Lowlan wagty duluklarym, Gözlerimiň gyzmasy bar. Maňlaýdaky çyzyklaram, Elim bilen çyzmadym-a.               Suw köp aksa, daşam gidýär, Ýaşap ýörseň, ýaşam gidýär, Ertir gelip agşam gidýän, Ho-ol, Günüňem jyzmasy bar. Mähir islär her kim bolsa, Bermelisin ber kem bolsa, Dişim näçe berkem bolsa, Ýüregimden syzmasy bar. Göter, göwnüm göwünleri, Soň tapmarys bu günleri, Berk daňsagam düwünleri, Soňra ony çözmesi bar, Aňsad-a däl dünýäň şerti, Wah, bagtyňam ýetik derdi, Durmuş maňa kän zat berdi, Bergileňem üzmesi bar. Geňeşi ýok döreýşimiň, Maksady bir göreşimiň, Dünýä şaýat görejimiň, Gabaklarny süzmesi bar. Keýpin bilseň bu sulhumyň, Eýesi ol uly humuň, Şatlygymdan meň ruhumyň, Käte çykyp gezmesi bar. Sal el ýazar, sol bihabar, Barýanymdan ýol bihabar, Eger sesimi duýsalar, Galamymyň çyzmasy bar. Üsti gülli beýik alaň, Gezseň hezil aýakýalaň, Ýöne käte alakalaň, Ýer astyndan gazmasy bar. Ýagşa ýaran pursatymda, Gel, perişdäm dur sagymda, Sebäbi meň gursagymda, Bagtyň uly gaznasy bar.

Köneler, herchemenden tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir