Adidas kompaniýasy futbol klublarynyň häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finala çykmak üçin pleý-off oýunlarynda ulanjak resmi topuny hödürledi. Top ak reňkde bolup, ýaryşyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ýyldyz nagyşlary bilen bezeldi. Bu gezek ýyldyzlar kümüşsöw reňke eýe boldy we bu çözgüt Çempionlar ligasy üçin resmi topy üpjün ediji hökmünde Adidas bilen UEFA-nyň hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Täze topuň dizaýny 2000/2001-möwsüminde ulanylan modelden ylham aldy. Topuň ýüzi kiçiräk ýyldyzlardan relýef bilen örtüldi, onuň özünde bolsa hyzmatdaşlygyň ýubileýini görkezýän ýazgy ýerleşdirildi. Ýyldyzlaryň gyrasy melewşe reňkde ýerine ýetirildi, bu bolsa Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň derejesini we abraýyny görkezýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir