilik berýän «Direct Umrah» atly sanly hyzmaty işe girizdi. Bu barada 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda ýaýradylan maglumatda habar berilýär.
Hyzmat Saud Arabystanynyň çäginde eýýäm bolýan zyýaratçylar, şeýle-d...
Türkmen samboçylary Duşenbede geçirilen Sambo-2026 boýunça dünýä kubogynda 4 medal gazandylar
Türkmen ýygyndysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 19–20-nji sentýabrda geçirilen Sambo-2026 boýunça dünýä kubogynda dört medal gazandy.
2026-njy ýylyň halkara sambo senenamasyndaky esasy ýaryşlaryň biri bolan bu ýaryşa Awstraliýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Gondurasyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň...
MASEM-iň ýardamy bilen sekiz ýaş hünärmen «Green University» ýokary okuw mekdebine kabul edildi
Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama ofisi sekiz ýaş hünärmene we uçurymyna Merkezi Aziýanyň daşky gurşawy we howanyň üýtgemegini öwrenmek boýunça uniwersitetine («Green University») okuwa girmäge ýardam berdi. Olaryň dördüsi magistratura, ýene dördüsi bolsa bakalawr maksatnamalaryna kabul edildi.
18-n...
Birža söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 93 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Özbegistan, Gazagystan hem-de Türkiýe Respublikalaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan we Beýik Britan...
Şwesiýanyň iň beýik dagy kiçelýär
Şwesiýadaky Kebnekaýse dagynyň günorta beýikligi buzlugyň eremegi bilen baglylykda, boýuny ýitirýär. «Azertaj» agentliginiň habar bermegine görä, her ýylky ölçemelere görä, öň beýikligi deňiz derejesinden 2088,3 metri düzen bu dagyň boýy bir ýyl öňküden 10 santimetr kiçidir.
Stokgolm uniwersitetiniň Tarfala ylmy barlag bekediniň maglumatlary...
Halk Maslahatyna gatnaşyjylar Aşgabada geldiler
Düýn Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada ýurduň welaýatlaryndan ildeşleriň uly topary geldi. Olar ähli amatlyklary özünde jemleýän «Aşgabat» hem-de «Sport» myhmanhanalarynda ýerleşdiler. Ýurduň dürli künjeklerinden gelen dili senaly ýaşulularyň, kanun çykaryjy häkimiýetiň we syýasy partiýalaryň agzalarynyň, beýleki ug...
Sebitleýin okuw merkezinde gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça okuw sapagy geçirildi
16 — 18-nji sentýabr aralygynda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Türkmenistandaky sebitleýin okuw merkezinde (BGG-niň Türkmenistandaky SOM) «Gümrük çygrynda töwekgelçiligi dolandyrmaklyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak» atly üç günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa: Hazarüs...
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy diplomatlaryň arasynda futbol duşuşygyny geçirdi
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharestiň Politehniki uniwersiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ýurtda akkreditirlenen ilçihanalaryň wekilleriniň arasynda dostlukly futbol duşuşygyny geçirdi.
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy diplomatlaryň arasynda futbol duşuşygyny geçirdi
Çäre Türkmenistanyň Garaşs...
Russiýanyň Tomsk oblastynda aýynyň hüjüminden iki adam pida boldy
Russiýanyň Tomsk oblastynyň Kolpaşýew raýonynda iki erkek kişi aýynyň hüjüminden heläk boldy, olaryň jesetlerini ýerli ýaşaýjylar tokaýdan tapdylar. Bu barada RF-niň sebit derňew edarasyna salgylanýan TASS habar berdi diýip, «belta.by» ýazýar.
18-nji sentýabrda ýerli fermanyň 44 ýaşly işçisiniň ady tutulan etrabyň Sewer obasynyň golaýyndaky...
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we gel...
Rebeka Grinspan BMG-niň ýolbaşçysynyň deslapky saýlawlarynda öňde barýar
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşindäki deslapky ses berlişikde Baş sekretaryň wezipesine dalaşgärleriň arasynda iň köp ses alan ÝUNKTAD-yň başlygy Rebeka Grinspan boldy diýip, guramadaky çeşmelere salgylanýan TASS habar berdi.
Grinspanyň saýlawlara gatnaşmagyny goldap, HG-niň agzalarynyň dokuzysy ses berdi, bäşisi garşy çykdy,...
Türkmen žurnalistleri Hytaýda metbugat saparynda boldular
Şu ýylyň 12 – 16-njy sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Fuszýan prowinýasynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri metbugat saparynda boldular.
Saparyň dowamynda žurnalistler Sýamen deňiz senagaty ýokary tehnologiýalar parky, «Ýuýszýan Minan» adyndaky syýahatçylyk toplumy, Ninže şäherinde «Garyplyk...
Türkmenistanly talyplara BAE-de doly talyp haky bilen okamak teklip edilýär
BAE-niň Şarja emiratyndaky Global Studies University daşary ýurtly dalaşgärlerden, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryndan magistratura we doktorantura maksatnamalary boýunça arzalary kabul edip başlady. Okuw 2027-nji ýylyň güýzünde başlar.
Ýokary okuw mekdebi gumanitar we sosial ylymlary, şol sanda dil bilimi, taryh, syýasat we halkara gatna...
Google-yň emeli aňyny hem saklap bolmady: ol synag wagty üç kompaniýanyň ulgamyna girdi
Google kompaniýasy Gemini modeliniň kiberhowpsuzlyk boýunça mümkinçilikleri barlanýan mahaly üç sany hakyky kompaniýanyň ulgamlaryna girendigini habar berdi. Bu barada kompaniýa BBC News-a mälim etdi.
Model internetde köpçülige açyk maglumatlary tapyp, gerekli hasapdaky maglumatlary kesgitlemegi başardy. Soňra şol maglumatlary synagyň bir bö...
Mane dogduk obasyny ösdürmäge we iş orunlaryny döretmäge $20 mln maýa goýdy
«Liwerpulyň» öňki hüjümçisi, häzirki wagtda «Al-Nasr» klubunda çykyş edýän Sadio Mane öz watanynda uly taslama badalga berdi. Senegally futbolçy öz dogduk obasy Bambalide bahasy 20 million dollara deň bolan ägirt uly oba hojalyk toplumynyň gurluşygynyň başlanýandygyny yglan etdi.
SM10 Agro adyny alan kärhananyň düýbi eýýäm tutuldy, gurluşyk...