(Poemanyñ sýužetine 19-njy we 20-nji asyryñ sepgidinde bolan pajygaly bir waka esas edilip alyndy) Gözel ýazy ýitirip, Ganat gerip her ýanda, Ýas eşikli gargalar Uçup ýörler asmanda. Olaryñ zaryn çykýan Sesleri misli matam. Nä günler ötdi başdan Gowgaly türkmen atam! Galagoply çal zemin Gandy çaýkanyp ýatan. Şaldan geýdi der döken, Ýüpekden geýdi ýatan. Kenaryna çykmady Däli derýañ gomlary. Aýrylmady kalbyndan Halkyñ gaýgy-gamlary. Barlylar eşek münse Bedew bolup çapypdy. Garyplar bedew münse Garaklaryn gapypdy. Gögerýärdi baýlaryñ Kesewiden nahaly. Ýeñi ýoluk garyplañ Gyş bolýardy bahary. Göze bakyp aýdylýan Sözde ýokdy hakykat. Yzlasañ ýol-ýoda-da, Yzda ýokdy hakykat. Ot içinde döreýän Mähir bilen söýgiden, Ahmyrly ot çykýardy, Uçgun alyp gaýgydan.                            ***** Ynha, turkmen hakynyñ Gadymy bir obasy. Çekilýärdi her öýde Garyplygyñ nalasy. Şu obaly Atan baý Dynçdy beýle gowgadan. Aladasyz dem alyp, Ýördi dury howadan. Ençe müñe ýetirdi Dowarlaryn, mallaryn. Aga-ýana otlap ýör Tutup çölüñ gollaryn. Ine, şeýle adamyñ Bardy assylly gyzy. Alty ganat ak öýde Atan baýyñ ýalñyzy. Nohta ýaly dört örüm Saçlaryn öñe taşlap, Asylly gyz Aýjemal Otyr tahýa nagyşlap. Hyýalynda aşygy Gezim edýär seredip. Obadaşy şol ýigit Ýör kalbynda ýer edip. Olar ogryn duşuşýar Günde ýa-da günaşa. Gün gyzaryp batanda Alkyş aýdýar kuýaşa. Biri-birne düşünýär Söz çykmanka dahandan. Iki arzuw birigýär Gözler ýiti bakandan. Yhlasyndan söýginiň Ýürek syzlan mahaly, Aýan bolýar arzuwlar Diller sözlän mahaly. Otyrkalar bir gezek Söhbet-söze gyzygyp, Geçip gitdi bir ýylan, Aý nuruna tazygyp. Şo ahwalat gözeliñ Göz öñüne gelende, Nagyş salýan iññesi Ýara goýdy elinde. Titireýän Aýjemal Tutdy basym özüni. Çetde goýup tahýany, Kakyşdyrdy dyzyny. Turup, garsa gujaklap, Ejesiniñ boýnundan, Mährine jaý tapyndy Mähribannyñ goýnundan. Hawa, gyzyñ ejesi Kökenekdi yzynda. Kül örten öz söýgisi Çoglanypdy gyzynda. Ak güni az ýyllarda Orun eýläp gijelik, Biri-birniñ yzyndan Geçip gitdi tijenip.            ***** Atan baýyñ öýünde Şeýleräkdi ahwallar. Bu gün sawçy getirdi Kirşenli gara ýollar. Aryp gelen sawçylar Atlaryndan düşdiler. Öýe girip, halynyñ Üstlerine geçdiler. Çaýdan-çörekden soñra Orta nahar aldylar. Galyñ nyrhy barada Uly dawa saldylar. Atan baýa perzent däl, Diñe baýlyk gerekdi. Baýlyk-bary oñ üçin Içindäki ýürekdi. Bir sagadyñ içinde Çözüldi gyz ykbaly. Baý olary ugratdy, Dileg edip ak ýoly. Ertesi ol ýanyna Aýalyny çagyrdy. Aýjemalyñ ejesi- Dursun gapydan girdi. Aýalyna Atan baý Diýdi:--gùrrùñ bar saña. Terbiýe ber gyzyña, Menden buýruk, bar,saña. Düýnk gelen myhmanlar Barly ýeriñ sawçysy. --Onda boldum diýsene Jigerbendiñ awçysy. --Ýok,awçysy däl onuñ, Gözleýän oña bagty. Heleý, oñly bolmarsyñ Tersime gitseñ gaty. --Jan kakasy, neressäm Söýýämiş bir ýigidi. --Näme diliñ çeýneýäñ, Çakýan ýaly çigidi. Aýt, ýogsam sograryn Diliñ kömekeýinden. Meniñ üçin bary bir, Dynarsyñ öz demiñden. --Meret agañ ogluny- Muhammedi söýýämiş. --Heleý, ýene diýsene Şoñ ugrunda köýýämiş. (1-nji bölümiň soňy, dowamyny indiki ýazgyda paýlaşarys)

Köneler, herchemenden tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir