Adamyň dokuzy düzüm bolanda, Doýma ýok ýene-de onunjy gerek. Emma onunjyda dokuza taýlap, Iň soňky dem üçin küýseýär ýürek, Ýaşlaň arasynda garrylar gerek. Goý, öwünibersinler ýaşlygyn ýatlap, Şolam biziň üçin kömekdir-kömek, Garrylar ýaşlar deý umytly bolsun, Göwni çaga bolsun, turanda gamak, Bize gýüç-kuwwatly garrylar gerek. Bilmezlikdenmi ýa garagollukdan, Durmuşda eýläňde bir işi telek, Garrylar käýýese kineli bolmaň, Ýene-de ugruňda şolar janserek, Bize şol jan köýer garrylar gerek. Ilimden-günümden daş bolsun gussa Toýuň-baýramyň hem il bilen gerek, Juwanlar baýramyň gelşigi bolsa, Garrysyz söhbetem gurakdyr-gurak, Toýa bezeg berýän garrylar gerek. Goňşyňa uzadyp, goňşy okara, Oň bilen bolmaga mydam duz-emek, Görmeýän zadyňa gözüň açmaga, Bilmeýän zadyňa bermäge kömek, Maňlaýy gasynly garrylar gerek. Köpe ýarap duran ner ogluň bolsa, Ýene gyzyň bolsa boýlary derek, Ikisem ynjytman eziz saklasa, Şolara ýaş dileýän uzakdan-uzak, Dilleri senaly garrylar gerek.

Köneler, herchemenden tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir