Halkara futbol federasiýasy (FIFA) TikTok-y 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçirilýän döwründe sosial ulgamlarda wideokontent ýerleşdirmek üçin birinji «esasy platforma» diýip yglan etdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga we ýaryşy şöhlelendirmegiň netijesinde ony dünýädäki janköýerler üçin has elýeterli etmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde TikTok janköýerler we kontent döredijiler üçin esasy platforma bolup, ýaryşdan eksklýuziw we özboluşly materiallary hödürlär. FIFA-nyň resmi media hyzmatdaşlary sosial ulgamlarda oýundan bölekleri göni ýaýlymda görkezip, saýlanan wideolary ýerleşdirip we federasiýa tarapyndan taýýarlanan ýörite kontenti ulanyp biler. Teleýaýlym kompaniýalary ýaýlymdan we wideokontentden pul gazanmaga mümkinçilik berjek gurala eýe bolar. Şol bir wagtyň özünde, TikTok FIFA-nyň intellektual eýeçiligini ogurlykdan we bikanun ulanmakdan goramak boýunça syýasaty girizmäge borçlanar. Şeýle-de, kontent döredijiler türgenleşik proseslerine, metbugat maslahatlaryna we FIFA-nyň arhiwlerine elýeterli bolar. Bu bolsa blogerlere we žurnalistlere federasiýa bilen hyzmatdaşlykda has ýokary hilli we gyzykly kontentleri döretmäge mümkinçilik berer.