BYD kompaniýasy diňe korporatiw müşderiler we taksi parklary üçin niýetlenen täze Linghui («Linhueý») brendini işe girizýär. Brendiň ilkinji modelleri barada maglumatlar Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň bazasynda hödürlendi. Täze hatarda kiçi model Qin Plus EV sedanynyň köne wersiýasyna esaslanan Linghui e5 bolar. Elektromobil ýönekeýleşdirilen dizaýna we 136 at güýjüni berýän hereketlendirijä eýe boldy. Awtoulagyň iň ýokary tizligi sagatda 130 km bilen çäklenýär. Batareýa barada maglumat entek ýok. Model hatarynda ortaky orny täzelenen logotipler bilen BYD e7-niň ady üýtgedilen wersiýasy Linghui e7 eýeledi. Onuň tehniki bölegi 136 a.g. kuwwatly hereketlendirijini we 48 ýa-da 57,6 kWt/sag sygymly akkumulýatory öz içine alýar. Ulagyň geçýän menzili 520 km çenli. Flagman roluny BYD Han EV ulagyna esaslanýan Linghui e9 aldy. Bu elektromobil 204 at güýjüne çenli kuwwatly hereketlendiriji bilen üpjün edilýär. Batareýanyň hem 60,5 kWt/sag sygymly bolmagyna garaşylýar. Elektromobiliň geçýän menzili, takmynan, 500 km bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir