Baýramyňyz mübärek bolsun!

Bugün Baýram! Mübarek Remazan Baýramy. Bütin ynsanlar biri-birine hasam ýakynlaşsyn, öýke-kine aradan aýrylsyn, dostluk we doganlyk duýgylary has hem kuwwatlansyn. Ynsanlar huzur we bagtlylyk deňizinde ýüzsün!

Bugün begenç güni, gaýgy-aladany bir ýana goýup baýram edeliň. Remezan baýramyny baýram şekilli ýaşalyň!
Baýramyňyz...

Dowamy »

1008 0
Köneler, 6 years ago


Hoş gal, Remezan - Batyr Hojaýew

Nebsimizi öñümize düşürip,
Bu durmuş ýolunda biz kän utdurdyk.
Sen geldiñ, kän zatlar öwredip, nebsiñ
Jylawyny elimize tutdurdyñ.

Panynyñ owadan gylawna garşy,
Sen bize bagyş etdiñ, hiç eremez añ.
Öwreden zatlarña Tañryýalkasyn,
Aýlaryñ soltany beýik Remezan!

Seniñ kömegiñ bile...

Dowamy »

1115 0
Köneler, 6 years ago


Batyr Hojaýew - Bu gün-erte senden geler SMS

--Bu gün-erte senden geler SMS--
Diýip dilenip ýön, şo-ol gedaýlygym.
Düşünermiş dertlä-dertli, mese-mes,
Sen halymy añmazmykañ, aýlygym?!

--Meñzeşmi näme biz, halyñ bilere--
Diýip umydyma çekmegin gubar.
Tapawudam kän däl, pul bilen gulda,
Ýekeje tapawut "p" bilen "g" bar.

--T...

Dowamy »

1080 0
Köneler, 6 years ago


ŞYHYMYRAT ABDYLLAÝEW - DAÑ ÝYLDYZY (Poema) (2-nji bölüm)

ŞYHYMYRAT ABDYLLAÝEW - DAÑ ÝYLDYZY (Poema)
(2-nji bölüm)

Ýeňi ýoluk garyplar
Atan baýyñ taýymy?!
Her kim bilip otursyn
Oturmaly jaýyny!

Ýañkalaşyp durjak däl,
Gep gutardy señ bilen.
Çagyr, hany, gyzyñy,
Indi gürrüñ oñ bilen.

Gyzyñ giren mahaly
Gel...

Dowamy »

1023 0
Köneler, 6 years ago


Şyhymyrat Abdyllaýew - Daň ýyldyzy (poema) 1-nji bölüm.

(Poemanyñ sýužetine 19-njy we 20-nji asyryñ sepgidinde bolan pajygaly bir waka esas edilip alyndy)

Gözel ýazy ýitirip,
Ganat gerip her ýanda,
Ýas eşikli gargalar
Uçup ýörler asmanda.

Olaryñ zaryn çykýan
Sesleri misli matam.
Nä günler ötdi başdan
Gowgaly türkmen atam!

Dowamy »

955 0
Köneler, 6 years ago


Gülälek Hezretgulyýewa bilen söhbetdeşlik.

Men şu söhbetdeşligi taýýarlamak üçin TÜRKMEN OWAZY teleýaýlymyna tarap ýola düşdim. Telewideniýäniň girelgesinde garşylan Gülälek Hezretgulyýewa bilen biziň aramyzdaky bolan gysgaça hal-ahwal soralşygyndan soñra biz esasy doredijilik sohbedimize geçdik.

MEN: - GÜLÄLEK DOGAN, SUNGAT ÝOLUNA GELŞIÑIZ DOGRUSUNDA AÝDYP BERSEÑIZ...

Dowamy »

1928 0
Köneler, 7 years ago


Seýitmyrat Geldiýew - Ses

Lowlan wagty duluklarym,
Gözlerimiň gyzmasy bar.
Maňlaýdaky çyzyklaram,
Elim bilen çyzmadym-a.
             
Suw köp aksa, daşam gidýär,
Ýaşap ýörseň, ýaşam gidýär,
Ertir gelip agşam gidýän,
Ho-ol, Günüňem jyzmasy bar.

Mähir islär her kim bolsa,
Bermelisin ber kem bolsa...

Dowamy »

1280 0
Köneler, 7 years ago


Çary Ýegenmyradow - Soňky söz

Bu höwes erkime goýmady meni,
Indi men şoňa-da ýetmäge taýyn.
Bagta tarap barýan iň soňky ýoly
Tapdym 17-nji gününde maýyň.

Bu gün bir üýtgeşik gün boldy, gökde
bulutlar meňzeýär bölegne kamsyň.
Ol meniň iň soňky ykbalym
ýöne
men mawy asmana bakýaryn gamsyz.

Ýaşaň siz, a...

Dowamy »

1142 0
Köneler, 7 years ago


Kerim Gurbannepesow - Daglar we Adamlar

Endam-janyn asyr dişän daglara –
Iň azyndan milliard ýaşan daglara
Garry diýmän, ýaş diýmegmiz nämeden?
Emma welin ellä ýeten adama –
Ýaňy aýny pellä ýeten adama
«Garry» diýip at goýmagmyz nämeden?

Ömürlik ýaş dünýä döredýän adam,
Asyrlaň düýbüne seredýän adam
Milliard ýyl geç...

Dowamy »

982 0
Köneler, 7 years ago


Kakamyrat Rejebow - Ömre deň ahwal

Ýüreginde buýsanç, elinde—gazet,
Şatlygyn buşlara göz aýlap herýan.
Darajyk köçäniň gyrasyn syryp,
Çepiksije oglan ylgaşlap barýar.

Çap bolupdyr ilkinjije goşgusy,
Bu ahwal oň üçin bir ömre deňdi.
«A-how, çyn şahyr şu» diýenlerinde,
Soňsuz şatlyk onuň kalbyna eňdi.

Ah, şahyr dä...

Dowamy »

1150 0
Köneler, 7 years ago


Jelaletdin Rumy - Hökümdar hem halypa hakynda hekaýat

Ýurduň hökümdary günleň bir güni
Öz halypasyndan soranmyş şuny:

«Kemiň bolsa iýmek-geýmek babatda,
Maňa duýduraýgyn ýagdaýyň hakda.

Halypa şeý diýen: «Eý, keremli şa,
Meniň üçin batma gaýgy-endişä,

Iki sany gul bar meniň elimde,
Olar ykbalyňy çözýär seniň-de!»

Ş...

Dowamy »

1200 0
Köneler, 7 years ago


Berdinazar Hudaýnazarow - Gün

Dünýä döräli bäri
Ýagtyldyp dur dünýäni,
Ýyladyp dur dünýäni.
Dünýä bereket sepip,
Gülledip dur dünýäni.

Men Gündürin diýenok.
Güjeňlänok özüni.
Sylap talap edenok,
Çekdirenok näzini.

Adam öýkünip bilse,
Öýkünere nusga bar.
Diňlemäge dana bar,...

Dowamy »

1037 0
Köneler, 7 years ago


Gurt Garanyň ugurtapyjylygy

Mary iliniň obalaryndan bolan Gurt Gara Watançylyk urşunyň ilki ýyllaryndaky yza çekilşige gabat söweş meýdanyna barýar. Komandirleri «Soldatlaryň ýazýan hatlaryndan bu ýeriniň ilaty ýagdaýmyzy bilmesin» diýip hemme iberilýän hatlary hökman barlamaly edýär. «Yza çekilýäs», «gaçýas» diýen ýaly ýazgylar ýazmazlyklary üçin edýän ekenler.

Dowamy »

1050 0
Köneler, 7 years ago


Ahmet Halmyrat - Tymsal

Gumry janawerden:
-  Sen näme üç agajy çatyp höwürtge ýasanyp oňaýýaň? - diýip sorapdyrlar. Şonda ol:
- Bu ýalançy dünýä şo-da köpdür - diýenmiş.

Dowamy »

1008 0
Köneler, 7 years ago


Şekspir we saýawan ussasy

Bir saýawan ussasy öz düzen goşgusyna baha bermegini sorap Şekspire hat ugradypdyr.
Şekspirden gelen jogap:
- DOSTUM! SEN SAÝAWAN ÝASA, SAÝAWAN ÝASA, ÝENE-ÝENE SAÝAWAN ÝASA!!!

Dowamy »

1117 0
Köneler, 7 years ago


Degişme

1980-nji ýylda Moskwada geçen tomusky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edýän SSSR-iň birinji sekretary L.I. Brežnow elindäki ýazgysyny okamaga başlaýar:
- O, O – diýýär we oturanlara seredip ýene okap başlaýar:
- O, O, O – diýip kömekçisine seredýär. Kömekçisi ylgap gelip şeýle diýýär:
–Bagyşlaň Lionid Iliç, bu...

Dowamy »

1799 0
Köneler, 7 years ago


Alym we atbakat (tymsal)

Bir alym köpçülikde çykyş etmek üçin uly zala gelýär. Emma öňki hatarda oturan ýeke bir atbakar diýäýmeseň, zalyň içi boşdy.

"Ýeri, men çykyş etmelimi ýa-da ýok?" diýip, ýaňky alym pikir etdi we atbakardan sorap görmegi makul bildi.

-Senden başga bu ýerde hiç kim ýok. Nähili pikir edýäň, men çykyş etmelimi?
-Me...

Dowamy »

1094 0
Köneler, 7 years ago


Berdinazar Hudaýnazarow - Kelle we ýürek

Men bu gün ýaplanyp ýatan ýerimde
Diňe öz-özümi diňläp oturdym.
Kelle diýdi:
— Kän zatlary gazandym,
Ýürek diýdi:
—Kän zatlary ýitirdim.
 
Kellä kakdym:
—Ýeri näme gazandyň?
Kelle diýdi:
—Dünýä akyl ýetirdim.
Ýürek diýdi:
—Ana, şonuň üçin-de,
Aýdý...

Dowamy »

1166 0
Köneler, 7 years ago


Çary Aşyrow - Ermeni gyzy

Nirde sen, eý, Nina, ermeni gyzy,
Gezsem taparmykam bütin Soýuzy!

Ol gün ýel ösýärdi tozdyryp gary,
Top oky ýagýardy, ýanýardy däri.

Agaçlar burjulap, suwlar doñupdy,
Beýnim sarsyp, ýüzüme gan eñipdi.

Gulak eşidýärdi, göz görmeýärdi,
Iki elim ganly gary sermeýärdi.

Dowamy »

2201 0
Köneler, 7 years ago


Çary Ýegenmyradow - Ine, dogan geler...

Ine, dogan geler; — Dirimiň? — diýer,
Ynanmaýan ýaly ýaşap ýörenme.
Men: «Şükür» diýerin
                   begenerin-de,
Bu gün ýene aman-esen örenime.

Ol papagny bir gapdala taşlar-da,
Soňsuz nesihata başlar ýene-de.
/Biz ikimiz başga-başga adamlar,
Döresegem bir ata, bir eneden/.<...

Dowamy »

1173 0
Köneler, 7 years ago


Gabrystandan geçeňde töwir galdyrmak hakynda

Türkmençilikde däp bolup galan käbir edim-gylymlar bar. Şolaryň käbirleriniň aňyrsy hökman Pygamberimiziň s.a.w. hadysy ýa-da ulamalaň tabşyryp geçen, halanan, maslahat beren işleri bolup çykaýýar.

Aýratyn türkmen halkymyzyň aňyna berk ornan ýagşy gylyklaň birem öwliýäň (gabrystanyň) ýanyndan geçeňde aýat okap, sogabyny ýatanlaň ruhu...

Dowamy »

1501 0
Köneler, 7 years ago


Magtymguly Myşşyýew - Garrylar gerek

Adamyň dokuzy düzüm bolanda,
Doýma ýok ýene-de onunjy gerek.
Emma onunjyda dokuza taýlap,
Iň soňky dem üçin küýseýär ýürek,
Ýaşlaň arasynda garrylar gerek.

Goý, öwünibersinler ýaşlygyn ýatlap,
Şolam biziň üçin kömekdir-kömek,
Garrylar ýaşlar deý umytly bolsun,
Göwni çaga bolsun, turand...

Dowamy »

2729 0
Köneler, 7 years ago


Kakamyrat Rejebow - Erkinlik nury didäm

ERKINLIK - NURY-DIDÄM»
           Çagalyk ýatlamalary

                   I

Ömrümiň gözbaşy, bissimillasy,
Heý, ýatdan çykarmy, eziz çagalyk.
Kejirlik gol berip garagolluga,
Dünýämizde sürerdiler agalyk.

Ýadymda, bir günem elimiz torly,
Garaz, eýdip-beýdip tapyp ugrun...

Dowamy »

993 0
Köneler, 7 years ago


Çary Ataýew - Poeziýa

Seni Beýik saýyp ýalñyşdymmy men,
Görjek bolup Sende diñe gowlugy?
Ýa Señem içiñde garalyk bilen
Göripligiñ bolmaklygy dogrumy?

Men Seni durmuşyñ depesi saýdym,
Diñe Tañra aýan saýdym durkuñy,
Senden bir çümmüjek ýetse-de — baýdym,
Sende gördüm ýaşaýyşyñ görküni.

Bu içigaralyk,...

Dowamy »

1073 0
Köneler, 7 years ago


Kerim Gurbannepesow - Bela

Meniň bir tanşym bar: adyn aýtjak däl.
Tapawudy näme – Meretmi, Kuly.
Wezipesi näme – onam aýtjak däl,
Tapawudy näme – kiçimi, uly.

Alýan aýlygy-da biziňki ýaly.
Hut biziňki ýaly aýagy, eli.
Ýöne bizden birje tapawudy bar –
Köpmüşin puly.

Nireden alýarka? Onam biljek...

Dowamy »

1264 0
Köneler, 7 years ago